K.GURBANNEPESOWYN gosgularyndan: Ol adam kurortda sataşdy maňa. Nazarkerde adam. Nurana adam. Bir jaýda bir aýy bile geçirdik, Bir aýlap dem aldykmeňzeş howadan. Çuňlukalan ýaly düýpsüz derýadan, Göziçuňdy. Içi durşuna nurdy. Uklap ýatyrka-da ol nuruň mähri Gabagnyň daşyndan lowurdap durdy. Gözleri-de jomart. Eli-de jomart. Jomartdy ýüregi. Jomartdy dili. Ýöne öz bitiren hyzmaty hakda Bir agyz gepletjekbolaýsaň weli, Çekip almalydy her bir sözüni… Pyýada geçipdir Ýewropaň çölün. Aýagyn goýupdyr Dunaý boýuna, Şpreý jeňnelindejaýlapdyr elin. …Ýene bile barýas bagyň içinden. Men aýakly barýan, olam pişekli. Bir maral deňimden ozup geçende, Birden iki ädim öňe düşmekçi Boldum-da ýene-de endamym dyglap, Goňşymyň deňineçekildim kem- kem. …Şeýle gerçek kişi güýje mätäçkä, Adam öz güýjünden utanjak eken. Bir gün buýsanç bilengözýäşyn gizläp, Öýdurmuşy hakda açdy ol gürrüň. Üç ogly bar eken. Üçüsini hem Faşistlerbir dardan asypdyr bir gün. Azowyň ýanynda. Don jeňňelinde Dereksiz ýitipdir ýene bir gyzy. Kempirem ölüpdir. Indi bir öýde Dört diwar içindeýalňyz bir özi. Soň menden sorady: “Näçe çagaň bar?” Diýdim: “Esliräk bar, üç sany ogul. Şonçaragam gyz bar. Iň tokarjamyz Mekdepden attestat getirjek şu ýyl…” Diňleýär, guwanýar. Ýene soraýar. Men bolsa düşnüksiz ýygrylýan kem-kem. …Şeýleajap adam bagta mätäçkä, Adam öz bagtyndan utanjak eken.
K. Gurbannepesowyn gosgularynda.
-
asiya
13 years ago
- pasiba abadanka!!!!!!
-
Auditor
13 years ago
- Abadanjan kop sag bol bize yetiren ajaýp goshgulan ucin!
-
Abadan
13 years ago
- ÇAGA
Çagadyryn öýdüp
Ýörmegin,köşek!
Eýýäm ýetişensiň. Seniň ýaşyňda
Jahyllaň elinde aňňal döwlüpdi,
Küýze döwlüpdi gyzlaň başynda.
Olar çydapdylar. Çydarsyň senem
Kyn diýip, zähmetden
gaçmagyn, oglum!
***
Çagalyk ajap zat. Ýöne sen ondan
Mümkingadar,
Irräk
Saýlanjak bolgun.
On bäşe ýetipsiň. Eýýäm uly sen.
On alta ýetseň-ä – eýýäm sen
ärsiň.
Onsoň Gaýdar bolup (başyňa
düşse)
Giden bir polka-da komanda
biýrsiň.
***
Biz bolsa henizem seniň adyňa
Kä “köşegim” diýýäs, käte-de
“guzym”.
Emma toýnaklarňa köwşum
syganok,
Paltoňam meňkiden bir garyş
uzyn…
***
Mölterýär,
Çiňerýär,
Oýlanýar guzym…
Näme jogap biýrkä? Garaşýan…
Emma
Ne“mä”, ne “mö”, ne “mo” –
seza çykanok.
Dymýa.
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol Abadan daýza goshgulary paýlashanyña! Kerim shahyryñ goshgularyny okap doýup bolanok! Mendenem biri!
Owadan gyza!
“Owadan sen,
Owadan sen,
Owadan...”
Bu aýdym ýañlanýar her säher, her sham.
Ýöne bu gürrüñim aýdym hakda däl,
Sen hakda, sen hakda, gara gash uýam.
Shol aýdym aýdylsa keshdäñi tashlap,
Kitabyñy ýygnap, saçlaryñ çöshläp,
Seredip ýokary, äñedip ashak,
Kä yzyña ýöräp, käte öñüñe,
Aýnañ içindäki keshbiñi ogshap,
Birine pyshyrdap berýärsiñ salam,
Birinden pyshyrdap alýarsyñ salam.
Soñbolsa “Eje jan, men owadanmy?”
Diýäýjek, diýäýjek diýäýjek bolýañ.
Asyl bir gezeg-ä diýdiñ hem uýam!
Shonda garry ene öz balasyndan
Ýa-ha hoshal, ýa-da nägile bolup,
Ogshapdy gözleriñ pyýalasyndan.
Sen bolsa ol posañ manysyn çözmän,
Ýene öz ýoluña bolduñ rowana.
Ne gözel ýigitler yzyñdan garap,
Biri däli boldy, biri diwana.
Bolmajagam bolsun, sheýle bir saçlar,
Ölçemäge ýetmez kelte gulaçlar.
Sheýlebir gabaklar, sheýle bir dishler,
Baksañ ertä galjak shu günki ishler.
Sheýle bir göreçler, sheýle bir gashlar,
Üç gün bakyp dursa, ölmezdi açlar.
Sheýlebir ýañaklar reñki çirksiz,
Sheýle bir barmaklar boguny süñksiz.
Gürrüñem etjek däl kirpikler hakda,
Degsedeshjek (tañrym, penañda sakla!)
Ýöne men shonda-da
Owadanmyñ däl,
Entek belli bir zat aýdyp biljek däl.
Bir topar ot-suwdan geçeniñden soñ,
Ýetmish ýanyp, segsen öçeniñden soñ,
Ajyny-süýjüni içeniñden soñ,
Bir ýigidi saýlap-seçeniñden soñ,
Seçeniñden soñ hem
ol ýigit bilen
Nije menzil ýoly
Geçeniñden soñ,
Men diñe shondan soñ,
Shondan soñ diñe,
Owadanmyñ, dälmiñ-
Aýdaryn saña!
-
Abadan
13 years ago
- Sizede sag bolun okanynyz ucin asiya,auditor. Ýegenjigim sanada ayratynja minnetdar.:-)
-
Yegen
13 years ago
- Aý hökman dälle Abadan daýza!:-)
-
ahmetjan18
13 years ago
- Salam agzalar menem $ahyrymyzyñ go$gysyny ýazaýyn
Söýgi hem modadan gacýar diýdiñmi?
Hak aýdýañ söýgäde ýetipdir moda
Kä gyz $u gün irden birini söýse
Ertir irden dü$ýär ba$ga bir oda.
Ýa$lar gazýedynda okadym bir gün
Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz
Onsoñ Akmyrady soñam Igdiri
Häzirem söýýärmi$ gazak ýigdini
Ertir kimi söýjek belli däl heniz
"Odisseý"her kimde bir bolmalydyr
Çal$yp ýörmek bolmaz täze-täzeden
Täze küýzäñ suwy sowukmy$ diýip
Icip ýörmek bormy munca küýzeden
Öñler söýgi hakda gürrüñ açylsa
Gyzlaryñ tarapyn calardyñ hökman
Indi bolsa gyzlañ käbirin görüp
Olañ "söýgi"diýen zadyndan gorkýañ
K.Gurbannepesow
-
ahmetjan18
13 years ago
- Günälerimiz bagy$laýar Eneler
Sebäp Eneleriñ ak süýtli dö$i
Köp-köp garalygyñ günäsin gecýär
$eýdibem kemelýär Eneleñ ýa$y
Ene balasyna buýurdy ýumu$
Ogly diýdi"Özüñ et oñ ýaly i$ì"
Ýandy Ene ýandy gysyldy egni
Kemeldi Enäniñ ýene bir ýa$y
"Öýe wagtynda gel gic gelme balam"
Ogly bolsa enä cenedi da$y
"Wah nätsemkäm"Emma ötdi günäsin
Kemeldi Enäniñ ýene bir ýa$y
Ýigrimi ýa$yny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlije dö$i
"Indi ata bolduñ adam bol oglum"
Gysyldy gysyldy Enäniñ di$i
Ene gysdy di$ini otuziki gezek
Her gezek gysanda gacdy bir di$i
Enäniñ her gacan di$ine derek
Ýaprak deý saralyp gacdy bir ýa$y
K.Gurbannepesow
-
enesh91
13 years ago
- salam agzalar. menem goshandymy goshayyn!
aglap dunya indiñ adam diyen zat:
onsoñ agyñ gülkä garyshan gerek
yöne weli, gulka garyshmak ucin
yurt abadan durmush caglashan gerek.
kem kem kamil bolyañ adam diyen zat
onson sen janlara jan goshan gerek.
yone welin jana jan goshmak u.n
bagryñ il-gun b.n badashan gerek.
kate ejiz bolyan adam diyen zat
shonda gelip derdiñ sorashan gerek.
yone weli derdiñ sorashmak u.n
ozal seni dertden goramak gerek.
bir gun yalñyz galyañ adam diyen zat
onsoñ abray b.n jaylashan gerek.
ygtyyar bermersiñ aglashmak u.n
yone biygtyyar bermersiñ aglashan gerek.
kerim aga.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Berekella enesha kerim aganyñ bu go$gysyny öñ okap görmändim gaty gowy go$gy eken.sag bol
-
Yegen
13 years ago
- Poeziýa modadan gaçýar diýýärler,
Beýle gürrüñ dashgarydyr kadadan.
Birmahal poeziýa modadan gaçsa,
Ertesi soýgi hem gacar modadan.
Ýer ýüzünde barka ýigit bilen gyz,
Hem barka ýanynda wysal, aýralyk,
Poeziýa hemra bolar ýashlyga
Oz söwer dostundan gitmez aýrylyp.
Ýer ýüzünde barka ak bilen gara,
Bile gezip ýorkä haýyr bilen sher,
Poeziýa ähli sherlere garshy
Göreshipdi! Göreship yör! Göresher!
-
Abadan
13 years ago
- Berekella agzalar,ökde ekeninizä go$ga.:-)
-
Abadan
13 years ago
- söýgi hem modadan gacýar
diýdiñmi?
hak aýdýañ söýgäde ýetipdir
moda
kä gyz $u gün irden birini söýse
ertir irden dü$ýär ba$ga bir oda.
ýa$lar gazýedynda okadym bir
gün
gurban diýen ýigidi söýüpdir bir
gyz
onsoñ akmyrady soñam igdiri
häzirem söýýärmi$ gazak ýigdini
ertir kimi söýjek belli däl heniz
her gezek $u setir okanymda gülküm gelýär. Dogryja aýdylan setirler.
-
enesh91
13 years ago
- Ahmet men beter halayan goshgym kerim agan omrume pent goshgusy, hemem yurek poemasy. senem okansynla. yazardym emma yazmakdan kopurak
-
enesh91
13 years ago
- Ahmet men beter halayan goshgym kerim agan omrume pent goshgusy, hemem yurek poemasy. senem okansynla. yazardym emma yazmakdan kopurak
-
ahmetjan18
13 years ago
- Howwa enesha bu go$gylarda umman deý many ýatyr näce okadygyñca hic ýadatmaýar.
-
ahmetjan18
13 years ago
-
ahmetjan18
13 years ago
- Wah bolmady $u suratda kerim aga otyr ýöne doly görkezmedida:-( suraty nädip kiceldip bolýar bilýäniñiz ýokmy hormatly agzalar
-
ahmetjan18
13 years ago
-
ahmetjan18
13 years ago
- Boljak däloow
Abadan 13 years ago- Yalnyzlyk
Yalnyzlyk hakynda menem
yazayyn,
Sebap– yazyan koplik yazmayan
azlyk,
Bashyna ish dusher janyn hem
sagdyr,
Muna diyipyandir Kichi
yalnyzlyk.
*******************
Otuza yetensin zuryadyn
yokdur,
Son kyrkyn ujundan gadip
ugrarsyn,
“Ilden ala-bole name beylekam?”
Diyip, oz taleyne ozun
hayransyn.
*******************
“Kaka” sozun eshitman ella
yetersin,
Bir gun tapynarsyn ogullyk,
gyzlyk,
Ozunkidir emma ozunkem daldir,
Muna diyipyandir Orta yalnyzlyk.
******************
Dulunda ajayyp ayalyn bardyr,
Oyune bezegdir, dyzyna–
gudrat,
Ylgap hyzmat edyan onun
ozudir,
Emma sen adyna getirer hormat.
*******************
Ella ser urarsyn, chagasyn dokup,
Gozlerini yumar ol, bashlar ejizlik,
On mun dostun bardyr– goya
yekesin,
Muna diyilyandir Uly yalnyzlyk.
*******************
Enen gezip yorka yerin yuzunde,
Yaza barabardyr gyshyn howasy,
“Dogadan nep tapdym” diyyan
bar bolsa,
Megerem shol doga – enan
dogasy.
*******************
Baky daldir, bir gun enen hem
gider,
Nirane seretsen– eymench
tekizlik,
Beyle yalnyzlygyn ady hem
yokdur,
Ol gadiksiz-zatsyz Doly yalnyzlyk.
*******************
Atany sylamak - halky sylamak,
Mahri kopdur, shoncha gazabam
kopdur,
Kayyap sapak bersin, soyup
owretsin,
Atanyn mekdebi chirksiz
mekdepdir.
*******************
Shol mekdebi onat tamamlap
bilsen,
Hemishe hemrandyr Mertlik,
Tamizlik,
Yogsa senden hich wagt ar ata
bolmaz,
Mydam gershindedir Betbagt
yalnyzlyk.