Gitdiñ. Agladyk. $u günem-üçüñ. Diýmek, gidenñe bolupdyr üç gün Üç gün, üçje gün- ölüm üçin hiç aglarys öýtdük kyrkyña deñiç. Aglarys öýtdük ýylyña çenli... Aglamak juda kyn bora çenli. Ýene çaý nahar. Ýene-de gülki. Onsañ gybatam ediler belki. Aýdy$ym ýaly- edildi gybat. Soñ $orta söze berildi nobat... Bir sagat ozal belläpdik üçüñ. Parhlyrak bolgun. Günämiz geçgin! Geçseñ-geçmeseñ, bol$umyz $eýle. ...gün bolsa eýýäm. Bolupdyr öýle. Öz öýlesini duýanok hiç kim... Gitdiñ. Ho$la$dyk. Agladyk üç gün. Aglarys öýtdük Üç gün däl, on ýyl. ($oña mynasyp ýitirlen ogul!) Aglarys öýtdük uzak, uzak, uzak. Aglamak hakmy? Aglamazlyk hak? Ynsaba bagly bu garry sowal. Häzir dymylsyn, jogap hökman däl.
Adam
-
sahett
13 years ago
- aglarys öýtdük
üç gün däl, on ýyl.
($oña mynasyp
ýitirlen ogul!)
olar yaly mynasyp oglun bolsa na armanyn bolar
tourist yetirenin ucin sagjabol gowy gosgy on okamandym
-
mirasymyz
13 years ago
- Şu goşgyny men teswirler.com-a göýberipdim. Şol ýerde Kab diýen agza Gurbannazar şahyra bagyşlanan başga-da goşgulary ýazyp sahypany dowam edipdi. menem şol goşgulardan şu ýere göçürmegi makul bildim.
HORASANYÑ DURNASY
Uçup gitdi Horasanyñ durnasy,
Bulutly güýz güni uçup gitdiler.
Güýzüñ öñkh gussasynyñ urnasy
Bolup, bizden ara açyp gitdiler.
Saralan bu seleñ sährany synlap,
Uçup gitdi gök ýüzünden hatarly.
Güýz güni gussadan gutulmak kyn zat,
Adam sähel zada gussa batarmy?
Sähel zada gussa batýar adamzat,
Iñ bolmanda görüp durnañ nyzamyn.
Durnalañ yzyndan bakýar adamzat,
Syzyp agyr aýralygyñ yzasyn.
Senem bu gün gama batdyñ, Garagum,
Seredip saralan selin-selmäñe.
Durnalañ sesinden syzýar ýüregim,
Wada berýär olar ýene gelmäge.
Gülüp giden, saña dolanar aglap,
Aglap giden ýene aglap dolanar.
Alys menzillere göwnüni baglap,
Güýz gelende uçup gider durnalar.
Bir goja shol durnalara seredip,
Uludan dem aldy, ýuwdup gussasyn.
Olar bolsa uly ile jar edip
Agzybir bolmagyñ beýik nusgasyn,
Uçýar al-asmandan owadan nagysh,
Uçýar al-asmandan bir beýik shygar.
Hem ýatladyp barýar: Golaýdadyr gysh,
Durnalar dash ýurda edende ylgar.
Shol durnalañ kümüsh goshup örmeli
Perin galam edip, ýazylsa shygyr,
Bu mekany shol terk edip ýörmegi
Durnalara kynmy ýa bize agyr?
Parhly mydam gussa batyp ýörmeli,
Parhsyzlarda uly gussa döretmän.
Ýapyñ - diýip - açyk duran törleri,
Çagalaryñ gyk-bagyna seretmän.
Bakyp saban atyzlara, pellere,
Bu gamly görnüshe gyýylýan ýaly,
O diýen bat bermän ganat-perlere,
Galdyryp gitdiler dogduk diýary.
Agaçlar yzyndan garap galdylar,
Ýapraklaryn gözýash kimin düshürip
Hem bashlaryn çala yrap galdylar,
Bu görnüshe adam kimin düshünip.
Hatda seleñ selle günebakar-da
Kellesin meñzedip äpet gapaga,
Honda ýashyp barýan Güne bakar-da,
Durnany ugradar tylla shapaga.
Durnalaryñ bolsa göwni bir ýaly,
Piñine däl özgäñ boýun burmasy.
Aýryp ömrümizden tutush bir ýazy
Uçup gitdi Horasanyñ durnasy.
1975 ý.
Awtory ATAMYRAT ATABAÝEW
-
mirasymyz
13 years ago
- SIZ GITDIŇIZ
Şahyr dostlarym Halyl Kulyýew bilen Gurbannazar Ezizowyň ýadygärligine
Siz gitdiňiz, ýalňyzlaşdym ep-esli,
Siz gitdiňiz, otdum, ep-esli söndüm.
Iki dosty sähel wagtyň içinde
Ýitirmegiň nämedigne düşündim.
Siz gitdiňiz, goşa durna pel-pelläp,
Uçdy gitdi, soňky aýdymyn aýdyp.
Indi şol durnalar, çagyrsak-da biz
Näçe elensek-de, gelmezler gaýdyp.
Siz gitdiňiz... Her haýsy bäş jüýjäni
Gujagyna gysyp, çekip ahy-zar
Goşa durnaň garap galdy yzyndan
Bagyrlarna gan öýülen goşa ýar.
Siz gitdiňiz... goşa ýyldyz asmandan
Süýnüp gaýtdy. /Beräýmek kyn salgyn-da/
Goşa ýyldyz - goşa mazar ýetişdi
Meniň öňem otdan doly kalbymda.
Siz gitdiňiz, siziň bilen geçirlen
Goşguly gijeleň, gündizleň baryn
Indi her gün hakydamda oýaryp,
Şol goşa mazary göterip ýörün.
Siz gitdiňiz, wagt geçýär, bilýäris,
Könelişer ýürekdäki ýaralar.
Çagalaram adam bolar hä diýmän
Şahyram tapylar, goşgam ýazylar.
Asmanam durnasyz, ýyldyzsyz oňmaz,
Nätjek-dä, bu kanun. Siz beletsiňiz.
Galan zatlaň, wah, bir zady bor welin,
Siz gitdiňiz, siz gitdiňiz, gitdiňiz...
Awtory Italmaz Nuryýew.
-
mirasymyz
13 years ago
- Ynha, bu-da teswirler.comdaky Atawatan agzanyň Gurbannazar Ezizowa bagyşlap ýazan goşgusy.
Bahar geldi.
Begenjimiň çägi ýok,
Ýene bir gez beýgeldi bu göwünler,
Häzir togsan günlik gyşyň agy ýok,
Geçip gitdi gaytalanmajak günler.
Ynha, bu gün yazyň ilkinji güni,
Ýaz gelmez hiç wagt goşgy-gazalsyz.
Ýöne, häzir bir zat ynjydýar meni,Ýaz gelen ekeni Gurbannazarsyz.
Sen gitdiň dünyeden gezmäge derek
Miwesi süyjände almalaň-narlaň.
Dogan-gardaşlaryň boldy janserek
Aglaşyp galdylar, şeýdip, dost-ýarlaň.
Sen Türkmen ilimiň beýik ogludyň
Ajaýyp ömrüňde köp iş bitirdiň.
Hem isläpdiň bolmagyny gowlugyň
Durmuşdan joş aldy sada setirleň.
Sadalygy söýdüň, bolupdyň sada,
Sada güýzde gözüň açyp gitdiň sen.
Arzuwlaryň ganatlandy howada
Sada perzendine buýsandy Türkmen.
Hyýalymda ýylgyrypjyk otyrsyň
Eliňde halkyňa Serpaýyň saklap,
Hakykatda uzaklarda yatyrsyň,
Bütindünýä ümsümligin gujaklap.
-
mirasymyz
13 years ago
- Ynha, bu-da teswirler.com.-daky Define agzanyň Ussadym atly goşgusy!
“Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak”
Diýipdiň, saraldy ýapraklaň bary.
Söýgülisin aldy bu ene toprak
Göýä tapan ýaly özüne ýary.
Güýz geldi, eý, Eziz, gel indi sen-de!
Reňk goş tebigatyň tylla durkuna.
Yöräli bileje ýan-ýodalarda,
Basman ýapraklara dözmän görküne.
Okatmazdym saňa goşgularymy,
Utanyp olaryň sadalygyndan.
Bilýän diýerdiň sen ýylgyryp maňa:
“Goşgy çykarjak bol sadalygyňdan!”
Goşgularyň bilen ýetýärin saňa,
Goşgulaň içinden gözleýän seni.
Soň hem ýene seniň ýaly diýýärin:
“Şägirt halypasyn bilmän ekeni...”
Gel, biz hem oturyp edeli söhbet,
Öwreneýin menem sen deý söýmegi.
Şygyrlaňda meni görkez özüme
Bir söýdüňmi adam ýaly söýmeli.
Indi mydam özüm ýitiren çagym,
Tapýaryn özümi goşgularyňda.
Okamda olary başlaýar agym,
Derdini diňlämok başgalaryň-da.
Güýz geldi. Emma bu manysyz sensiz,
Terk edýär durnalar türkmen sährasyn.
Uly umyt bilen garaşýaryn men,
Dogjagyna şygyrýetiň zöhresin.
-
Tourist
13 years ago
- Sag bol mirasymyz temañ yzyny ýöredeniñ üçin i go$gular ucin sagja bol
-
Tourist
13 years ago
- Saralan güýz ýapragy
baldakdan taýýar.
Ejizler öz ömrüni
$ol ýaprak saýýar.
Güýz ho$la$an ogluna
gara$ýar ene,
saralan güýz ýapragy
dü$ende ýere.
Ýaprak dü$ýär.
Ogluna
gara$ýar ene.
Hem ynanýanýar, ynanýar
diriligine.
Adamlaryñ ynanjyn
zemine da$ap,
ýaprak ýere ýalbarýar,
göwsünden og$ap.
Ol ýalbarýar.
Ýarylýar
birden ine ýer.
Galýar ýigrim bä$ ýyllap
ýatan inerler.
Gurbandurdy geldiýew
Tourist 13 years ago