Menem bir sogap gazanmak maksady bilen, şertli "atgulakdan" käbir nesihatlary size ýetirmegi makul bilmegi, karar edýärin: Atgulak şeýle diýdi: „Mylaýym adam ýumşak söz bilen, nadan adam galmagal bilen jeza berer“. „Edep näme?“ diýip, Atgulakdan soranda, ol: „Başardygyňça gaharyňy basmak“ diýipdir. Atgulak şeýle diýdi: „Her iliň tentegi öz nadanlygy bilen ýaşar. Mylaýym bende özüne edilýän ýamanlyga göz ýumar. Eger nadanlyk derdinden başda goranmasaň, ol soňra seni bendi eder. Tentek adam nadanlygy bilen ýeňmek islär, öýne oňa dymyp garaýan kişi ondan üstün çykar. Islendik ýagdaýda hem akmaklar utulýandyr. Ondan daşga durýan we dymýan adamlar bolsa üstün gelýändir“. Atgulak şeýle diýdi: „Hernäçe abraýy bolsa-da, özüni pes tutmaýan adamlar belent mertebelere ýetip bilmez. Olara bakmak edil solup barýan güli ysgan ýalydyr, peslikdir. Abraý-mertebe mylaýymlyk bilen gazanylýar“. Atgulak şeýle diýdi: „Üç adam üç kişiden ar aljak bolmaz: Mylaýym adam akmakdan, ýagşy adam ýaramazdan, mertebeli adam binamysdan“. Atgulak şeýle diýdi: „Ýaş ýigit geýim-gejimini tozdurmajak bolup, aýawly saklar. Emma namysyňy gorap, mertebäňi saklanyň has oňatdyr“. Atgulak: „Has mähirli adam kim?“ diýip soranlarynda, ol: „Gahar-gazabyny sabyrlylyk bilen ýuwudýan, haý-höwesini erjellik bilen basyp ýatyrýan adam“ diýipdir *Atgulak bellenen ýerlerde adam atlary bolmaly. Belli däl sebäbe görä, adam atlary şertli söz bilen çalşyryldy.
Atgulakdan-nesihatlar
-
sahett
13 years ago
- sukamota goraymane kelli adam yaly yone ka wagt bozulmagyn bar
-
Anaconda
13 years ago
- Sag bol Sukomoto! Shular yaly yazgylary yetirip dursan, biz seni elmydama goldarys!
-
mirasymyz
13 years ago
Sag bol Sukomoto! Shular yaly yazgylary yetirip dursan, biz seni elmydama goldarys! Anaconda | 2011-06-18 04:26:36
Anaconda Dost, häli dostlarymyň biri seň bilen mobimeet-de seň bilen ýazyşypdyr. Ol men däldirin. Olam seniň ýaly yzarlaýjylaň biri.
-
Anaconda
13 years ago
- Ha bolyar Mirasymyz, men gepleshdim ol bilen!
sukomoto 13 years ago- Kop sag bol. bu zatlary basharmak ucin uly GAYRAT gerek, hany bizde gayrat bamy diysene.