Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden, Yshkyñ oýny gechiren bolsa chenden, Soramaly wagty soraman senden, Ykbal sazym chalan bolsam, bagyshla?! Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe, Gahar-gazap dolan bolsa gözüme, Ýürekden syzdyryp aýdan sözüme, Ýersiz-ýere gülen bolsam, bagyshla?! "Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim, Manysyzdyr sensiz gechen günlerim, Bahar pasly saña bogan güllerim, Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyshla?! Ýene saña söýgi getirdi ýazym, Ýa sen zalym, ýa-da zalym meñ özüm. Men sebäpkär bolup köldäki gazyñ, Asman sary galan bolsa, bagyshla?! Diñe Alla herki ishde penakär, Özge hich zat edip bilmez günäkär, Bu söýgide bolup özüm günäkär, Ýüregiñi alan bolsam, bagyshla?!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir