Edil düýn ýalydy, Ýaňy ýalydy, Sagadyn dillerin rehimsie towlap, Seň ýanyna duşuşyga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyň asuda köçelerinden Kä öňe ýörärdik, kä yza bakaýa. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň. Bu erde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyň, Men bolsa çepe, Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan, Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile. Gitdim şol duşuşan ýermize bakan. Tolkun atdy göz öňümde yene-de Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakan. Birden ýüregime çümdi-de gitdi, Iňňän ujy ýaly rehimsiz ünji, — Seň bilen duşuşyp bilmänime däl, Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin. Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn, Öçügsi ýyldyzlar öçül asmanda. On bäş ýyl! On bäş ýyl! Ýaňy ýalydy. Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta,
Edil duyn yalydy
-
enesh91
13 years ago
- sagbol sahet... menin shahyra bolan soygum oran uly. men ona hemmeler yaly uly sarpa goyyan!
-
sahett
13 years ago
- sanada sagbol menem sarpam uly sahyra.gosgysy yonekeyden manyly
-
littil
13 years ago
- sahett gowy goşgy sposiba. ýene şular ýaly temalaryňa uly häwes bilen garaşýan.
sahett 13 years ago- Gurbannazar Ezizowyn gosgusy