Eziz türkmen halkym! Ene — mukaddeslikdir, edil şonuň ýaly, ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Mukaddesligiň manysyna ýitgi arkaly göz ýetirilýär. Gadyr-gymmat ýitgi arkaly aýan bolýar. Adamyň enesine goýýan hormaty — onuň hakyky keşbidir. Türkmenler enäniň perzent üçin nämedigini bir ajaýyp nakyl bilen aňladypdyrlar: Atasyz — ýetim, enesiz — ýesir. Nakyl türkmen duýgusy, türkmen aňy bolan adama enäniň nähili mukaddeslikdigini öz- özünden aýdýar. Türkmen halkynyň enäniň aýratyn mukaddesligini, aýratyn, ornuny tutup bolmajak derejedäki gymmatyny tekrarlamak üçin, ony ala- böle ata bilen deňeşdirmeginiň özünde uly alamat bar. Munda türkmeniň mukaddeslik diýlen zada öz milli düşünişi bar. Adam atasynyň — bilinden, enesiniň bolsa ýüreginden önýändir. Ýürek duýgularyň, adamçylyk ölçegleriň mekanydyr. Türkmen enäni ýürek bilen baglanyşdyryp, mukaddesligiň maddy bähbit ýa maddy gymmatlyk bilen düýpgöter baglanyşygy bolmadyk düşünjesi hökmünde teswirläpdir. Perzent atanyň teniniň bir bölegi, enäniň bolsa ýüreginiň bir parasydyr.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir