PYGAMBER (sallaLlahu aleýhi we sellem) AHLAGY Aýşa (radyýAllahu anhu) enemizden rowaýat edilmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Söweş halatyndan başga (Allah j. j ýolundaky söweş) Ol öz gul-gyrnak we aýallaryndan hiç kimi eli bilen urmaýardy. Olar oňa nähili ýamanlyk etseler hem, Ol hiç wagt olardan ar aljak bolmaýardy. Diňe Allah (jelle jelaluhu) çäkleri bozulan wagtynda Ol Allah (jelle jelaluhu) üçin ar alýardy“. (Müslim) ŞERHI: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) mu'minler üçin ahlak göreldesidir. Şonuň üçin Onuň döwründäki musulmanlaryň göz öňünde ölçegleri bardy we olar şoňa deňleşýärdiler. Emma soňky döwürlerde Yslam giňäp ýaýraýar. Köp adam Yslamy bir bütewi durmuş sistemasy hökminde kabul etmän, diňe ynanç bölegini ýada hut syýasy garaýşyny, ýada aýratyn diňe sosial tarapyny kabul edip, ahlak we edebini ýatdan çykaryp daşlaşyp ugradylar. Mu'minleriň edep-ahlagy terk etmegi sebäpli, birnäçe güýçli alym özlerini ahlak ylymlaryna beripdirler. Sebäbi ymmatda şol ýetmezçiligi görüpdirler we şol bolmasa, uly betbagtçylyklaryň ýüze çykjakdygyna göz ýetiripdirler. Mu'min hemişe öz ahlagynyň üstinde işläp, ony biziň ahlagymyzy düzeltmek üçin iberilen Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem)-iň ahlagyna meňzetmäge çalyşmaly. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) hiç wagt aýallaryna ýada başga birine el götermändir. Mu'mine el götermek, urşyp ýörmek, aklyny ulanman diňe sesi we göwresi bilen öz nebsiniň islegini kanagatlandyrmak laýykmydyr? Şol ahlakmydyr we niresi Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem)-e meňzeýär? Adama el götermek ejizlikdir, aň we ahlagyň pesligi, özüňe erk edip bilmezlik, medeniýetiň pesligi, ownukçyllyk we çagalykdyr. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) adamlar bilen sanaşyp, ýumruklaşyp ýören derejede pes adam däldir. Ol diňe söweşlerde uruşýardy, onda-da ölümine söweşýärdi we diňe din duşmanlary bilen. Ýöne şonda hem ynsan mertebesine gelişmeýän hereketler etmeýärdi. Aýal-çaga öldürilmeýärdi, ekin-bakjalar zaýalanmaýardy, mal-garalar gyrmaýardy, söweşmeýänlere degilmeýärdi we Ol köpleri bagyşlaýardy. Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) ruhy dünýäsi diýseň çuňňur we giňdi, Ol hikmetde beýik adamdy. Ol hiç wagt nadan adamlaryň derejesini peseldip, olar bilen deň bolup durmaýardy. Ol bu ownukçyl, pes ahlakdan päk we beýikdir. Şonuň üçin Ol hiç wagt özüne (Öz şahsiýetine) dil ýetirilse ýada nähaklyk edilse göwnine alyp kine göterip ýörmeýärdi. Agyr degsede üns bermeýärdi, Allaha (jelle jelaluhu) tabşyrmany başarýardy. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) iň adalatly we güýçli wekildir. Onuň bu dünýäde has uly we beýik maksatlary bardy. Ol owunjak we gelşiksiz, gereksiz we biderek işler bilen meşgul bolup ünsüni esas maksadyndan bölmeýärdi. Şahsy aryňy kowalap ýörmek mu'miniň ahlagy däldir. Her bir nadanyň, ahlaksyzyň, ylymsyzyň sözüni kalbyňa ýakyn alyp gaýgy alada edip, ar almana çalyşyp ýörmek peslik we akmaklyk dälmidir? Ol Allah (jelle jelaluhu) bilen şeýle bir güýçli muhabbeti bardy welin, Ol diňe Allah (jelle jelaluhu) üçin söýmäni we Allah (jelle jelaluhu) üçin gaharlanmany ahlak edindi. Öz gul hakyny ahyrete goýdy. Şu bir hakykat - dogry ýolda ýöräp barýan mu'mine hem duşmanlaryň hem musulmanlaryň öz içinde göriplik bilen garaýanlar, söýmeýänler we ýigrenýänler bardyr. Bu durmyşyň hakykatydyr we näçe islesek hem, muny üýtgedip bolmaýar. Mu'min şol sebäpler bilen ruhy taýdan diýseň güýçli bolmalydyr. Öz nebsiniň üstünde hemişe köp işläp, sabryny, erkini terbiýelemeli. Hemme taraplaýyn adam tebigatyny tanamany başarmaly we gatnaşyklaryny hikmet bilen gurmaly. Her adam bilen şonuň öz tebigatyna, derejesine görä hereket etmeli. Bir adamy ýamanlap ýanyňa gelende, oňa süýji sözleýän Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) ýatlaň! Netije çykaryň Ýamanlykdan, şerden, gelşiksiz ýagdaýlara düşmekden mu'min özini hikmet we ylym bilen goranmany başarmaly. Köp pikir etmeli, synçy bolmaly, her hereketiňe üns bermeli. Näçe kyn bolsada şu adamlar bilen ýaşamaly. Hiç wagt ruhdan düşmän, netije berjek, päk ýürekli adamlar bilen gatnaşmany, işleşmäni dowam etmeli. Ömrüňi pes we gereksiz işlere sarp etmeli däldir. Hemmäňize Beýik we Kadyr bolan Allah(jelle jelaluhu)yň Özi kuwwat bersin.
HADYS 25 (yigrimi bashinji)
-
Bahbit
13 years ago
- Salam agzalar. Yslam aga bu wagyzy bize ýetirenin ücin beýik ALLAJAN senden razy bolsun agam.
-
artogrul
13 years ago
- sagja bol agamjan
-
Auditor
13 years ago
- Yslam dogan Alla razy bolsun. Köp sag bolun!
-
yslam
13 years ago
- Amin! Alla hemmamizden razy bolsun!
-
Maykl
13 years ago
- salamwaleykum yslam! hadys'lardan bize yetirip duryanyñ ucin, alla sizden razy bolsun! eliñiz dert gormesin!
-
lukss89
13 years ago
- YSLAM TANYRYALKASYN SIZI SUNUN YALY WAGYZLARY YETIRIP DURYN BIZE..
-
turkmenntug
13 years ago
- yslam aga.sag boluñ.alla razy bolsun,sogap i$ edyäñiz!
Hemmämize pygamberimiz(sallallahu aleyhi ve sellem)iñ gözel ahlagy bilen ahlaklanmaga alla kömek etsin...
-
asiya
13 years ago
- alla sizden razy bolsun yslam dogan!!
allahyñ oñunde abrayyñyz galsyn.....
-
samat
13 years ago
- yslam allah razy bolsun.
Turkmence ynamly hadys kitaby barmy,bar bolsa nahili tapyp bolar.
-
asiya
13 years ago
- Samat kopedip paylapdym saña yetmedimi?
-
asiya
13 years ago
- samat cennetin çiçegi atly bir hadys kitap bar tapyp bilseñ gaty gowy zatlar yazylan. shu dunyade ozuñi nahili alyp barsañ dogrulygy barada... mena sho kitaby okap hemme sozleriniñem ozume degishlidigni duydum...
beckham 13 years ago- Yslam sag bol agam yazanyna .