Gijän bir wagty dymdyrslyk çölde ỳatan kerwene ogrylar aralaşypdyr. Ogrylar kerweniň sakçysyny gorkuzyp ähli harytlary ogrlapdyrlar. Sakçy, ogrylaryň ỳaragyndan gorkup, sesini çykarman oturypdyr. Ertesi kerwendäki adamlar oỳanypdyrlar. Harytlarynyň, goşlarynyň ogrlanandygyny gören kerwenjiler, sakçyny aldym-berdime salyp başlapdyrlar. Kerwendäkiler oňa: - Hany göniňden gel, biziň harytlarymyza näme boldy? diỳip sorapdyrlar. Sakçy: - Gijäniň bir wagty ỳüzi örtülen ogrylar gelip, gözümüň öňünde ähli zady alyp ötä gitdiler, diỳipdir. Kerwendäkiler: - Seniň hem bir sakçy bolaỳşyňy. Harytlarymyzy alyp giden ogrylara garşylyk görkezen bolsaň balmazmydy? diỳipdirler. Sakçy: - Men ỳeke özümdim, a olar bolsa ỳaragly hem köpdi, diỳip ak guş boljak bolanmyş. Kerwendäkiler: - Bolỳarda seň olara güỳjüň ỳetmedi diyeli, onda näme üçin bizi çagyrmadyň? diỳipdirler. Sakçy: - Size 'Turuň!..'diỳip gygarjakdym, ỳöne ogrylar bögrüme pyçak diräp dursalar nätjek. Size gygyran bolsam, olar meni ikirjiňlenmän öldürerdiler. Ine şeỳdip, ölüm gorkymdan ỳaňa dymmaly boldym, diỳipdir. Sakçy, 'Näme üçin bizi çagyrmadyň' diỳip ỳürege düşen kerwendäki adamlara: - Şol wagt gorkymdan ỳaňa demimi hem alyp bilemokdym.Ýöne şu wagt gygyr diỳseňiz, gygyrmaga taỳyn, diỳip jogap beripdir. Ynsany sandan çykaran şeỳtan, seniň ömrüňi ỳok eden bolsa. Indi saňa ne 'Auzubillahimineşeỳtanirajim' diỳmek, ne de 'Alhamy' okamak peỳda eder.

Köneler, Broker tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir