Nurberi han Nurberi han 1820nji ýylda Gökdepede dogulýar.1880nji ýylyñ ortalarynda hemşol ýerde aradan çykýar. Nurberi han 1850nji ýyllaryñ aýagynda 1880nji ýyla çenli Ahalyñ hany bolupdyr we ömrüniñ ahyrynda Ahalyñ we Marynyñ hany bolupdyr. 1850nji ýylyñ ahyrynda Ahalyñ merkezişähri bolan Gökdepede uly maslahat bolýar.Oña Türkmen topragynyñ dürli künjeginden Hanlar ,Serdarlar,Ýaşulular,Aksakgallar we beýleki parasatli wekiller çagyrylýar. Maslahatda baryp,Görogli begden –soltandan(8-9nji asyrda)tä Şirgazy han zamanyna çenli Teke Türkmenleriniñ 18sany baş hanlygynyñ bolandy barada söhbet açylýar.Şirgazi han zamanynda Tekeleriñ baş ýaşulusy orazmämed ogly döwletmämed düýegöz agadan başhanlygyñ keýmir köre, ondan Annaseýit wekile,ondanam Myrat serdarageçişi, 1819nji ýylda Myrat serdar ölenden soñraky 30 ýyllykda bolsa Tekelerde bir näçe gala hanlary bolup,baş hanlygyñ bolmandygy hakda gürrüñ edilýär. Uly söweşlerde han ornuna orta çykarylan gala hanlaryñ iñ ekabyry Garaoglan hanyñ (Nurberdiniñbabadaşy,baba onbegiñ ogly)1819-20nji ýyllarda diýen wagty eken. Emma baş han bolmak üçin ýedi şertiñ zerur bolanlygy sebäpli,ol baş hanlyga göterilmeýär. Umuman,şol mejlisde mongol talañçylary we beýleki gaýry ýatlar tarapyndan uly zarbalar urulyp,bir-birindençetleşdirilen Türkmen taýpalarynyñ ýagdaýy barada pekirler orta atylýar. Esasan hem Eýranly,Russlar we beýlekigelmişikleriñ jansyzlarynyñ derdinden çarwalara we beýlekilere rahatlygyñ ýokdygy,hemme taraplaýyn halka ýarajak,ortak,ekabyrýolbaşçynyñ zerurdygy ýaly ençeme meselelere garalýar. Şonda şeýle ýolbaşçylyga iki adam : Nurberdi döwletýar bay ogly ( Ak wekillerden)hem-de Hajygurbanyñ ogly Mämetwli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlygy Orazmämet han(Gara goñurdan)görkezilýär. Olaryñ ikisi-de öz tire- uruglarynyñ hany eken.Saýlaw mejlis hakyky alnyp barylýar.Haçanad sese goýlanda Orazmämet han artykrak ses alýar.(şol wagtlarda gol galdyrylman,ses sanalar eken ). Emma örän paýhasly hem-de halatly serdar Orazmämet hanlygy öz üstünden aýyrylmaklarynyhaýyş edýär. Öz çykyşynyñ ahyrynda şeýle diýýär : --Owaly biribaryñ güwäliginde men hanlyk ornuny Nurberdi döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn,çünki ol gadymy Bas eýamynda ýaşululyk eden Keýmirden öñki Teke Türkmenleriniñ aksakgaly Döwletmämet düýegöz aganyñ tälimini alan Anan onbeginiñ izidyr. Muny atasy Mürrük baý,kakasy Döwletýar baý hem örän çörekli- çekimli adamlardyr.Onsoñ ynanç- yktygatda,adalat-päklikde,güýç- gaýratda hem akyl- paýhasda,delewarlyk- herbaplykda,söweş-syýasatda Nurberdini biz tanaýarys.Agyr ile başbolmakda pysgal- döwletliligem wajypdyr.men öz rysgalymdan närazy däl,ýöne uly iliñ öñünedüşerlik rysgalymyñ ýokdygyna-da gözüm ýetýär.Bular bolsa ata-baba rysgallyçykymly,çörekli- hamyrhana ugurdyr. Galyberse-de,onuñ okap ýazyp bilmegi,golunyñ has giñ bolmagy,menden artyk ýerleridir.Han bolmak üçin goly giñligem gerek ahyryn.Il-günden nökerlige çekmeli,olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli. Tekeçilikde ilden algyt-salgyt ýygnamaklygyñ ýokdygyny bilýänsiñiz.Garaz „Goly giñiñ goly uzan ýerine ýeter,goly ýukanyñ eli ýakasyna- hyrçyna ýeter„ diýileni-dä,şu nokdaý nazardanam men hanlyk- ýaşululykmertebesine öz razylygym bilen sesimi Nurberde bagyşlaýaryn… Başga-da ençeme çykyşlar bolýar.Maslahat-mejlisiñ esasy guramaçy-kethudasy örän dilewar hem adalatly Atajyk molla (Nyýazdurdy mollanyñ ogly) sözüni jemläp pata berensoñ, „Hangöter „ dabarasy başlanýar. Şeýlelikde,Nurberdi döwletýar baý ogly hanlyga göterilýär.Nurberdi juda uzyn boýly,soñkbaşy iri,eginlek, süýrüRäkden uly kelleli, tüññüräk mañlaýy giñden ýaban,göniburunly,garasy köpräk goýun gözli,gaşlagrak,bugdaýreñ Gyzgylt ýüzli,az-zu sözli,diñlemegi söýýän,synçy ýiti nazarly,ynanç- yktykatly,nebsinden ynsaby ýokary,rehimli hem gazaply,ýürekli,gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl- paýhasly,söweş-syýasatdanbaşy çykýan,berk bedenli Sabyr- kanagatly,Türki sowatly sada adam bolupdyr. Ol Anan onbegiñ ýuwlygy,Garry baýyñ çowlygy,Mürrük baýyñ agtygy,döwletýar baýyñ bolsa ogludyr.Nurberdiniñ Üç aýaly bolupdyr (Nurigözel,Rabygözel,Güljemal).Olardanam önen ogullary: Berdimyrat batyr,döwlet beg,magtymguly han,Garry han, Ýusup beg,Magtymguly hanyñ ogly Mürrük han,onuñ ogullary Suhanguly,Ata webaşgalar Ata onbeginiñ doganynyñ kowumlarynyñ biri-de Baba onbeginiñ ogly Garaoglan handyr.Ol Nurberdi bilenbabadaş garyndaş. Nurberdi – Teke – Togtamyş – wekil – ak wekil – Garaýörme – onbegidir.
Nurberdi han
-
Multikaga
13 years ago
- Şeýlelikde,Nyýazdepe
çapylşyny,Hurmant
çapylşyny,Gereý gyrgynçylyg
(Gyzylarwat urşy),Şarlawuk
urşuny,Welgyz urşuny,Goç-zaw
uruşlaryny,Sarahs we Garrygala
söweşlerini,Çat we beýleki
uruşlary başyndan geçiren
serkerde Nurberdiñ
ýolbaşçylygyndaÝumut,
Gökleñ,Salyr,Saryk,Ärsary
ýaly,onlarça Türkmen
taýpalarynyñ arasynda agzybirlik
rowaçlanýar.
Elbetde munuñ özi Nurberdiñ
tagallasy bilen ýörite wagyz-
nesihatçylar toparlarynyñ
döredilmegi netijesinde amala
aşyrylýar.Ýany goragçylar bilen
üpjün edilen agzamlary guma we
beýleki ýerler topar-topar bolup
ugraýarlar.Olar Türkmen taýpa-
tireleriniñ arasynda bolup,ilata
daşkywe beýleki gelmişek
duşmanlarynyñ kimlerdigini
düşündirýärler,öçlerini
ýaraşdyrýarlar,çarwalaryñ
arasynda-da agzybirligi ýola
goýup,ýerli halkdan
20-30-40-50-100 atlydan ybarat
goraýjy
Toparlary,añtaýjylary,ýolbeletleri,
onbaşy,ýüzbasylary
döredýärler.Olara at-
esbap,ýaraglar bilen üpjün
edýärler,atlylarbaşlaryna çenli
saýlaýarlar.Şondan soñra olar öz
obalaryny
duşmanlardan,alamançylardan
gorapdyrlar,birek-birege kömege
ýetişip,hemişe hüşgärligi
agzybirligi elden
bermändirler.Beýleki taýpalar
hem bu syýasaty ikielläp
goldap,özaralarynda ýokary
tertip-düzgünnamany ýola
goýýarlar.
Nurberdi han 1855nji
ýyldaSarahs-da Hiwa hany
Mädimin bilen bolan
çaknaşykda,doly abraýa mynasyp
bolýar.1858nji ýylda bolsa Eýran
şasynyñ goşunyJafarguly han
serkerdeliginde Garrygala Ýumut-
Gökleñleriñ Üstüneýöriş
edýär,şonda olardan Nurberdi
hana dadygöý(Gyssagly habar
ýetirýän)habarçy gelýär.Nurberdi
han 12muñ Teke atlysyny,Mahmyt
işanyñýardymy bilen ýygnalan 6
muñ Ýumut(Atabaý
ýumutlaryndan) atlysyny
toplap,Garrygala-söweşe ýöriş
edýär.Ýerli halkyñ ýaşululary
hanyñ özüniñ goşuna esasy
ýolbaşçylyk etmegini haýyş
edýärler.Duşman bilen uruş bir
hepdeläp dowam edýär.Emma
Nurberdi 7nji gün uly mejlis
gurap,şonda ahyrky sözünde
şeýle diýýär:
- Ýaşulular,serdarlar,ýygitler ! Siz
maña izda boluñ diýmäñ ! Bizden
öñki Tekeýaşulularymyzyñky ýaly
meniññem adym hanam
bolsa,serdar
ornundadyryn.Şonuñ üçin siz
meniñ maslygymy ganhor
Jafarguly hanyñ tugunyñ
astyndanbaşga ýerden
gözlemäñ ! Batyrlar ! Çozuñ
azana musallat boluñ ! Ýa Allah !
Diýip,ol at salýar.
Şol soñki zarbada Bejnurdiñ hany
Jafargulynyñ serkerdeliginde külli
Türkmeni bakna etmek üçin
Eýranyñşasy Nasretdin “
ýeñilmez “ Atly,toply-
tophanaly,kemsyz ýaraglanan
serbazlardan düzülen san hem
güýç taýdan bir näçe esse artyk
goşunyçym-pytrak edilýär.Şonda
Eýranyñ haý-haýly sary topy-da
olja alynýar.
Aýagalydygyna gaçyp barýan
Jafarguly han Gökdepeli Teke
jarçysy,garasähdiñ elhenç sesini
eşidendezähresi Ýarylyp,huşy
başyndan uçýar.
Uly ýeñişe garaşyp oturan
Nasretdin şah “ Şum habary “
eşidip özünden gitýär.Bu barada
şol söweşi gören Abdysetdar
kazynyñ “ Jeñnama “
Poemasynda şeýle diýilyär :
Diýidiler : “ Bu işler kyndyr, eý
şah !
Ki ýagny leşgeriñ öldi,bol aga !
Bolup bihuş,ýykyldi jalkasyndan
Pozan boldy niçe ýel arkasyndan
Şondan soñra Gökleñ,Ýumut we
beýleki tire-taýpalaryniñ
ýaşulularyNurberdi hana we ähli
Teke garyndaşlaryna alkyş baryny
aýdýarlar,duşman kim,dost
kim,ymykly göz
ýetirýärler.Şeýdibem,Nurberdi
hanyñ tagallasy netijesinde
Türkmen tirelerniñ arasynda
duşmanlartarapyndan düwlen
düwünler çözilip,agzybirlik
dikelýär.
-
Multikaga
13 years ago
- Garrygaladan gelen dessine
(1858nji ýylda) Nurberdi han
özüniñ
wekilleri,geñeşdarlary,serkerdeleriñ
bilen Mara gidýär we Teke-Saryk
dawasynyñ çözülmegine uly
kömek edýär.Ol 1861nji ýylda
Nasretdinşanyñ Mara eden
çozuşynda-da duşmany derbi-
dagyn etmekde özüni tanadýar.
Şondan soñra Gowşut hanyñ
Teklibi boýunça Nurberdi Ahal-
Marynyñ hanlarynyñ hany
saýlanýar. 1862nji ýylda bolsa
hanlar hany Nurberdi han Mara
gelende-de Ahaldakysy ýaly öz
öýünden örsün diýen niýet bilen
oña abraýly ýeriñ asylly
maşgalasyny-Töre-sokynyñ
gyzy,adamsy (Annaöwez) 1855nji
ýyldauruşda ýogalan Güljemly
nikalap alyp berýärler.Nurberdi
Salyr-salyk,Ärsary ýaly beýleki
taýpalarynyñam arasynda uly
hormata mynasyp-ortakýaşululyk
abraýyny saklanlygy ; alagöz bilen
seretmekdendaşda
duranlygy,hemişe halky öñe
sürüp , il-gününe hormat
goýmagybaşaranlygy üçin onuñ
mülki Baýramalyda
tutulýar.Nurberdiñ ölüminden
soñ onuñ mülki Wekilbazara
göçürilýär.
