Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebit-rinde geçiripdir Magtymguly başlangyç terbiýäni öz kakasyndan alýar. Şahyr ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde bilim alýar. Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, ýöne talyplaryň bozuklygy, ony bu medresäni taşlamaga mejbur edýär. Magtymguly Hywadaky Şir-gazy medresesinde okap bilim alýar we öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär. Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar. Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir. Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adam-dyr. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl- paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir. Magtymguly, takmynan, 1783-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DURMUŞ WE DÖREDIJILIK ÝOLY
-
samat
13 years ago
- ýetireniňe sag bol sähet,ýatlap durmasaň unudulaýýaram.
bir mollum(weýisow) meňliniň kod bolup hyzmat edendigini öňe sürdi,ol meňi bir şahyr we ol gyz bilýär.magtymguly yaly şahyr beyle açyk saçyk şygyrlar ýazmaz diyip."suwdan ot çykýana"-da ot ýaly çagaň emele gelmesi,hindistanda ummanda gd.dan dogan gün,hazar deňzinden çykyp suw yüzünde yanan gaz ýaly düşündirişler eşidipdim
-
samat
13 years ago
- we magtymgulynyň goşgularynda mary,ahal,daşoguz,oguz han,gorkut ata,alp arslan,jelaletdin...ýaly şahsyýetler juda az(käbiri hiç yok),emma bu eflatun...("san bolsam" goşgysy)degip geçýär.nähili düşündirişler bar?
-
Nechka94
13 years ago
- magtymgulyn her soygi setirlerinde dogrydanda ayrytyn bir uly many bar. Men pikir etyan magtymgulyn dowrunde dini zatlar yazmak gadagandy. Sol sebaplem magtymguly ozun alla bolan, dine bolan soygusini su sekilde yazdymyka diyan. Magtymguly uly pir bolan adam. Ol demirlerin asmana ushjagyny, ayal gyzlaryn sherap ishjegini bilipdira. Yada bolmasa duysh diyen sygyryny alyp gorelin yatyrka duysune perisdeler gelip alyp gitya. Buzatlary magtymguly gormedik bolra torlama yazmazdy.
-
Nechka94
13 years ago
- dogry aytyan samat
-
Nechka94
13 years ago
- kabir maglumatlara gorade magtymguly buhara medresesini doly okayar diyilip bellenyar. Yone kakasynyn aradan cykanlygy sebapli ol yzyndaky masgalasyna seretmeli bolup sirgazy medresini doly tamamlaman taslamaly bolyar. Bu barada pyragy ozunin 'gozel sirgazy'diyen sygrynda bellap gecyar.
-
samat
13 years ago
- gylyç kulyýew"magtymguly"-okamadyklara
-
sahett
13 years ago
- janyn saglygy samat gozyetimin ginligi bildiryara
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol Sähet han. Häzr ishde.öye barsam teswirjikler ýazaryn bu yazga.
sahett 13 years ago- taryhyny yatlap durun size geljekde taryh hokmunde yatlanarsynyz
(sahett)