Bir pukara ýaş ýigit Käbäniň daşyndan aýlanyp, şeýle dileg edýär: “Eý Käbäniň eýesi! Men bir garyp pukara. Saňa ýalbarýaryn. Şu Beýti-Şerifiň hormatyna meni garyplykdan dyndar, maňa öýli-işikli bolmaga ýardam ber. Haj möwsümi boýunça bu dilegini gaýtalan garyp ýigit bir gije ýene-de şeýle dileg edip, daş çykanynda bir gapjyk tapypdyr. Açyp görse, gapjygyň içi altyndan doly eken. Ýigidiň ýüregi gobsunypdyr. Ol içini gürledip: - Ine, eden dilegim kabul boldy. Öýlenip, öýli-işikli bolmak üçin indi ýeterlik pulum bar- diýipdir. Ýöne wyždany welin onuň bilen razylaşmandyr. Wyždany: - Ýok. Bu pul seniňki däl. Saňa halal däl. Eýesine hökman gowşur – diýýärmiş. Şol pursat bir garry gojanyň perýady eşidilipdir. - Içi altyndan doly gapjygymy ýitirdim. Tapan, gören ýokmudyr, adamlar? Ýigit wagt ýitirmän gojanyň ýanyna ylgap barypdyr: - Al, ýaşuly. Ine pullaryň - diýip, gapjygy goja uzadypdyr. Goja gapjygyny eline alyp, içindäki altynlary sanap çykypdyr. Altynlaryň ählisi tükel eken. Goja puly gowşuran ýigide nazaryny dikip: - Maňa gapjygymy getirip bereniň üçin saňa ýüz dinar bersem alarmyň?- diýip sorapdyr. - Ýok, gerek däl. - Onda, elli dinar bersem, ony hem almazmyň? - Ýok, ol hem gerek däl. - Onda sen näme isleýärsiň, hany aýt? - Men özüm ýaly gullardan hiç zat hantama däl. Men Allahdan isleýärin. Allah berse, ondan alaryn. Goja bu ýigidiň kanagatlylygyna, onuň haramdan gaça duruşyna haýran galypdyr. Goja şol ýerden daşlaşan bolupdyr-da, ýigidi garama-gara yzarlap başlapdyr. Goja ýigidiň ýaşaýan öýi, durmuşy barada gyzyklanypdyr. Onuň şeýle kyn şertlerde ýaşaýandygyna garamazdan, haramdygy sebäpli eline düşen ummasyz puly almaýşyna haýran galypdyr. Bir gün ýigidiň öýüne garry bir kempir gelip: - Oglum! Sen bu ýerde ýalňyz halda nähili ýaşaýarsyň?- diýip sorapdyr. Ýigidem öz durmuşyny gürrüň beripdir. Garry kempir ony üns bilen diňläninden soň, oňa şeýle maslahat beripdir: - Meniň henize deňiç nätanyş erkegiň ýüzüni görmedik ýeke gyzym bar. Kabul etseň, ony saňa nikalap bermegi makul gördük. Biz seniň ýaly halaly-haramy seljerip bilýän, päk niýetli giýew duşaýsa diýip dileg edip ýördük. Ýigit boýnuny burup: - Ýöne, daýza jan. Men garyp ýigit ahyry. Ne pulum bar, ne-de gelin getirer ýaly ibaly öýüm - diýeninde, garry kempir şeýle jogap beripdir. - Oglum! Seniň öýüň hem bar, puluň hem. Hany sen meniň yzyma düş. Garyp ýigit geň galyp, garry kempiriň yzyna düşüpdir. Esli salym ýöränlerinden soň olar bir köşgüň gapysyna gelip ýetipdirler. Ýigit görse, Käbäniň ýanynda gapjygyny ýitiren hälki garry goja gapyda duran eken. Goja ýigide şeýle diýipdir: - Oglum! Geň görüp oturma. Men Käbäniň daşynda aýlanýan wagtym “Eý Beýik Biribar! Meniň ýekeje gyzymy seniň emriňe sadyk, dindar ýigide nesip et. Haramzada duşurma” diýip dileg edýärdim. Men dilegim kabul boldy. Gözleýän ýigidimiň sendigiňe güwä geçýän waka hem şol ýerde bolup geçdi. Ynha meniň päk ýürekli gyzym. Ynha bu-da ikiňize berýän jaýym. EnşAllah sen meniň gyzymy halarsyň. Eger teklibimize razy bolsaň, bizi begendirersiň. Ýaş ýigit goja bilen razylaşypdyr. Ol dogrulygy sebäpli bagtly durmuşda ýaşapdyr we dogrularyň hemaýatçysynyň Allahdygyna magat göz ýetiripdir.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir