Adam ogly, üç yaşyňa baransoň, Säherler açylan güle meňzärsiň; Üçüňden dördüňe gadam uransoň, Arysy saylanan bala meňzärsiň. On dördüňe eser ursa başyňa, On bäşiňde juwan girse düyşüňe, Yete bilseň yigrimije yaşyňa, Boz bulanyp, akan sile meňzärsiň. Otuzyňda segräp-segräp bökersiň, Ganymyňdan gyrmyzy ganlar dökersiň, Kyrkyňda haramdan eliň çekersiň, Kerwene gurulan yola meňzärsiň. Elliňde eliňden katdyň çekiler, Altmyşyňda näzik biliň büküler, Yetmişiňde dendan-dişiň döküler, Sonasy awlanan köle meňzarsiň. Segseniňde agyr iner dyzyňa, Togsanyňda gubar düşer gözüňe, Ey Zelili, tomaşa etgin özüňe, Üsti garantgyly göre meňzärsiň.

Köneler, Bahbit tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir