Şaylanmayynmy Ömre ygtybar yok, jana durum yok, ahyret esbabyn şaylanmayynmy? Bende men, bararga başga yerim yok, dilegim özünden eylemäyinmi? Yaranlar, yetme yok subhan syryna, açsa yolum, yetsem dost eserine. Ryyazatny yükläp nebsim şütürne, yhlasym inderip baglanmayynmy? Yoklukda yandyryp menligin sagyn, eşkimden suwarsam nistligin bagyn, ajayyp deryaga jeset matagyn bölüp, rahzenlere paylamayynmy? Aby-towpyk yuwdup jesedim nawun, hümmet bilen ötsem ybadat zawyn, ruhum guşun besläp, nebsimiñ awyn pikir meşesinde awlamayynmy? Magtymguly, ne bar içmek iymekden. Jan jesetden gider, et hem süyekden göz görmekden galar, til hem diymekden, tilim tebrendikçe söylemäyinmi? Ryyazat-endik etmek,öwrenmek nistlik-yokluk rahzen-talañçy zaw-geçit, jülge meşe-jeññel

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir