awtory Allaberdi Durdyýew sungat synçysy. Shükür bagshy Eýrana gidip, Mämmetýar hanyñ sazandasy Gulam bagshy bilen çakyny alyshansoñ, zyndanda ýatan agasyny ýurda alyp gelýär. Bu wakany "Shükür bagshy" kino filminde bilýärsiñiz. Olar dagyñ kötel ýollaryndan gijä-niñ bir wagtyna çenli ýöräp halys ýadadylar. Ahyry obalaryna golaý gelensoñlar, dagyñ baýyrlaç eññidinde dynç almak üçin düshlediler. Çünki Shükür bagshy obalaryna barsa, mähelläniñ dynç almaga goýman, dashyna üýshjegini bilýärdi. Shonuñ üçin ol agasy bilen dañdana çenli gözleriniñ awusyny almak üçin atlaryny ota göýberip gyshardy. Agasy shol bada uklady. Shükür ýyldyzlary petreship duran dury asmana seredip esli wagtlap uklamady. -Çapyk han ilerik gitjek bolamda "Iş bitirip gelseñ-ä gowy zat welin, ýöne eliñi-aýagyñy dañyp atyña ters mündürip kowup göýberäýseler gerek" diýip, gyjytly sözüni aýdypdy. Hudaýa shükür, ony etdirmedik, agam gowushdy diýip, içini gepletdi ýatdy. Ahyry onuñ begenji, büýsanjy, tolgunmasy süýji arzuwlar bilen utgashyp, soñy düýshe ýazyp gitdi. ...Ýañy dogan günüñ tygy ýüzüne degensoñ Shükür bagshy syçrap ýerinden galdy-da, gapdalynda ýatan agasyna seretdi. Zyndanda oturyp gaty ýadan bolara çemeli, ol süýji ukuda ýatyrdy. Onsoñ Shükür ho-ol ashakda ýaýylyp ýatan küren oba seretdi. Ol oba Shüküriñ öz obasydy. Oba uzakda bolsa-da belent baýyryñ üstünden täze dogan günüñ shöhlesine edil eliñ aýasynda ýaly görünýärdi. Oba oýanypdyr. Her ýerde, her ýerde-de tamdyryñ agzyndan çykýan tüsse guýlum-guýlum bolup dik asmana galýardy. Han-ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini öñüne salyp örä ugrady. Kim atly, kim eshekli, obadan saýlanyp barýan adamlaryñ hersi bir tarapa haýdashyp barýardy. Shükür ot ýakdy. Tüñçäni jürnükdäki suwdan dolduryp oduñ gapdalynda goýdy. Onsoñ ol ýenede obasyna tarap seretdi. Oba parahatlykdy, shadyýanlykdy. Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Shüküriñ göwnüne köp wagt geçen ýalydy. Hanha, obanyñ günbatar çetindäki Mälikgul aganyñ töweregi gaýda-gaýmalashyk. Ol bü gün toý tutýandyr. Ol maña "Shükürjan, biz toýumyza Durdy bagshyny çagyrjakdyrys weli, añyrujy ýetiship bilseñ, senem ýetishjek bolawergin" diýipdi. Heý Durdy bagshy, Durdy bagshy… Damanañ piri Durdy bagshy, sen geçen ýaz Bagyrda bir toýda aýdym aýdañda menem ýanyñda saz çalypdym. Shonda sen birden dik asmana galyp, birdenem pessaýlaýan zaryn owazyñ bilen oturanlaryñ gözüne ýash aýlapdyñ. Aýdymy zaryn aýtmakda o dünýä bu dünýä sen ýaly barmyka? Shol taýda: "Dünýäni bir gözde gören. Adyl bolup älem soran. Döw-peri patyshah bolan, Shahy Süleýman galmady" diýip, bozlañda öýden içre Amanaly aga: Köñülde arman çohdur, bu nalysha ýürek parlandy" diýip, bagyryberipdi. Howwa nesip bolsa bu gün agsham toý bolar, Durdy bagsham geler. Gör bu zatlary, üsti-üstüne hezillik. Ynha, Mälikguly agañ, toýunada ýetishdim. Anha: eýyäm ýarysha hyýaly bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip bashladylar. Shükür obasynyñ shu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edýärdi. "Eýsem-de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi..." Shükür öññunki alamana gidiljek bolshy ýatlady. Çapyk han obanyñ ýigitlerini ho-ol görünýän gyzgylt öwsüp ýatan takyra ýygnapdy. Anha, shol ýer at toýnagynyñ yzyndan ýaña edil petir bezelen ýaly bolup ýatyr.Olara ýolbashçylyk etmeli Çapyk han agzyndan ak köpük saçyp gazaba münýärdi. Shol takyrlyga ýygnanan atlylar Shüküriñ zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin Mämmetýar han bilen çaknyshyga gitmelidi. Gan döküshükli urush bolmalydy. ...Shüküriñ Gulam bagshynyñ durshy bilen düwmeli bezelen piliñ üstünde saz çalyp gelshini görüp sussunyñ basylanyny agasyna aýdasy geldi. Öte keýpi çaglykdan hem bitirip gelen ishine çäksiz büýsanjy sazandany diyseñ joshdurdy. Ol haýdap baryp beýlede otlap ýören atyñ ganjygasyndan asylgy keçe gaply dutaryny aldy. Gelibem agasynyñ edil bash ujunda oturyp saz çaljak boldy. Ýöne bolmady. Ertiriñ dag tarapdan öwüsýän pessaý şemalyna bash atýan goñürbashlar sazandany haýsy saza bashlasa ýalñyshdyrdy durdy. Bir sazyñ kakuwyna bashlasa, goñurbashyñ tolkuny onuñ elini çashdyrýardy. Ahyry sazandanyñ eli hem goñurbashlaryñ hereketine gara kakuw edip bashlady, ýöne welin diñe kakuw bilen saz bolýarmy name. Esli wagtlap goñurbashlaryñ tolkunyna görä dutaryny kakdy oturdy, kakdy oturdy… Birdenem sazandanyñ barmaklary bash perdäniñ üstünden indide biçak büýsançly owazlary düwmelendirip-düwmelendirip göýberdi. Onsoñ shol bir saz taslamasyny gaýtalap oturan sazandanyñ barmaklary bäshinji perdä bardy-da uçursyz inçe äheñli saz öwrümlerini hem öñküleriñ yzyna sepläp göýberdi, weli, täze bir aýakly-bashly sazyñ sudury boldy duruberdi. Täze taslanan sazy Shükür gaýtalap birneme bishirdi.

Köneler, Yegen tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir