TÜRKMEN BINASY Gurdugum aslynda bilgil,bu zeminiñ myhydyr, Erur ol erkan mydam,budur türkmen binasy. Terki-dünyä eyleyip,gelse rakyplar ga$yna, Bil,polatdan bina bolgan,budur türkmen galasy. Süleyman hem Rusmem zal,jem$it oña bolmu$ geda, Günde yüz müñ salsa le$ger.degmez $anyñ belasy. Daglar ondan alar taglym,le$geri sap-sap durar, Her salanda zülpükaryn,artar yigitniñ hövesi. Teke,Yomut,Yazyr,Gökleñ,Ahal ili bir bolup, Kylsa bir jayga yöri$ni,açylar gül lälesi. Külli gyzylba$ baryny atdy dag arkasyna, Gije saba yatmaýyr.geler alarnyñ nalasy. Her yan gadam ursa sayyat,bolmaýyr oldu$gär, Bendi kylyp alabilmez,dü$mez Türkmen balasy. Aryflar dem-dem geler.toýy bardyr her zaman, Merdi-Merdan sözüdir ol,yokdur köñül hilesi. Aydadyr Magtymguly,yokdur köñülde bir gara, Hak sylaýyp,kylmy$ nazar,bardyr onuñ sayasy. Magtymguly Pyragy

Köneler, turkmenntug tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir