Adamyň oňat niýetde, ýagşy düşünjede bolmagy onuň ýaşaýşa bolan oňyn garaýyşyny art­dyrýar. Hatda, durmuşda şadyýan, göwnaçyk ýaşamaklyga-da uly ýardam berýär. Belki, şo­nuň üçin, “Amallar niýetlere görä” diýilýändir. Alymlar bolsa, oňat niýetde bolmagyň ýüregiň sagdyn bolmagyna peýda berýändigini ylmy taýdan barladylar. Olar 2 müň 800 ýüregagyryly adamyň arasynda sowalnama geçirdiler. So­walnamanyň iň esasy soragy bolsa olaryň bu kesel barada geljekdäki pikiri boldy. Sowalnama alnandan soňra hassalar 15 ýyllap göz astynda saklandy. Netijede, geljek bara­da ýagşy düşünjede, oňyn pikirde bolanlaryň bolmadyklara garanyňda, has sagdyn bolýan­dygy anyklandy. Bular barlaga gatnaşan hassalaryň 30 göteriminden ybarat boldy. Bir zady gözel görmek, gözel düşünjeleri döredýär. Gözel düşünjeler bile bolsa, durmuşdan lezzet alyp ýaşap bolýar. Bu ylmy barlag hem şuny, hem-de ata-babalarymyzyň “Ýagşy niýet- ýarym döwlet” diýen pähimli sözleriniň nä derejede dogrudygyny has aýdyň görkezýär.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir