Nämedigini bilmän bagtyýarlygyñ Akylly bolmakdan ahyrsoñ ýadap Boýun boldum ähli berlen jeza Bu ejirli ýoluñ cetinden girip Indi bilýän indi dü$ünýän cyndan Söýgiñ oýun dälde juda cyndygyny Meniñ bu bol$uma geñ galma gülüm Men däl,meñ duýgulam seni ynjydan. Beýle pursat ömrüñde bir bolýandyr $u mahal gözleme bir bahana sen! Serden gecip $erden gecmän ezizim Gideýin,gideýin gadagana çen.... Sen obanyñ iñ owadan gyzydyñ Her kimiñ arzuwy wah saña ýetsem Bu gün ýat obada ba$ga gapyda Barýañ ädim ädip ýuwa$dan pesden Seslen,belki,bagytly,belkide mes sen Görmedim sen ýaly meni örtäni Sen da$la$yp barýañ ýuwa$ ädimläp Has gaýym bürenip gyzyl kürtäñi. Ürken keýik ýaly erbet awcydan Derdiñ köpdür añsat däldir ýeñmesi Köp alada etme bar zat gül ýaly Ýol salgyny berer ýigidiñ ýeññesi Toý dowam edýändir toma$a öýde Ýok bu ýerde aglaýan ýa iñleýän Jübütleriñ ýadynada dü$enok Barmyka da$arda gapy diñleýän Dabaraly toýuñ öz dünýäsi bar Jo$ýar aýdym aýdýan bag$ynyñ sesi Täze dünýäñ gapysyndan girmäge Ýetmez diñe cykarmaklyk galo$y Bu pursatyñ yzasyny duýýandyr Öz özüne ol göwunlik bersede Gelin bolup cykandan soñ gapydan Ba$ga bir dünýäden cykdy ertesi....

Köneler, ahmetjan18 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir