Essalawmaleýkim gadyrdan(gadyrsyraýan) doganlar,dostlar we uýajyklar.çuññur hormatlanýan talyplar.com yñ mähriban agzalary,hanymlar we jenaplar,sizde möhüm bir towakga bilen ýüz tutmakçy bolýaryn:özüñize göwnüñiz ýetýän bolsa,eger-de bilýän bolsañyz,igenç sözleri ýazman dänim,doly we dürst döwlet gimnimizi we watançylyk kasamymyzy (türkmenistanyñ raýatlary üçin) ýazyñ(ýazaýyñ-da) $u a$ak
Kasam we gimn
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Sagja bol "erbet adam".kasama gara$ýan agzalar.
-
sahett
13 years ago
- kuraldyshy,adam bol inim yene men yigrenji gorunmankam.Sanada sag bol
-
turkmenntug
12 years ago
- TÜRKMENISTANYŇ KANUNY –
Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda
| Bölüm: 1-njy Bukja,Adalat we
Hukuk,Kanunlar
Ata-babalarymyzyň milli däplerini
özünde jemleýän Türkmenistanyň Milli kasamy Garaşsyz we Bitarap
Türkmenistanyň halkynyň wepadarlygyny hem mertligini
görkezýär.
Şu Kanun Türkmenistanda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwletine
döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolan Türkmenistanyň
Prezidentine kasam etmegiň
düzgünlerini belleýär hem-de
Türkmenistanyň Milli kasamyny
ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.
1-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamyny şu mazmunda tassyklamaly:
Eziz Türkmenistan – ata Watanym,
Gurban bolsun saňa bu janym-tenim!
Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem,
goý, meniň elim gurasyn!
Eger-de men saňa dil ýetirsem,
goý, meniň dilim gurasyn!
Eger-de men Türkmenistan Watanyma,
Türkmenistanyň Prezidentine
Dönüklik etsem,
Goý, meniň ömrüm kül bolsun!
sahett 13 years ago
Garaşsyz we baky bitarap türkmenistanyn döwlet gimni
halkyn guran beýik
binasy
Berkarar döwletim, jigerim —
janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur,
Türkmenistanym!
Janym gurban sana, erkana
ýurdum
Mert pederleň ruhy bardyr
könülde.
Bitarap, Garaşsyz topragyn
nurdur
Baýdagyn belentdir dünýan
önünde
halkyn guran beýik
binasy
Berkarar döwletim, jigerim —
janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur,
Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller
Owal-ahyr birdir bizin ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz
siller
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Halkyn guran beýik
binasy,
Berkarar döwletim, jigerim —
janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur,
Türkmenistanym!
Arkamdyr bu daglar, penamdyr
düzler
Ykbalym, namysym, togabym,
Watan!
Sana şek ýetirse, kör bolsun
gözler
Geçmişim, geljegim, dowamym,
Watan!