1860-njy ýylda Ahal hany Nurberdi hanyñ häkimligi yokary göterilýär. Häli-shindi çozup, Türkmeni talap duran alamançylaryñ aýagy kesilýär. Çünki Türkmeni talamak üçin uly güýç bilen gelmeseñ, indi ol ýüz atla, iki ýüz atla eýgertjek däldi. Shonuñ üçin bolsa gerek, Eýranyñ Bejnurt hanlygynyñ häkimi Ybraýym han hem Nurberdi han bilen birek-biregiñ üstüne dökülmezlik, birek-biregi talamazlyk dogursynda ylalashyga gelýärler. Bu syýasy waka, goñshy ýashaýan iki halkyñ, ýagny Eýranyñ Shadilli taýpasy bilen Türkmeniñ Ahal ilatynyñ arasyndaky parahatlyga güwä geçýärdi. Köpetdagyñ güneý tarapynda ýashaýan Shadilliler bilen Köpetdagyñ kölgeý tarapynda ýashaýan Türkmeneriñ arasynda indi öñki ýaly häli-shindi çaknashyk bolup durmaýar. Shonuñ üçin il içinde asudalyk aralashdy. Emma weli, ozüne göwni ýetýän Dykma serdar bir gün öz ýigitlerini dashyna ýygnap, olara sheýle diýýär: -Ỳigitler, Nurberdi han bilen Ybraýym han shertnama baglashypdyr. Ỳöne biz shonda-da Nurberdi-den gyzyldan gizlin alamançylyga gitmeli bolýarys. Ynha, dänim, öñümiz gysh. Gysh güni hurshluk mal, palawa atar ýaly kishmish, hurma ýaly zatlar edinmeli. Busup ýatsañ zat bolmaz. Shertanama baglanyshsa Nurberdi han baglashypdyr. Biz baglashamzok! Ynha, sho maslahatdan soñ Dykma serdar atlylary bilen Eýranyñ Bejnurt hanlygynyñ çetki obalarynyñ biriniñ üstüne dökülýär. Emma Dykma serdar özüniñ 10-12 nökeri bilen ýesir düshýär. Ybraýym han Dykma serdar dagyny zyndana tashlaýar. Köp wagtlap olaryñ yzyndan baran bolmaýar. Çünki, öñ öz aralarynda shertnama bolansoñ Nurberdi han Ybraýym hana hiç hili sala salmaýar. Özüni äsgermänligi üçin Dykma serdara käýinýär. Ahyry Nurberdi han Shükür bagshynyñ ýanyna baryp sheýle diýýär: -Bagshy, bolmasy bir ish bolupdyr. Ötüki, Dykma serdar kakabashlyk edip alamana gidipdir. Üstesine-de ýesir düshüpdir. Meñ-ä ýüzüm ýok töwella gitmäge. Sebäp öñ barmak basyp shertnama baglashypdyk, Ybraýym han bilen, indi men nädip oñ gözüne görneýin. Ol maña: "heý, keçe telpek Türkmen, sizde heý ygrar bolmazmy? Düýn dälmidi birek-biregiñ üstüne dökülmeli däl diýip, shertnama baglashanmyz. Hany o shertiñ nirä gitdi?" diýer. Sheýdibem üstümden güler. Shoñ üçinem men-ä hanyñ gözüne görünmäge utanýan, nä ýüzüme baraýyn. Gepiñ küle ýeri, näme diýsene, Shükür bagshy, men senden towakga edýän, Bejnurda sen töwella gidäy. Ỳogsa-da sen öñem käte Ybraýym hana saz çalyp berip gaýdýardyñ ahyry. Geçen ýaz Bagdat gyzyna öylenen-de, seni toýuna çagyrypdy. Señ ýüzüñden geçip bilmez. Hawa Dykmany sheýdip boshadaly. Ỳogsam zeýli zyndanda gözüni garaldyp oturandyr o peläket. Gaýrat et-de, olary boshadyp alyp gel. Nätse-de özüñki-dä. Ỳogsam-a ylalashyk barka beýdeni üçin garagyñ çyksyn diýäýmeli welin... Hany gaýrat et-de bu gün-erte ugra bakaly. Ine shu maslahatdan soñ Shükür bagshy Bejnurt hany Ybraýym hanyñ üstüne gidýär. Baryp, habaryny aýdanda Ybraýym han ör-gökden gelýär. Iki sany beýik hanyñ ylalashygyny bozup, talaña geleni üçin Dykma serdara agyr jeza berjekdigini aýdýar. Nurberdi hanada gatyrganýar, galmagal edýär. Shükür bagshy tä han kösheshýänçä sesini çykarman oturýar. Ahyry ardynjyrap ýuwashja gepleýär: -Ybraýym han diýýän-ä, meñ-ä zarym bar, zorum ýok. Sebäp günä bizde. Wadany bozan biz. Ỳöne näme, Dykma serdaram bir yñdarma adamda. Ỳogsam iliñ hany möhür basyp, äht edensoñ her kim edenini edip ýörse bolmaz ähbetin. Ỳöne indi bolmasy ish bolupdyr. Nätse-de ylalashykly çözmeli bor bu düwüni. -Ylalashykly, çözmeli bolsa, bagshy ýigit, Dykmañyzy zyndandan boshatmak üçin agyr salgyt tölemeli bolarsyñyz. -Aý, han aga, salgyt meseläñizi goýaweri. Öñem ilde zat ýokdur. -Onda sen nähili çözmekçi bu meseläni, hany aýt-da, meñ ýerime özüñ bolsañ näderdiñ? -Nätjegimi bilemok han aga, ýöne men bir tymsal aýdaýyn. Sholam saña ýarasa gerek. Han bilesigelijik bilen owsundy. -Hany aýt, o nä tymsalmysh? -Aýtsam Bejnurt soltany, men señ adyñy kyýamat ahyry bolynça ýytmez ýaly etjek. Ynsanyýet näçe ýashasa, señ adyñam şonça ýashar ýaly etjek. -O nähilli meñ adymy müdümilik ýashar ýaly etjek? -O my, señ adyña bir saz döretjek. Ana, sholam señ adyñy ömürbaky il içinde tutular ýaly eder. Ỳöne maña birki gün puryja ber. Özem asuda bolsun. Adam maña päsgel bermesin. Han töweregine göz aýlady-da: -Bolýa, señ dieniñ bolsun - diýdi. Üç günden soñ Shükür bagshyny hanyñ huzuryna getirdiler. -Ỳeri, Shükür bagshy, hany, üç günde name ish bitirdiñ. Aýt, göreýli. -Han aga, öñat saz döretdim. Adyna-da "Ybraýym shadilli" diýdim. Hawa, Ybraýym-a öz adyñ. Shadilli señ taýpañ ady. Ybraýym han diýsemem bolardy weli, ýöne Ybraýym shadilli bolanda has gowy bolar. Hemmä mälim bolýar. Han ähli aýallaryny, çagalaryny ýanyna çagyrdy-da, durshy bilen gulaga öwrüldi. -Hany, çal onda sazyñy.
Ybraýym shadilli
-
ADALATLY
13 years ago
- yegen, men mirasymyz. gayrat etde shunuň cheshmesini görkezsene. aslynda shukur bagshy dal-de amangeldi gönibeg diyip bilyadim men. adalatlyń telefonynda yazdym.
-
Yegen
13 years ago
- ine Mirasymyz
-
Yegen
13 years ago
- Mirasymyz menem shuña haýran galýan, belki dogrudyram!
Shükür bagshy bilen Amangeldi gönibek ikisem Gökdepede dogulýar. Ýöne Shükür bagshy ýash wagty Dushaga göçüp gelýär, we shol ýerde-de ömrüni ötürýär.
Amangeldi gönibek bilen ol dost eken, gatnashar eken. Shükür bagshy göçüp gaýdansoñ toýlarda wagtal-wagtal Amangeldi gönibek bilen dushushar eken.
Amangeldi gönibek ömrüniñ ahyryna çenli Gökdepe galasynda ýashaýar, we Gökdepe galasyndaky urushda ok degip wepat bolýar. Amangeldi gönibek Gökdepe galasyny goraýjylaryñ biridir. Nurberdi han Amangeldini gaty gowy görer eken, ony nirä gitsede ýanyndan aýyrmandyr. Ol Nurberdi hanyñ sazandasy bolup gezipdir. Amangeldi gönibek dilede çeper adam bolupdyr, ol märekäni diñe aýdym-saz däl, gyzykly gürrüñler bilenem hezil bermegi basharypdyr.
