Salam, dostlar! Gowumy ýagdaýlaryñyz? Ekzamenler bilen nätýäñiz? $u a$akda ýazan $ygrymy kiçijekkäm aýdym edip aýdardylar gyzlarymyz. Gaty gowy görýädim bu aýdymy. Diñläp doýup bilemmokdym. Awtorynyñ kimdigini bilemmok. Belki, arañyzda bilýänleriñiz bardyr! Käbäm ejem! Ýollarymy gözlän sensiñ, Yzlarymy yzlan sensiñ, ‘Balam!’ diyip sözlän sensiñ, Ejem, ejem, janym ejem, Mähribanym, käbäm ejem! Sensiñ balañ kemin ýakan, Müñ bir derdiñ emin tapan, ömrüñ ýagty $emin ýakan, Ejem, ejem, janym ejem, Mähribanym, käbäm ejem! Dünýä doly arzuw bardyr, Baky öçmez arzuw bardyr, üzüp bolmaz karzym bardyr, Ejem, ejem, janym ejem, Mähribanym, käbäm ejem! Bu pany dünýä indiren, Mähir süýdünden gandyran, ýürek arzuwma ýetiren, Ejem, ejem, janym ejem, Mähribanym, käbäm ejem!
Käbäm ejem!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Hakyky, bu aydym geçmishdäki galan köp yakymly yatlamalary özünde jemleyär.
-
Camry
13 years ago
- Shu aýdymçyñ ady shu wagt ýadyma düshenogaý Friendship, özä dilimiñ ujunda! Kiçikäk bizem diñlärdik, atly bagshy bolmaly, özem gyz aýdardy, 98-99-yñ aýdymy bolmaly. Okamdan eýýam shol aýdym gulagymda ýañlanyp gitdi, ýogsada shol aýdymy aýdýan Enesh Rejebowa bolaýmasyn, hiç kellä gelenok!
-
guljagaza
13 years ago
- Friendship вах дилимин ужындада шол гошгын авторы ! но яман манылы сетирлер ! енан йерини тутып билжек хич ким йокдыр ! догры!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!енелен шанына салюююттттттттттттт!!!!!!!!!!
-
bellaragazza
13 years ago
- sagbol. oran gowy gosgy
-
jeyn91
13 years ago
- wah yene ejelerimizda nache eje hakda soz aytsanada az ejeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeee goresim gelya sizi kabam
-
ahmetjan18
13 years ago
- Günälerimiz bagy$laýar Eneler
Sebäp Eneleriñ ak süýtli dö$i
Köp-köp garalygyñ günäsin gecýär
$eýdibem kemelýär Eneleñ ýa$y
Ene balasyna buýurdy ýumu$
Ogly diýdi"Özüñ et oñ ýaly i$ì"
Ýandy Ene ýandy gysyldy egni
Kemeldi Enäniñ ýene bir ýa$y
"Öýe wagtynda gel gic gelme balam"
Ogly bolsa enä cenedi da$y
"Wah nätsemkäm"Emma ötdi günäsin
Kemeldi Enäniñ ýene bir ýa$y
Ýigrimi ýa$yny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlije dö$i
"Indi ata bolduñ adam bol oglum"
Gysyldy gysyldy Enäniñ di$i
Ene gysdy di$ini otuziki gezek
Her gezek gysanda gacdy bir di$i
Enäniñ her gacan di$ine derek
Ýaprak deý saralyp gacdy bir ýa$y
K.Gurbannepesow
-
Patron
13 years ago
- Sagbolun goshgynyza. yalnyshmasam, men chaklamam boyuncha kakajan durdyyewin goshgysy bolaymasa?!
shu aydym "Men guneshli yurdyn ogly" diyyan aydym bn owaz, shahyranalyk, ichgi gurlushy boyuncha gabat gelyar. "men guneshli yurdyn ogly" bolsa, 100% kakajan durdyyewinki. 70-80 nji yyllaryn aralygynda sheyle bir galkynysh pursaty doredi. diysen kalbyny joshduryan, yuregni lerzana salyan goshgulara aydymlar yazyldy. meselem: "men baharda dushdum sana"(i. nuryyew), "yatlayaryn" (b. jutdiyew), "Ilkinji soygimi äkitdi ýyllar" ( m. myşşyyew), "gaşy sürmeli" (gara seýtliýew) we. ş. m
-
Auditor
13 years ago
- Gulålek ashyrowa aytya oytyan.
-
Friendship
13 years ago
- Mümkin, Gülnar!
-
KRIT
13 years ago
- Ejemi goresim gelya waaaaa((
asiya 13 years ago- sagja bol sapashka mekdep dowrum yadyma dushup gitdi))))