Men seni arzuwym hasap edýärdim we häzirem, ol arzuwymdan geçip bilemmok, belki sendäki öýke-kine maña garshy sheýle hereketleri etmegiñe täsir edýändir, men häzirem seniñ meni oýnanyña ynanasym gelmeýär, näme üçin men bu gyzjagazy sheýle ýürekden söýdüm, emma ol meni tashlady, belki sebäp bardyr, belki ýöneje, ýöne men ýene ynanasym gelenok meniñ bilen sheýle etjegine. Gözlerimiñ içine seredeniñde men muny aýdyp bilemok, dilleri ajy gürlese-de, özi ony isleýärmi? Belki, meniñ hereketlerimden bu duýga getirendir, ýöne gözýashlaryny göremde men ýene añ bilen kalp arasyndaky urshy kalp tarapynda tamamlamaly bolýan... Näme üçin? Akyl diýýär ahyry: «seni kiçelden, seni ýer bilen ýegsan eden adamyñ öñünde kiçelmek nämä derkar?!», ýöne kalba ynandyryp bolýarmy bu eýjejik zadyñ perishde däldigini. Ýöne men ýene ynanasym gelenok, ýagýar ýagysh, gözlerde ol ýashlar, ýatlamada ol günler... Bu günlerde iñ ejiz we belki iñ mert wagtlarym menden sabyr islemek, belki ol güýç meni öz içimde paralaýandyr, içimden çykarmagymy gadagan etseler men ýarylyp barýan, belki bu duýgy öñem bolandyr. Ömürlik söýgi bar, ýöne bu duýgy olardanam beterräk ahyry, samsyklyk däl düshün maña! Öz-özüñ bilen ömürboýy urshup gezmek bendiligine buýurmak? Agyr jeza barmydy bashga… ýöne oñmaýar ýürek sensiz, eýläk-beýläk etsem-de, düshündirmek kyn. maña ýöne bu sheýle. Bu günler geçer, emma duýgy galar, ony dashymdan öldürseñ-de, içimde elmydama her ýerde bolar, ýürek eger çyndan söýse, ejizlemek diýip gülünse-de, ýürekdäki zat biderek diýseler-de, Me£nun deý däli diýip barmak çommaltsalar-da, gün geler, shonda diýerler, "bu söýgiñ nähili ajaýypdygyny", gün geler, shonda her kim ýalñyshandygyny biler, gün geler shonda bu pany dünýäniñ diñe ish, ýash, pul, tire-taýpadan bashga-da Söýgi gözelliginiñ bardygyny. Belki, ol gün, men gidemden soñ geler, emma geler, shonda meniñ bu ajaýyp duýgyma häzirki wagtdaky ýaly aýak bilen depgilemän, meniñ topragyma elleri bilen gül dessesini goýar…

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir