Sen meniň kalbymda, men seň kalbyňda, Diňe söýgi hakda gursakda aýdym. Her urgusy “söýgi” diýip ýaňlanýar, Mähirden doly ol şuglasy aýdym. Sen meniň dünýämde, men seň dünýäňde, Şaglap akýar möwjäp söýgi ummany. Sowulmaz bahary söýgi bagynyň, Nurly güni çoýýar ýalňyz dünýämi. Sen meniň duýgymda, men seň duýgyňda, Her gezek oýlansaň, ýatlaýansyň sen. Geçen her pursady siňdirip aňa, Söýginiň ataşyn otlaýarsyň sen. Sen meniň alnymda, men seň alnyňda, Güneş kimin bakýaň maňa ýylgyryp, Kyn işleri aňsat eder şol bakyş. Gideris biz bir-birege gol berip. Sen meniň özümde, men seň özüňde, Senden aýra bolup, görjegim näme?! Aýdym aýdyp ýüregmiziň şanyna, Ikimize ýeter ýekeje nama!
Sen hem men
-
littil
14 years ago
- mura92 gowja goşgy. spasiba.
-
milli
14 years ago
- bu goshgynam gowja:-)
-
Auditor
14 years ago
- Razy bolaweri munam göcurip aldym
-
littil
14 years ago
- auditor göçürip birine aýdyp berjekmi.
-
Auditor
14 years ago
- O sekret littiljan
-
littil
14 years ago
- aý borda.
-
Ayjagash
14 years ago
- Nury92 tüweleme goshgynyza soz yok. Diysen gowy eken.
Adgjmptw 14 years ago- Mura92 özüñ düzdüñmi goshgyny? Gowja idealy goshga meñzeyär bu