Gadymy zamanlarda Hindistanyň Bombeý şäherinde bir ýaş alym ýaşanmyş.Ol obalaryndaky çanda atly bir gözele aşyk bolupdyr.Bir gün ýaňky alym ýigit bir ýerik barýarka eli küýzeli çanda gabat gelipdir.Ol gyza garap: -Eý, çanda men saňa aşyk.Maňa gujagyňy açda, meni bagryňa bas diýen.Muňa gahary gelen çanda,küýzesini ýerde goýup şeýle diýidir: -Eger sen dogrudanam alym bolýan bolsaň, meniň soragyma jogap ber!Alym: -Baş üstüne! -Zenanda we erkek kişide näçe bölek hyjuw bar? -Zenanda dokuz bölek,erkek kişide bir. -Erkek kişide we zenanda näçe bölek paýhas bar? -Erkek kişide dokuz,zenanda bir bölek-diýip,jogap beren.Onda çanda: -Eger men dokuz bölek hyjuwymy bir bölek paýhasym bilen ýeňip bilýän bolsam,sen näme üçin dokuz bölek paýhasyň bilen bir bölek hyjuwyňy ýeňip bileňok-diýip,küýzesini alyp, öz ýoluna tarap gidiberipdir.

Köneler, Servi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir