EZÝET ÇEKMEK Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Her bir ezýet çekýän musulmanyň Allah (jelle jelaluhu) hökmany suratda agaçdan ýapraklaryň dökilişi ýaly günälerini döker“. (Buhary rowaýat edýär). ŞERHI: Dünýä mu'min üçin bir synag meýdanydyr. Ol mu'miniň zyndanydyr. Has hem zulumyň, azgynçylygyň ösen şu zamanysynda Yslam boýunça ýaşamaklyk diýseň kyndyr. Şonuň üçin mu'miniň ýaşaýyşy ezýet we kynçylyklar bilen dolydyr. Şol synaglar üsti bilen Allah (jelle jelaluhu) hem ynsanyň imanyny barlaýar, hemde ony terbiýeleýär, sogap fazylatlaryny we ahyretdäki derejesini artdyrýar. Şol sebäpli onuň başyna gelýän kynçylyklar, egerde sabyr edip ahlagyny gorap saklasa we Allahyň (jelle jelaluhu) hökmine razy bolsa ol ummasyz sogap gazanar, günäleriniň dökülmeginede sebäp bolar. Şeýlelik bilen ol mu'miniň kalby päklener. Ine şonuň üçin Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şu hadys üsti bilen mu'minlere göwünlik berýär. Dünýäde çeken her bir kynçylygyňyz ahyretdäki azabyňyzy azaldar. Ýagny günäleriňizi şu dünýäde ezýet çekip ýuwarsyňyz. Şonuň üçin sabyrly we mert boluň we unutmaň, sizden öňki hemme päk mu'minler hem ezýet-zulum çekip ötüpdirler. (Aýat we hadyslarda aýdylyşy ýaly). Bu Allahyň sünnetidir. Mu'min näçe takwa bolsa we Allah (jelle jelaluhu) tarapyn näçe söýilse, şonçada onuň başyna gelen kynçylyklar agyr we köp bolar. Allah (jelle jelaluhu) hiç wagt guluna götermejek ýükini bermez. Sabyr edip Allaha (jelle jelaluhu) töwekgelçilik etseň şol kynçylyklary aşyp geçse bolar. Şonuň üçin mu'miniň başyna kynçylyk ýagsa, ol zeýrenip Allahyň (jelle jelaluhu) hökmine närazy bolmaly däldir. Allahdan (jelle jelaluhu) gelýän nygmatlary nähili begenip kabul edýän bolsaň, kynçylyklaryny hem şeýle derejede kabul etmelidir. Günäleriniň döküljegine begenmelidir, Allaha (jelle jelaluhu) golaýlaşýandygyny bilmelidir, päklenmeli we göwnini belent tutmalydyr. Allah (jelle jelaluhu) hemme zady görüp-bilip durandygyny, hemme amallaryň we işleriň hasabyny diýseň adyl ýöredýändigini bilmelidir. Her bir nähaklyk, her bir sabyr gaýratyňyz bilinip bellenýändir.
HADYS 24 (ýigrimidördünji)
-
muzazzi
13 years ago
- alla senden razy bolsun!!!
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- yslam tüweleme! Alla sizden razy bolsun!
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol yslam aga!
-
milli
13 years ago
- mashshallah :-) sheyle bize gerekli hadyslar!
yzyny uzman yazyp duruñ!!
allahym sizden razy bolsun!!!
-
Adgjmptw
13 years ago
- allah (jelle
jelaluhu) hemme zady
görüp-bilip durandygyny,
hemmeamallaryň we
işleriň hasabyny diýseň
adyl ýöredýändigini
bilmelidir. her bir
nähaklyk, her bir sabyr
gaýratyňyzbilinip
bellenýändir.
Köp sagboluñ Yslam aga! Alla senden müñ kerem razy bolsun-da hernä!
-
Auditor
13 years ago
- Eliniz gözùniz dert görmesin Yslam dogan. Hadyslary okan her bir adam oz yashayshy barada pikir etyan bolsa gerek. Alla sizden razy bolsun!
Maykl 13 years ago- Salamwaleykum Yslam! Hadys'lardan bize yetirip duryanyñ ucin, Alla sizden razy bolsun! Eliñiz dert gormesin!