Kä göwnüme degip, kä näzim çekip, Kä söýgä gark edip didelerimi, "Garak" atly ýiti hanjaryñ dikip, Yzlaýarsyn ýürek ýodalarymy. *** Ezizim! Men seni $eýle bir söýýän! Rugsat ber ýa$aýyn mähriñe çümüp. Maña bakýan gözleriñden öpeýin, Söýüp rahat tapan gözlerim ýumup. *** Mähribanym! Gorkma meni söýmekden, Heniz çyn söýgiden zyýan çeken ýok! Özge bagt ýok, söýülýäniñ duymakdan, Bilýäñ-ä, men sensiz ýa$ap bilemok! *** sen meni tapdyñmy ýa-da men seni, parhy ýok. Du$urdy ykbalyñ ýoly. Sen meni söýdüñmi ýa-da men seni, tapawudy barmy oýlanar ýaly? Esasy zat-maña sensiz oñmak kyn, megerem, saña-da kynmyka diýýän! Ilki aglamak kyn, soñra gülmek kyn, hem aglap, hem gülüp men seni söýýän!
Meniñ söýgim!
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, asiya! Maña bolan sylagyñ üçin Tañryýalkasyn!
-
asiya
13 years ago
- bile yalkasyn :)
-
Friendship
13 years ago
- :-)
-
Bilgi
13 years ago
- gozel toplam,yetiyanine sag bol.
-
makgush
13 years ago
- mmbä...şeý diýsene? Gowy ýazylypdyr, sagbol bize ýetireniň üçin.
-
Jemka91
13 years ago
- Paýla$anyñ ün minnetdar friendship.=) Go$gylar gowy eken. Øz düzenleriñdenmi?
asiya 13 years ago- sapa sana dushan gyz bagytly bolar enshalla. owadan sozlen bilenem bagytly edersin :-D