Ak galanyň aşagy Ejem salar düşegy Ejem öýden çykanda Men ejemiň köşegi Aşak-aşak bakaýyn Dokma darak kakaýyn Men ejemi görmesem Erik bolup akaýyn Çykdym çynar başyna Göz aýladym daşyma Elimde gülgin ýalyk Gönderdim gardaşyma Gardaş maňa nar iýber Ýok dýyme-de bar iýber El degmedik ýalykda Gün degmedik gar iýber Çuňňir guýa daş atsaň Çümer gider eje jan Ýat iýllere gyz berseň Ýiter gider eje jan Ýat iýller ýaman iýller Oturtmady tagtymda Gara golaň saçymy Daratmady wagtynda Gülli käse içinde Çaýym galdi Eje jan Ala ýorgan içinde Jaýym galdy Eje jan Sogan başi solanda Soldy diýgin Eje jan Deňim-duşym gelende Öldi diýgin Eje jan Elbukjama-elbukjam Derýadan geçen bukjam Derýanyň ownuk daşy Ýeňňemiň galam gaşy Ýeňňem gelsin göreýli Alyn saçyn öreýli Alyn saçy kem bolsa Bahajygyny bereýli Bahasy para-para Iýçinde goşa nara Goşa narym üzildi Çil- ýüpege düzüldi Çil ýüpek perde-perde Her perdesi bir ýerde Ýagşy kyz(gyz) ýaman ýerde Men ýanaýyn şu derde Iýr säher oýanypsyň Boýny şabaza meňzeş Doganyň gelýä diydiler Kyş günim ýaza meňzeş Ekin ekdim garabaş Arpa- bugdaý aralaş Doganym bir gyz söýipdir Uzyn boýly galam-gaş Suwa gitdim sanjakly Sanjagy serpinjekli Tur boýuňa döneýin Al ýaşyl bürençekli Läle kakasym gelýär Duwme dökesim gelýär Dessem boýly ejeke Seni göresim gelýär Bu daglar bolmasaýdy Geýenym solmasaýdy Bir ölüm bir aýralyk Hiçisi bolmasaýdy Gayra- gayrada galdy Peýkamarada galdy Bizi görjek doganlar Bizden gayrada galdy Elymden iňňäm gaçdy Bilmedim niräk düşdi Deňim-duşym ay gyzlar Aramyza dag düşdi.
Läleler
-
Gradmuha
13 years ago
- Хммм
-
Aygull
13 years ago
- Tuweleme :-)
-
ALADIN
13 years ago
- ata babalarymyzdan,gelin gyzlarymyzdan gelýän türkmen halkynyñ läleleri.
Men düzemok.;)
-
littil
13 years ago
- hany onda gyzlar läle kakalyň aladin läle ýazypdyra. men birinjy başlaýyn
ak galanyň aşagy
ejem salar düşegy
ejem öýden çykanda
men ejemiň köşegi
läle läle lälejan
aýdyň gyzlar lälejan.
-
idealman92
13 years ago
- haý berekellalar!
-
littil
13 years ago
- idealman arasynda şeýdip berekellasyny ýetirip dursaň daş ederislaý.
-
ALADIN
13 years ago
- Oglan bolup lälele kakmana go$ulaýyn littil :):D sebäbi bärde gyzlar azlyk etýär..:D
Aşak-aşak bakaýyn
Dokma darak kakaýyn
Men ejemi görmesem
Erik bolup akaýyn
Läleläle lälejan
.. . ..
-
littil
13 years ago
- aladin bolmanna şu kupledini aýdaýmalyda.
gülli käse içinde
çaýym galdi eje jan
ala ýorgan içinde
jaýym galdy eje jan
king1992 13 years ago- $ahyrlyk ukyby bar dostum sende@: