Garyp bir adam, işinden aýrylyp, näme etjegini bilmän alaçsyz galypdyr. Bu ýazgydyna ah-wahlar çekýän garyp, her pursatda Alladan şeýle dileg edýärmiş: - Eý hökümdarlar hökümdary, eý möjegi, guşu gorap saklaýan! Meni ýaradan sensiň. Ryskymy hem seň özüň berip dur!... Garyp adam, ýyllaryň dowamynda şeýle dilegde bolupdyr. Soňunda bir gije düşünde bir adam: - Rysgyyňy kagyzçylaryň owadan ýazan kagyzlarynyň arasyndan gözle. Kagyzçy goňşyň kagyzlarynyň içinde bir hazynanyň kartasy bar, şol kagyzy diňe sen oka we hazynany tapjak bol. Umydyňy asla ýitiräýmegin, diýip buşdulapdyr. Garyp ertesi gün oýanyp-oyanmanka, begenjinden uçaýjak bolupdyr. Derrew goňşusynyň ýanyna gidipdir. Öýüni ser salyp, düşünde gören kartasyny tapan badyna, jübüsine salypdyr. Garybyň tapan kagyzy hakykatdan hem bir hazyna kartasyna meňzeýärmiş. Kagyzda şular ýazylgy: - Şäheriň daşynda bir hazyna bar. Içinde bir şehidiň mazary bolan, arka tarapy şähere, gapysy düz meýdana garşy ýerleşen bir gümmez bardyr. Arkaň şol gümmeze seretsin, ýüzüňi bolsa kybla öwür. Soňra ýaýyň bilen bir ok at. Okuň baryp ýeten ýerini gaz we ine hazyna şol ýerdedir.. Garyp kagyz ýazylan ýekeme-ýeke berjaý edip şol gümmezi tapypdyr. Arkasyny gümmeze seretdirip, kybla bakan bir ok atypdyr. Soňra bolsa okuň düşen ýerini gazyp başlapdyr. Garyp halys ýadara deňeç gazypdyr, pili hem gazmakdan ýaňa döwülipdir. Emme hazynadan hiç bir yz ýok eken. Bu gezek daş töweregini gazyp ugrapdyr. Adamlar bolsa ony akly azanyň biridir öýdüp düşünipdirler. Garybyň hazyna kartasyny tapanlygy barada habar ahyrym patyşa baryp ýetipdir. Garyp bolsa patyşadan zelel geler gorkusy bilen, öz kartasyny oňa beripdir. Ol patyşa bir näçe ýerleri gazandygyny we näçe tijense-de şol hazynalary tapyp bilmedigini aýdypdyr. Bu gezek patyşa-da kartanyň kada-kanunlaryna laýyklykda okuň düşen ýerini täzeden gazdyryp başladypdyr. Ýüzlerje ok atylypdyr, epesli ýer gazylypdyr, emma hazyna tapylmandyr. Meýdanlary, çölleri, daglary gazym-gazym etdiren patyşa, soňunda bu işden bizar bolupdyr. Gaharyna ýaňa elindäki hazyna kartasyny-da alyp, garybyň ýüzüne oklapdyr. Patyşa, adama: - Bu kagyz, işi ýoklara bir güýmenje. Bu kär, işli adamalaryň käri däldir! diýipdir. Ol adam indi halys bialaç galypdyr. Ellerini açyp Alladan dileg edipdir. Birsalymdan soň bir ses eşidilipdir. Ses: - Ýaýyňa bir ok ýerleşdir we at. Okuň nirä düşse, şol ýeri gaz, diýipdir. Garyp ýene-de aýdylany edip, bir ok atypdyr. Ok, göni aýagynyň düýbüne düşüpdir. Epesli gün bäri uzaklara düşen oky yzarlap, okuň düşen ýerini gazýan garyp, indi öz aýagynyň düýbüni gazyp başlapdyr. Bir näçe depik gazanyndan soňra,ahyrym hazyna görünipdir. Ol, maksada okgunlyk bilen gözlän hazynasyny, uzak bir ýerde däl-de, öz aýagynyň aşagyndan tapypdyr. Allatagalla, şah damaryndan hem ýakyndyr ynsana. Sen bolsa oka meňzeýän düşünjäňi, zol-zol uzaklara atyp dursuň!..
HAZYNANYŇ ÝERI
-
Broker
13 years ago
- ondaky barter men
-
Broker
13 years ago
- yagny shony goyan :)
-
aynash
13 years ago
- gyzykly eken broker paylashanyngyza minnetdar!!!
-
Auditor
13 years ago
- Broker ellerine saglyk!!!
-
muzazzi
13 years ago
- sagjabol!
-
zagajkis
13 years ago
- gtlerine saglyk!!! (nacesi bar bolsa)
-
Auditor
13 years ago
- (((
-
mirasymyz
13 years ago
- Broker sagja bol, yazyp dur.
-
Auditor
13 years ago
- Zaga! Önemä aydpdym welin yene bir synanshaýn! Näme i$in ba? diymegnem mùmkin, yøne sana bolan hormatymy sylagmy gözönùne tutp yazyan shuny! Saýdmzy dashyndan gelip bulayanlar sheylede az dälä, dogry dämi? Dù$unyän sen degi$gen göwniacyk, yöne arasynda has öteräk gecyändä. Oyn etmeli tema bar etmeldäli bar! Lakamynam ùytgedäydä, sen bir musulman adamsa! Gyzlar otyrýara saýtda beýtmedä! Gödegräk bir zat yazan bolsam aýyplashmarsyñda! Azajygam bolsa pikirlenip göräy, menä dogrusy erbetlige garashamok senden, dushunjesi pes adama menzänok!
P.s: broker sizin temanyzda muny yazanym u/n bagyshlan, ayratyn tema acmayn diydim shun ucin, yeri geldide yazaydym. Zaga, bu haýyshdyr mana ters dushunme!
-
zagajkis
13 years ago
- elbetde auditor yone mydama gowy zat yazsm adyma gelisjek dalda.
bi pikirlen ucin sana bas auditor derejesini berameli.
-
mirasymyz
13 years ago
- Auditor, jigim! Gaty dogry belläpsiñ. Göwne degjek zadam diymänsiñ.
Zaga... Dost, señ käbir jogaplañña (ahlaksyz jogaplara däl) ichimi tutup gülyän. Yöne nigiñi yigrenyän. Gayrat etde mümkin bolsa chalyshsana. Meñki teklip. Zagajkimok diyip üytgedäy bolmasa. Özüñem köne agza bora chemeli. Göwne degjek bolamok dost. Hayysh...
-
Auditor
13 years ago
- Zaga mana dogry dushunenin un minnetdar, mirasymz goldanynz ucin sizede köp sag bolsun aytyan. Zaga mirasymz gaty gowy maslahat beripdir zagajkimok saña tùys gelshayjek lakam. Chalshaysana shona!
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- broker sag bol yazan rowayatyn ucin
-
zagajkis
13 years ago
- zagajkimok???
ay munynyza cimo diyen yaly bolyalay.
gul yaly gowy at diyip saylap alyp goyupdymda, arman gownuniz yetmeday. hany ozum pikirlenip gorerin.
-
Auditor
13 years ago
- Hany bir pikirlen. Sen gowsy bara "zaga" diyip chalshay menä sana shey diyip endigem edipdirin :-)
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- gowam gel$yär zaga
beckham 13 years ago- Tes.com da okadym broker