Indi Shükür bagsha dolanyp geleli. Shükür bagshyñ doglan ýylyny bilemok, ýöne ýogalan ýyly 1928-nji ýyl. Indi biziñ ýokardaky aýdýan wakamyz bolsa 1960-njy ýyllary öz içine alýar. Shükür bagshy bolsa shol wagtlar gaty ýash bolmaly onda, bolsa 20-30 ýash aralygy. Eger shol waka dogry bolsa onda Shükür bagshyñ ýashy 90-ndan geçip ýogalan adam bolmaly!
-
Yegen
13 years ago
- 1960-njy ýyllary öz içine alýar.
yegen | 2011-06-25 04:23:02
Sorry! Waka 1860 bolmaly!
-
mirasymyz
13 years ago
- Amangeldi Göni arap tiresiniň syçmaz neberesinden bolupdyr. Ol Nurberdi hanyň (teke hany) baş maslahatçysy we sag egnidi. Nurberdi han Amangeldiniň sözüne halkyň pikiri diýip düşünipdir. Uly maslahatlaryň biri hem onsuz geçmeýärdi. Ol ussat sazanda, saz dörediji, söze çeper adam bolupdyr.
-
mirasymyz
13 years ago
- Amangeldi Gönibekowyň ýaşap geçen ýyllary baradaky maglumatlar hem dürli-dürlidir: 1830-1879; 1834-1874; 1834-1881;
1900-njy ýylda Zakaspiý oblastynyň generaly A.N.Kuropatkin özüniň türkmen obalaryna adat bolan gezelençleriniň birinde bir ýaşuly adam bilen gürrüňdeş bolupdyr. General ýaşulydan: “Gökdepe söweşinde näçe adam wepat boldy?“ – diýip sorapdyr. “Üç adam” – diýip ýaşuly jogap berýär. Ýaşuly onuň soragyna düşünen däldir öýdüp, general ýene-de öz soragyny gaýtalapdyr. Onda ýaşuly terjimeçä ýüzlenip şeýle diýipdir: “Generala aýdyň, men onuň soragyna düşündim. Hawa, biz şonda örän köp adam jaýladyk. Ýöne biziň gelinlerimiz köp wagt geçmänkä, olary ýene-de täzeden dünýä inderdiler. Emma şol üçüsini weli dogurmadylar we indi hiç wagt dünýä inmezem.” General şol üçüsiniň kimdigi bilen gyzyklandy. Ýaşuly goja şonda ilki bilen Amangeldi Göniniň adyny tutdy
-
mirasymyz
13 years ago
Şükür bagşy (1831-1928)
Şükür bagşynyň ady rowaýata öwrüldi.Ol saz çalyjy – dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyñ taryhynda uly yz galdyran adam.
Onuñ Eýran Hanynyñ bagşysy bilen ýaryşyp,agasyny halas edişi dilden-dile geçip,biziñ günlerimize ýetdi. Şükür bagşynyñ atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyñ Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr.Şüküriñ atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr.
Dowada aganyñ 3 ogly bolýar.Ulysy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salysypdyr.Ortanjy ogly Hojamberdi izçi bolupdyr.Dowada aganyñ kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr. Şükür bagşynyñ saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr.
Ol Şükür sazandanyñ kämilleşmgine degerli ýardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüñ ady belli sazandasy Garadäli gökleñden(sazanda hem dutar ýasaýan belli ussta)hem tälim alypdyr.Garadäli gökleñ Şükür bagşa kümüş çaýylan oñat dutar ýasap beripdir. Beýik ussat pata alan Şükür bagşy Gökdepe, Mary, Hywa ülkelerinde saz çalyp,halka uly hyzmat edýär. Şükür bagşynyñ köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuñ ilki döreden “ Salmadan bökdüreni“ , Söýli halany“ şu güne çenli adamlary biperwaý galdyrmaýar. Şükür bagşy Gökdepe etrabynda dogulanam bolsa,bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.
-
mirasymyz
13 years ago
- Amangeldi Gönibekow “Bike halan”, “Söýli halan”, “Ybraýym şadilli”, “Aýralyk mukamy” we ýene-de birnäçe sazlaryň awtory hasaplanýar. (H.Durdyýew., 1982. s. 2-29; A.Durdyýew., 1993; Ý.Berdiýew., 1982, 1983)
Ýegen dostum, şu maglumat dogrymyka diýýän.
-
Yegen
13 years ago
- Belki dogramdyr Mirasymyz! Ýöne Shükür bagshy hem Eýran hany bilen ýakyndan tanysh bolansoñ köp töwella Shükür bagshyny ugradar ekenler! Bunam shuña meñzeden bolmaklary mümkin!
-
Yegen
13 years ago
- Mirasymyz sag bol maglumatlañ üçin!
Ýañy howlukmajrakdym shol wagt görüpdim ýazgylaryñy! Onda nämüçin ters çeshme görkezdilerka, men shuña düshünemok! Elbetde dogry, Nurberdi han töwella ibermäge ilki bilen Amangeldi gönibeki ugratmaly, sebäbi bu iki shahsyýet dogan ýaly bolup ýakyn gatnashykda bolan.
Mümkin ýañam aýtdym Shükür bagshy bilen Eýran hany tanysh bolansoñ bu sazyñ döreýish taryham ýalñyshylan bolmagy gaty ahmal!
Ahmalam däl hakykatdyr!
-
mirasymyz
13 years ago
- Ýegen dost, menem bilmedim näme üçindigini. Bu waka ýöne çeper eser bolaýmasa. Şunuň radiooýny hem bardymyka diýýän. Şol radiooýunda hem Amangeldi Gönibegmik-ä diýýän. Men şu ýerde ýene bir zada şübhelenýän. Dykma serdaryň ýesir düşmegi. Şu hakda-da başgarak bir maglumat eşiden ýaly bolup durun. Nesip bolsa anyklap ýazarysda.
Sagjabol Ýegen dostum, şunuň ýaly maglumatlar ýetirip dur. Kakyş-kukuş etmeli ýerine serederis.
-
Yegen
13 years ago
- Bolar Mirasymyz nesip bolsa! Dogrudanam shuna nokatladyñaý dost, bizem köp ýazga syn berýäsde dogrudyr diýip ýazaýýas! Taryhyñ sepleri uzaga gidýär, haýsy birini aýyl-saýyl etjegiñem bilip bolanok!
-
mirasymyz
13 years ago
Kakyş-kukuş etmeli ýerine serederis.
mirasymyz | 2011-06-26 10:13:04
Kimaý sen taryhçymy ýa-da alymmy diýsene. Şu ýazanym okanymdan soň öz-özüme ýaramady. Agzalar sizem bagyşlarsyňyzda.
-
Yegen
13 years ago
- Haha:-) Mirasymyz sizem kiçigöwünlaý!
Gaýtam biz ýalñyshýas dostum, siz gowy subutnama getirdiñiz bu taýda! Dogry sholar siziñ diýýäniñiz dostum, taryhda-da bizem kem-käs ýalñyshyp bilýäs ahyryn! Göwnüñi giñ tut dostum!
Yegen 13 years ago- -Han aga, sazy gowy diñle, bu sazda señ Nogaý aýalyñ öýmudykläp ýörüshide, Kürt aýalyñ tans edishi-de, Pars aýalyñ näz kereshmesi-de, Gülkamar gyzyñ shadyýanlygyda, Bagdatdan ýañyrak alan gyzyñ näzeninligide, çar bagyñda saýraýan bilbilliñ owazyda bardyr bu sazda-diýip, "Ybraýym shadillini" çalyp berýär.
Bu saz hanyñ aýallaryna-da, çagalaryna-da, özünede diýseñ ýaraýar.
Bejnurt hany Ybraýym han öz adyna döredilen sazy özüniñ köshk sazandasyna öwredenden soñ, nökerleri bilen Dykma serdary ýesirlikden boshadýar. Shükür bagsha bolsa, halat, serpaý ýapyp yzyna ugradýar.
Hawa, bu sazy biz shu günde-günasha Radiodan Ybraýym shadilli diýip diñleýäris.