Fizik gyzyny aldasañyz söýgide, Söýgi hadysasyn bilýändir olar. Tizlik bilen söýip goýar gaýgyda, Onda söýgiñiz inersiýa bolar. Bölünmesede atom söýgiñi böler, Bölünen söýgiñde energiýa dörär. Erkin gaçma bilen ýüzüñe garar, Söýgiñde diñe traýektorýa galar. Fiziki hadysany ulanyp sende, Ysyk gyzgynyñ ölçär kelwinde. Absalýut derejä ýetirip seni, Magnit meýdanyna ugradar göni. Birmeñzes zarýat dek çeker özüne, Diffuziýa görk berer aýdan sözüne. Zarýadyñ ters gelse iter yzyna, Seresapbol söýgiñe! Fizik gyzyna. Beý diýsem fizikler edäýmäñ göwün, Çünki degismeli baýramdyr bu gün. Ýürekde bolmasyn kineli düwün, Kynam bolsa ýigitler fizigi söýüñ!!!

Köneler, beckham tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir