Iň gowy mugallym – ene-atadyr! Ne mekdep, ne ỳokary okuw jaỳy, ne-de başgalarynyň beren dini terbiỳesi “Men berjaỳ edemok, emma çagamyň dini öwrenmegini, ile peỳdaly bir adam bolmagyny isleỳärin.” diỳen müňlerçe ene-ata ỳalňyş bir pikir içindedir. “Makul we çäkli zehinli bir ene- ata tarapyndan terbiỳelenmek, dünỳäniň iň ỳokary derejeli terbiỳeçisi tarapyndan terbiỳelenenden has gowudyr” diýýän bolan meşhur mugallym J.J.Rousseaunyň pikirlerinden ỳol alyp hakykatda çagalaryň iň gowy mugallymyň ene- atalardygyny aỳdan Uludag Uniwersitetiniň Ylahyỳat bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳ, çagadaky dinin duỳgy we düşünjäniň ösmeginiň aslynda maşgaladan alan dini terbiỳesidigini aỳdỳar. Geçirilen gözleglerde, çaga has köp täsir eden ene-atanyň hereketleridigi orta çykaryldy. Maşgalanyň gowy hereketleriniň çaga gönüden-göni täsir edişi ỳaly, çaganyň dini häsiỳetleri-de maşgalanyň içinde kemala gelỳär. Dini berjaỳ edỳän maşgalanyň, ỳagny dindar maşgalanyň çaganyň maşgalasy dini öwrenmeginde öňde gelỳär diỳen Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳa görä, ybadatlaryna üns berỳän maşgalanyň çagalary-da ybadatlaryna üns berỳär. Çaga berlip biljek iň esasy zat: “Allany söỳüp ybadat eden adamlar bolmagydyr” diỳen Prof. Dr. Mehmet Emin Aỳ “Meselem, çaga Alhamyň türkmençe manysyny oňa düşündirip bilsek, çaga namaz kylanda manysyna düşünip kylar.” Biz bu günlerde ene-atasyndan gorkmaỳan çagalaryň namaz kylmaỳanyny görỳäs. Diỳmek biz, bulara söỳgüni öwredip bilmändiris. Biz çaga Alla, pygamber söỳgüsüni öwredenlere berekella!” diỳdi. Mükremin Albaỳrak / Mürsel Çetin İstanbul – Konya Bir aỳal: Dogry sözläň! Eỳ, iman edenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň, sebäbi şeỳle etseňiz, Alla edeniňizi ugruna eder we günäňizi bagyşlar. Kim Alla we resulyna uỳsa, gurularlar. (Ahzab, 70 – 71)

Köneler, Selman tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir