Söýgi hakda, berdim kän sowal, Jogabyn berdiler, her dürli mysal. Belki sizden jogap taparyn Söýgi näme, duýgymy, arzuwmy, wysal?! Söýgüden ýananlar aýtdy: Söýgi - bu bir aldawaç! Söýgüden bagtlylar aýtdy: Söýgi - bu bir buýsanç!! Söýgüñ nämedigni görmedik aýtdy: -Siziñ bu soragñyz, örän gülkünç?! Söýgüñ nämedigni görýänler aýtdy: Söýgüñ - müñ gapysy bar, birje açary. Shol açary tapmakda ish bar Eger tapmasañ, duruber dashary! Bir ishiginden ätlediñ, yza kyn bolar, Asla yza seretmän, ýöräniñ galar. Gözüñ görsede, gözli körsüñ sen, Diñe ýeke sözi eshdýän, kersiñ sen! Söýgi bir ýylda hem, döräp bilýändir, Söýgi bir günde hem, döräp bilýändir. Ynansañ söýgi diýlen zat: Bir sekuntda hem, döräp bilýändir. Bir ýylda döresin, isle bir sekunt, Söýgi päk bolýar, ýeketäk bolýar. Ýöne shol söýgüñe ýetmek üçin Köplenç, güzaplar çekmeli bolýar. Ýanyp duran ot bol, küle öwrer, Eger öñ kül bolsañ, güle öwrer. Islese ol seni gula öwrer Köýnek deý bezärde, soñam çöwrer. Otly köýnek geýdirip, üfläp söndürer, Bashyñdan her hili, mushakgat indirer. Humar deý oýnar, bashyñ aýladar Alyp gazana oklar, ýakyp gaýnadar. Gaýnarsyñ, bishersiñ, birde sowarsyñ, Ýüregiñ buza döner, diliñem duza. Keýpiñ ýokdur, meñzäp hyrsyza Birde-de güldürer, öwrülip ýaza! Goshulyp saza, zowladyp aýdyma, Gygyrarsyñ: "Geregim men seni söýdümä!" Däli derýa deýin, joshup akarsyñ Dep kakyp, tans edip, göwün açarsyñ! Söýgi sheýleräk bolýar, meniñ pikrimçe, Belki bashgaçarakdyr, siziñ pikriñizçe. Shu temany hem, shoñ üçin açdym Agzalar ýazyñ, öz bilshiñizçe! Isle goshgy bilen ýazyñ, islede ýöne, Pikirñiz ýaýyñ, söýgi barada. Camryñ ynsanlara, arzuw-dilegi Hemmeler söýgüde, ýetsin myrada!
Söýgi näme?!
-
Abadan
13 years ago
- “söýgi näme?” diýdim şahyra
garap.
şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
diýdi: “sorag bar-da, jogap ýok
yşka,
jogap bir başgadyr,
söýgi bir başga!”
-
Camry
13 years ago
- Jogap ýokmy indi bashga,
Aýdýan bolaýsa käshgä?!
Añyrsyna ýeten, bardyra belki
Söýgi diýen belent köshge!
Söýgi sheýle, inçe syrlymy,
Onuñ ýollary, dürli-dürlimi?!
Azashdyryp, her ýan ýöredip
Örtülen duman deý, ümürlimi?!
-
Senem
13 years ago
- Søýgi hakda nåme jogap diýeýin
Diýýåler bolmasa bu ýalançy dar.
Hemmesin aýdypsyñ diñe bize galýan:
Awtor go$gy û/n size MINNETDAR !
Kuraldyshy 13 years ago- Ey walla,camry her haysy söygüde tejribesizdirin.yöne goşgy üçin kööp minnetdar,berekella galamyñ hasam yiti bolsun.yazan goşgularyñy hökman paylaşyp dur