Jüneýit Hanyñ hakyky ady Gurbanmämmed serdar bolup,ol 1862 nji ýylda häzirki tagta etrabynyñ bedirken obasynda dogulýar.onuñ kakasynyñ ady– Hajibaý. Jüneýit Han ýumutlaryñ orsukçy urugynyñ Jüneýit tiresinden- dir. Jüneýit Han bir näçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.20nji asryñ başlarynda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ goldawna daýanyp,Türkmenleriñ üstünden berkitmek maksady bilen, olara agyrdüşýän suw-ýer we salgyt reformasyny geçirmägesynanyşýar. Şonsyz hem patyşah hökümetiniñ kolonyýal syýasaty zerarli horluk baryn gören Türkmenler ýaraga ýapyşmagamejbur bolýar. Türkmenleriñ şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýit Hany orta çykarýar.ilkibada ol özüniñ gowy ýaraglanangaryndaş toparlaryny töweregine jemläp,Serdar adyna mynasyp bolýar. Soñra ownukrak galtamanbaşlarynyñ serdarlaryñ birnäcesini özüne tabyn edýär,hatda,adalatyñ hatyrasy üçin özüniñ doganoglany-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar.öz tiresiniñ ady bilenbaglanşykly ony Jüneýit Han diýip atlandyryp başlayarlar.sebäbi ol öz obasyndaky ilatyñ garyp ýa-da bay bolmazdan garamazdan,olaryñ ar-nam ys- hukugyny goramagybaşarypdyr. Jüneýit Hanyñ adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan gürüñler köp.Şolaryñ birinde şeýle diýilyär : “Bir gün Jüneýit Hanyñ ýanyna ýumutlaryñ uşak ugryndan bir pukara gel- ipdir.Ol :-6ýyllap baýyñ dowaryny bakdym,keýwanym hemşolaryñ gapysynda hyzmat etdi,indem dogmamyzýetişdi,öýli-işikli etmek üçin mal-teññe gerek diýsem,ýeñsesi bilengepleşýär diýip,Hana arz edipdir. Jüneýit Han :-Näme üçin öñräk gelmediñ?— diýipdir.Ol :hudaýlygym sözlesem,şol baý siziñ bilen gatnaşykly bolansoñ çekindim— diýip jogap berýär. Onda Jüneýit Han :--Özünden ejizi ynjydýan bolsa,iki gözümiñ birem bolsa,mendenşoña eglişik bolmaz. Onda şeýdýäs,alty ýyllyk hakyñ üçin baý gyzyny seniñ ogluña berer.Häzir men seniñ üçin birküç adamy sawçylyga iberjek. Aýalyñ hyzmatynam öýüñe ýetip- ýetmänkäñüzleşer ýaly ederin. Bu gürrüñe agzy uçuklan pukara zordan gürrüñinidüşündiripdir. Ýöne Han gürrüñi çagalamandyr: Bar-da toý gamyñ bilen bolubyr,saña,täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga mylt etse, menşol baýa ärmämmet diýerin—Diýipdir. 1912-13nji ýyllarda Hiwa Hany patyşahhökümetiniñ kömek bermegi netijesinde Türkmen obalaryndaky gozgalañy basyp ýatyrmak üçin harbyýöriş geçirýär. Jüneýit Han bolsa Türkmenleri töweregine jemläp,olaragarşylyk görkezýär.Indi Jüneýit Hany diñe Türkmenler däl,eýsem,Hiwa hökümetiniñ alyp barýan syýasatyndan nägile bolan Özbekler, garagalpaklar,gazaklar hem aktiw goldadylar. Ol halkyñ bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913nji ýylda Türkmenleriñ ýaraglanan topary 15 müñe ýetipdir. Türküstandan patyşah russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit Hanyñ uly daýanç boljakdygyna käbirdaşar ýürt hökümetleri hem oñat düşünipdirler. Şoña görä-de 1914nji ýyldan başlap Jüneýit Hanyñ ähli alyp baran işlerine ilki Germen- Türk,soñra bolsa Ingilis-Türk razwedkasy goldaw berýär. 1916nji ýylda Hiwa Hanynyñ eden-etdiligi,patyşah russiýasynyñ koloniýal sütemi diñe bir Türkmenleri däl, eýs- em Özbekleri,Garagalpaklaryñ we beýleki halklaryñ hem halys degnasyna degýär. Hiwa hany ýerli halkyñ namysyna degip,hatdaýetişen gyzlary zorluk bilen alyp,öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. Şonuñ üçin Jüneýit Han Türkmeniñ Ar-Namysy üçin ykjam aýaga galýar.ony goldaýan toparlar has Köpelýär Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegibaşarypdyr. Jüneýit Han gerek ýerinde näçe gazaply bolanda-da bolsa, yslam dininiñ weşerigatyñ düzgünini dogry hem berk ýöridipdir. Bu meselede ol Han Işan bilen bilelikde hereket edip,Hiwa hanlygyny,başarsa,bütün Türküstany Russ basabaly - jalaryndan azat etmäge synanyşýar.Ýöne bu meselede Hiwa hany Isfendýar belli derejede päsgel berýärdi. Onuñ etmişleri zerarly,Özbekler,Garagalpaklar häli-şindi Jüneýit Handan kömek sorap,arz edip gelýär eken. 1916nji ýylyñ ýanwarynda Hojailikdäki özbekler özlerniñ nägileliklerini aýtmaga Hiwa gelende,Isfendýar han olary tossag edýär. Hojailiniñ ýaşululary kömek sorap, Jüneýit Hana ýüz tutýar. Ol hem 3 müñ atly nöker bilen Hiwa galasynyñ sebitine gelip, tussagedenler bir gije-gündiziñ dowamyndaboşadylmasa, paýtagta girip,ählisini derbi- dagyn etjekdigini Isfendýar hana düýdüryar. Gepleşik netije bermänsoñ, Jüneýit Han diýenini hem edýär. Isfendýar hany bolsa tagtdan düşürýär. Emma patyşah döwletiniñ bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär. Jüneýit Han bolsa ondan 60 müñ manat hun baha alyp,ýene-de izyna dolanýar.Ýöne ýürtda halk gozgalañy barha möwüç alýar. gozgalañy basyp ýatyrmak üçin genral Galkiniñýolbaşçylygynda jeza beriji oterýad Türkmen obalarynyñ içinden ot we gylyç bilen geçýär. Bu gyrgynçalyk ilat arasynda häli- şindilerem„ Galkin ýyly „ diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar. 1916nji ýylyñ gozgalañy basylyp ýatyrlandan soñ, Jüneýit Han owganistana gidýär. 1917nji ýylyñ Sentiýabrynda ol Owganistandan izyna dolanyp gelende , ýürtda ýagdaý düýpgöter ütgäpdi. Hiwada wagtlaýyn hökümet Isfendýar han bilen beýleki halkyñ rewolitsiýon hereketine garşyaýgytly göreş alyp barýardy. Jüneýit Hanyñ ozalky alyp baran ähligöreşi Russ kolonizatorlaryna we Isfendýar hanyñ eden-etdiliginegarşy gönükdirlen bolsa,indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalyşygagelip,Sowet hökümetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendýar han hem Jüneýit Hanyñ güjüne daýanmasa, ýürdiözbaşdak dolandyryp biljek däldi. Hiwa tagtynda başga bir Han otursa-da, hakykatdan 1918-20 nji ýyllarda bütün Hiwa hanlygyny Jüneýit Hanyñ özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar.Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara düzümli darapdyr. Hut şonuñ üçin Jüneýit Hanyñ ýürdi dolandyran döwründe ogurlik ,talañçylyk,günäsyz adamy öldürmek,esassyz nika bozmak ýaly Türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwri gören ýaşulularyñ aýtmagyna görä,hemme zat ýatan-ýatan ýerinde , hiç kim kişiniñzadyna birugsat el degirmändir. 1918nji ýyliñ baharynda Bedirkent obasyndabaşlanan ilkinji elektrosatantsiýa gurluşugy soñy bilen hanyñ raýatyndakylary yşykbilen üpjün etmeli eken.Ol özüniñ manatlyk teññe puluny çykardýar we salgyt systemasy- ny girizýär. Bu ,elbetde, özbaşdak Türkmen döwletini döretmäge bolan synanşygynyñalamatydyr. Hiwa hany Isfendýar eden- etdilige ýüz urup,halkyñ nägeleligini gazanýar we Jüneýit Hanyñ geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar.Şonuñ üçin 1918nji ýylyñ 30nji oktiýabrynda ol Jüneýit Hanyñ görkezmesi boýunça özüniñ„ Nurallabaý „ köşgünde öldürilýär. Onuñ ýerine Isfendýaryñ kiçi dogany Seýit abdylla töräni tagta çykarýar.Ol Angiliýa,Türkiýe, Owganistan,Eýran, Buhara we Türküstanyñ ähli künjükleri bilen aragatnaşyksaklaýar. 1918nji ýylyñ 25nji noýabrynda Jüneýit Hanyñ Dörtgülde sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümişowsyz gutarýar.Ol1919nji ýylyñ 9nji aprelindaTagta etrapynda sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmakbarada-ky ylalyşyga gol çekýär. Gol çekişligiñ iz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspy frontynyñştaby front üçin700 atly nöker ibermegini Jüneýit handanhaýyş edýär.Emma Jüneýit han bu haýysy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäýen-dede , köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir. Üstesine-de kömege iberjek atlylary Musulmanlaryñ ,aýratynam Oraz serdaryñ we Eziz Hanyñ garşysynaulan-Maly däldigini düýdurýar.(Ol Eziz han bilen ýakynaragatnaşykda eken). Sowet häkimiýetiniñ wekilleri bu teklibi kabul etmeýär. 1920nji ýylyñ 22-23nji ýylyñ ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzylgoşun bilen bolan aýgytly söweşden soñ , Jüneýeit hanyñ atlylary öz maşgalalarybilen Guma – Akja guýy diýen ýere çekilýär. 1921nji ýylyñ aprelinde Han Işanyñ ýolbaşçylygynda Owganistandan,Şyhym sülgüniñ ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3muñ tüpeñ,54 muñ ok,bir näçe pulomýot webaşga- da dürli harytlar ýüklenen kerwen gelýär. 1924nji ýylda Garagumda Palçykly diýen ýerdeornaşan Jüneýit hana,ýene-de 270 düýe ok-däri,ýarag webaşga harytlar gelýär.Şol ýylyñ ýanwarynda ol Daşhowuz,Maññyt,Şabat,Gazawat,Hañka ýaly etraplary eýeleýär we Hiwa howp salýar. Emma Gyzyl goşunyñ jemlenen uly oterýady Jüneýit hanyñ toparyna güýçli zarba uran soñ,ol ýene-de Guma çekilmäge mejbur bolýar. Sowet häkimiýetiniñ wekilleri Garagumdaornaşan Jüneýit han bilen özara ylalyşyga gelmek üçin gepleşikler Geçirýär.Oña G,Atabaýef,H,Aýtakof dagy hem uly sarpa goýupdyrlar.Halk komisarlar soweti1925nji ýylyñ 4nji aprelindäki karary bilen onuñ emläginiñ we watançylyk hukukynyñ eldegirmesyzdigini ykrar edýär. Jüneýit hanyñ garamagyndaky adamlar üçin 5muñ hektar ýer bölüp berip,olary 3ýyllap sargytdanboşatmak we pul kömegini bermek hem göz öñünde tutulýar.Emma Jüneýit hanylalaşyga girmändir.Ylalaşyga girmän akylly iş edipdir,Jüneýit hanyñ mamladygyny soñky wakalar görkezdi.Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiñ özi hem totalitar düzgüniñ pidasy boldy. 1927nji ýylda Jüneýit hanyñ Sowet häkimiýetinegarşy Ýylanlynyñ töwereklerinde alyp baran bir näçesöweş hereketleri şowsyz gutarýar.Şondan soñ 1928nji ýylyñ iýun aýynyñ aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär.Soñra 1929nji ýylda Owganistana göçüp,Hyrat welaýatynyñ obalarynda Türkmenleriñ arasynda mekan tutýar we1938nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.Eşşiniñ 2 ogly Älem serdar bilen söýer Hyrat şährinde ýaşaýar. Eşşiniñ uly ogly Taýça soñ Eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdir.Taýçynyñ 4 ogly häzir Eýrandaýaşaýar. Jüneýit han kä bir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa,umuman oñat alyp baran işleriadalatly we külli Türtkmeni birikdirip,bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşykbolupdyr.Ol daşary ýürtlerde bolanda-da Öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir,Türkmen adyny belent tutupdyr. Edebiyat we Sungat
Jüneýit han
-
Bravo
13 years ago
- guycli shahsyet we namazhon adam bolupdyr
-
Yegen
13 years ago
- Juneyit han (gurbanmammet serdar) SSSR dowrunde "halka dushman" edip gorkezildi. Bu gaty yalnysh pikir, elbetde onada shol wagty dowrun syyasaty gunakar. Juneyit han turkmen halkyny berkarar etmek uçin goreshen adam. Men bir zada hayran galyan, namuçin TV-radioyaylymlarda sholar hakda ginishleyin gurrun edilenok. Biz olary shu wagtam kone arhiwdir kitap jurnallardan gozlap taryhyny bilyas. Olar yaly adamlaryn taryhyny owrenmek bize hokman zerur, biz geçmishimiz owrenmesek, gelejegmizi asla bilmeris!
-
jeyn91
13 years ago
- salamlar edil men shol juneyit hanyn 3 tom kitabyny okadym shonadaha juneyit hanyn gowy tarapy gorkezilmandir dine halkyny ezmek baylyk mal dowlet il arasynda abray dine shon aladasy bn gezyan adam eken ola
-
Yegen
13 years ago
- SSSR dowrunde yazylan kitapdyr olar, ony okan bolsan sho wakalary tersine owray. Ol wagtlar dowur sheyle bolanson yazyjylarmyz sheyle yazmaga mejbur boldular. Ol halk uçin goreshen adam, tuys turkmen hanlarynyn beyik shahsyyetlerinin biri.
-
jeyn91
13 years ago
- belkem sheyledir yone...............
-
Yegen
13 years ago
- Yonesi name Jeyn dayza, ayday bildigimden jogap berjek bolaryn!
-
magnit
13 years ago
- 91-ler uje sssr-iñ duzuny iyen adamlar!)))))))
-
jeyn91
13 years ago
- yegen dayy yonesini aydaysam gepimiz alyshman chekelesherisda goy ondan shul gurruni shu tayda goyup gidelile
-
Yegen
13 years ago
- Bolar Jeyn! Yokla men çekeleshme niyetim yoklay, menem bildigimden sana dushundirayjekdim.
-
jeyn91
13 years ago
- ay borla
Patron 13 years ago- mirasgar sagja bol-a! 20-nji asyr turkmen taryhyny we edebiyatyny dushundirmek-ha dal, eysem olara dushunmek hem kyn. Taryhy maglumatlary yzygiderli beyan edeniniz uchin men size bash egyan. Yone galan dostlarymada yuzlenme!!! Eger jûneyit hany gowy owrenesiniz gelse beki seytakowy okamañ. Menden nesihat size.