Nurberdidir Gowşut hanyñkyda
bolan gizlin maslahatlaryñ
netijesini Russ içalysy Aly mülhit
(halk arasynda tutulýan ady )we
başgalaröz baýarlaryna ýetirip
durýarlar.Emma bu iki hanlygyñ
barha pugtalanmagy ,halkyñ
olaraşalaryñ şasy ýaly ynamly
garamaklary duşmanlary
nugsana getirýär.Dogursy,Russ
genrallary,serkerdeleriñ olaryñ
bir näçesine Halat-serpaý,aýlyk-
pul bermek ýaly hilelerde ýüz
urýarlar.
Emma birnäçe gezek ýaraşyga
baranda kabul etmäñ,amatly
pursatlary elden gieren
zalymlaryñ hilesi ýol almaýar. “
Han aga,bularyñ zat berip
durmalary nämäniñ alamatyka? “
diýip soranlarynda Nurberdi
han :
“ Aý , adamlar, “ Doñuzdan tüý
ýolmak ýolmakdyr “ diýileni.Olar
şu çalaran kelleler üçin
berilýändir.Goy,bersinler
bakaly,berilen zady il bähbidine
harçlaberiñ,munuñ astyndaky
hileler ýol almaz.Ýylan,egrem
bolsa,hine girende
gönileýändir,tiz göneler“
diýip,başyny sypap,jogap berýär.
1878nji ýylda Gowşut hanyñ
Russ ofiseri-içalasy Aly mülhit
tarapyndan awy berilen
öldürilendiginieşidip,Nurberdi
han “ Sag omurdanam goparylan
ýaly boldum… “ diýär.Onuñ ýerine
serkerde goýmak üçin tagalla
etse-de gyssagarada
başartmaýar.Çen edilýänler ýa
garran,ýa Täçgök serdar ýaly
adamçy iner häsiýetli,ýasöweş-
syýasaty gowşan,ýa nepsy
ynsabyndan güýçli.ýa-da gözsüz
batyr…bolup çykýar.Şondan
soñra Nurberdiniñ özi-de
syrkawlaýar.
1879nji ýylda Russ goşunlarynyñ
Gökdepe çözjakdygy hakdaky
habaryeşidip,ol agyr halda bolsa-
da Marydan ahala gaýdýar.Emma
barynça urus Tekeleriñýeñişi
bilen gutarýar.Ol şol söweşde
ýolbaşçylyk eden ogly Berdimyrat
batyryñ ölümine şükranalyk
eden,emma Gara batyryñ we
beýlekileriñ ölümine gaty gyýlýar.
Ol gyssagly maslahatda gelnen
nitije boýunça Dykma serdaryñ
hem Öwez baýyñ
ýolbaşçylygynda9sany wekilli
(Töwellaçyny)ýaraşyga
ýollaýar.Emma olar kabul edilmän
gaýtarylýar.Galanyñ günbatar we
gündogar taraplaryny
berkidip,22muñgoşuny
jemläp,söweşe ykjamlanyp başlan
Nurberdi hanyñ derdi
gozgap,gaýra ýüzlip ýene-de
syrkawlanýar.
Şol başagaýlykda iki sany
adam,biri pir beýlekisi sopysy
bolan bolup,haja zyýarata barýan
sumaklar hanyñ halyny soran
bolup,onuñ-da käsesine awy
goýup,içirip,ölmegine sebäp
bolýarlar.Olşu wagtlar- da 60-61
ýaşynda eken.
Kakasynyñ hatyrasyna 20-21
ýaşlaryndakyogly Magtymgulyny
wagtlaýyn hana
saýlaýarlar.Nurberdiniñ öz
garamagyndaky hanlyklar bilen “
Ýedi ölçäp,bir kesip “ hereket
etmegli sebäpli ençeme ýerde
ýoly baglanan Russgoşunlary
güýçli zarbalara,ýitgilere sezawar
bolýarlar.Şonuñ üçinem Zakaspy
harby bölümi Tekeleriñ
hereketleri hakdaşeýle
maglumatlar berýär :
1.Tekeler Krasnowodskdan
Hojagula barýan kerwenmize
çozmak üçin otyrýad ýolladylar.
2.Bendesende 4nji sentiýabyrda
biziñ üstümize ok atdylar.
3.Hojagalada ýerleşen lagermize
gije çozdylar.
4.Ertesi düýelerimizi elimizden
aljak boldular we iki gün izmyza
düşüp,izarlap heläklediler.
5.Ýaragsyz topçylarmyzyñ üstüne
gapyllykda çozup aldylar.
6.Bizden gaçan dönük Nurowy
Tekeler öz arasynda saklaýarlar.
7.Çat berkitmesiniñ ýylki süresine
çozup,Atabaý ýumutlary bilen
goşulşyp-birleşip,Çekişlerdäki
deñiz ýakasyndaky postlarymyza
çozýarlar.
8.Çatdaky we Çekişlerdäki 4-5
rotany alyp gitmeseñ hiç ýana
çykyp bolmaýar.olar bizi gabaw
ýagdaýda saklaýarlar.
Russlar Nurberdi hanyñ
baryp1870nji ýyllardaky
maslahatyndan soñra Russ
goşunlarynyñýollaryny
baglamaga Türkmen atly
gosunlarynyugradyşy,kenarýaka
Türkmenleriniñem Russlara mal
we beýleki kömekleri bermekden
ýüzdöndirişi,Russ goşunlarynyñ
1872nji ýylyñ ahyrlarynda Etrek
derýasynyñ üsti bilen bärik
aralaşyp,Aşgabat tarapa
süýşmekleriniñ
serpikdirilşi,Nurberdi hanyñ
goşunlarynyñ bir toparynyñ
Krasnowodskdan Hiwa
hanlygyna barýan russ
goşunynyñazyk suwlaryny
oljalaýyşy we olary uruşa
ýetirmän,Balaişemden izlaryna
gaýtmaga mejbur edişi ýaly
hereketler Russ serkerdeleriniñ
göz öñünden geçýär.Şondan
soñra ýokarky maglumatlary
Kafkaza ýollaýar.
Genral Lomakiniñ
ýolbaşçylygynda
(1877-78)Aşgabat tarapa edilen
synanşyk şowsuz gutarýar,olar
köp zyýan çekip,Gyzylarwatdan
izyna gaýdýarlar.Şondan soñra
Gowşut bilen Nurberdini
öldürmek baradaky
maslahatlaryna has-da
çynyrgadyp,şol kelleler üçin
goýlan baýraklary öñküden-de
ýokarlandyrýarlar.
Erkin ýaşap ýören Türkmenleriñ
üstüne esassyz hem-de agyr
ýaraglar bilen ýaraglanan
goşunly,hile ýüküni-de tutup
gelen Türkmenleriñ arasynda
agyzalalyk,bölünşiklik salmak ýaly
adalatsyz hereketleri etmedik
bolsa,gaýduwsyz
gahramanlarymyzyñ serlerini
topraga garanduşman,eger aç-
açan uruşa geçen bolsa
(hilesiz)onda Türkmenleri asla
alyp bilmezdi.
Ata-babalarymyzyñ ömürboýy
garaşanerkana zamana indi
gelip ýetdi.
Gökdepäniñ günbatarynda
Hankäriz gonamçylygynda
Nurberdi hanyñ we onuñ sag-
solunda ýatan ogullary Döwlet
beg bilen Magtymguly hanyñ–
üçünjisiniñ mazarynyñ üstünde
Tejenli Orazgylyç molla ogly Hoja
ahmed ahunyñbaş ussatlygynda
äpet ýadygärlik gümmez
galdyryldy.Ol indi uly iliñ
zyýarathanasyna öwrüldi.
Nurberdi han bilen baglanşykly
materýallar esasan tejenli kyssaçy
merhum suhanberdi annagurban
oglynyñ
(1898-1983)gürrüñlerinden
alyndy
Edebiyat we Sungat
-
Bagyr
13 years ago
- sagja bola multikaga okap hezil etdim ellerine guller bitsin sular yaly taryhy yatlamalar we yazgylar bolsa yene yazyp dur!!:)
-
samat
13 years ago
- sagja bol multik.bulary bilmeyanler gaty kandir we bular her turkmenin bilmeli zatlary.maglumatyn bar bolsa,gowsut han,juneyt han,kyyat han,eziz han,gaygysyz atabay,nedirbay aytakowlaryn sahsy durmusyny bize yetirmegini hayyst edyan.
-
beckham
13 years ago
- Özun yazan bolsan 176 sapar sag bol
-
Auditor
13 years ago
- Multikaga kop sag bolun!
-
Multikaga
13 years ago
- Sag boluñ sizede doganlar! Men oñki "multik" atly agzañyz! Nämuçindir meni admin aga saýtdan kowdy, olam bir bolgusyz agzañ günäsi bilen! Men birki söz-sögenim üçin, ýöne gaty erbet sögmändim! Aý borda, admine-de kyndyr kimiñ-kimdigini tanamak, shu temany "multikaga" lakamda ýazanymam shoñ üçin! Men indi bu lakamam aýyrdym, bashga bir lakamda gelerin! Men gadymy taryhy ýazgylarymyzy size ýetirmegi maksat edindim, biz taryhymyz hakda, hökman bilmelidiris! Men ony size ýetirip duraryn, özümde-de taryhy ýazgylar gaty kän, egerde sizde-de taryhymyz hakynda maglumatlar bar bolsa, hökman ýetirip duruñ doganlar!
-
beckham
13 years ago
- Hmmm dogry.
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol yashuly menem taryha gyzyklanyan. Nurberdi han hakynda bu yazgyny okap gormandim, onki dowurde gezip yoren yaly boldum.
-
aynash
13 years ago
- salam multikaga.taryhy maglumatlaryngyz gaty gyzykly eken kop-kop minnetdar yene bolsa biz bn paylashyp durung!!!
-
magnit
13 years ago
- nurberdi han - atdash eken )))
Gaty zor adam bolan :-) aýaly güljemal han hem maryñ hany bolan.
Multikaga 13 years ago- Ol 30 ýaşlarynda
hanlyga göterilýär.
Garaoglan hanyñ terbiýesini
alýar,emma esasy terbiýeçisi Däli
tilkidir.
Şol maslahat-mejlisde Börmäniñ
gala hany öwezmyrat – Dykma
serdar mämetnazar ogly baş
serdarlyga göterlip,ol tä hanyñ
ölümine çenli onuñ sag goly
bolan.Onsoñamşonda
kazylyk,wekillyk, onbeglik,
işabaşalyk(goşun
serenjamçysy),ýüzbaşlyk ýaly
ençeme wezipeler ýola goýulýar.
Şol dabara mynasybatly tutulýan
üç günki toýdan soñra Döwletýar
baý gylýal sürülerini ýataklara
gabap,ulagsyz jigitleri at saýlap
almagy yglan edýär.Özüniñ ähli
mal-düýnýesini,baýlyk-mirasyny
bolsa ogly Nurberdiniñ
hanlygyna,halkyna bagyşlaýar.
Ahalda Nurberdiniñ,1853nji ýylad
Sarahs-daGowşydyñ hanlyga
göterilmegi,olaryñ arasynda
doganlyk-dostlykRiştesiniñ
pugtalanmagy daşgy hem içki
duşmanlary agyr oýa
batyrýar.Şonuñ üçinem
duşmanlar Türkmen taýp
alarynyñ,Tireleriniñ,hanlyklarynyñ,
serdarlarynyn, din wekilleriniñ
agyzlaryny alartmak,Esasanam,şol
iki läheñiñ Nurberdi bilen
Gowşudyñ başynyýimek ýaly
hilegärliklere ýüz urýarlar.
Patyşah Russiýasynyñ orta
Aziýa,şol sanda,Türkmen
topragyna hem dört
tarapdan :Orunburgdan,gazagystandan,
Mangaşlakdan,Krasnowodskdan
ýörişler etmek planyny amala
aşyrmaga gyssanýandygyny
bilýän Tekeler agzybirligi ünsi
güýçlendirýärdi.
Nurberi hanyñ tagallasy bilen
Orazmämet han,Gara batyr,Sopy
han,Gülbatyr serdar,Amanaly
garga,Myrat hunk- är,Gylyç
batyr,Maññyt batyr,Esenoglan
han,Muham serdar,Garaýüz batyr,
Garaoglan han,Öwez baý,Däli tilki,
Polat han,Gara döw,Amangeldi
we emingeldi serdarlar,Berdi
kazi, Hanmämet atalyk,Durdy
mugt,Öwezli tentek,Täçmämet
(Gönebek),Anzar
pälwan,Öwezgeldi ussa, Gadam
mergen,Amanguly han ýaly
batyrlar ;Atajyk molla
Gurbanmyratişan,Kerimberdi
işan,Mahmyt işan, Seýitmämet
hoja,Muzaffar işan,Nazaraly
molla,Molla ker,Seýit Işan,Ak
işan,Muham sopy ýaly ençeme
din hadymlary ; Gara sähet ýaly
aýylganç sesli
jarçylar;Mätäji,kätibi,
meskingylyç,Guba ýaly
şahyrlar;Gönebek,Orazmyrat
topaz,Gulgeldi tümen,Hally şaýly
ýaly bagşy-sazandalary
Onlarçasy bir çukura tüýkürýärler.