Ýaşuly, ýaş kiçi, Birtopar kişi – Adamdan doludy Otagyň içi. Boşady bäş sanak Palawly çanak. Çanaklaň deregne Aýlandy çäýnek. Gök çaýyň başynda Gyzyşdy gürrüň: “Plan ýerden, awdan Gelýärdim bir gün. Goýberdim tazyny, Uçurdym guşy…” Garaz, agyrdyldy Müň gepiň başy. Gürrüňiň az-owlak Gaçyşyp duzy, Anekdota ýazdy Gürrüňiň yzy. Onýança ýerinden turdy-da Oraz? Diýdi:“Bolsady hem ekeliň biraz. Ynha, bar aýdaly, meselem, häzir, Tamyň depesinden gelip bir owaz, “Bir uly dilegňi bitirjek!” diýse, Näme dilärdiňiz, adamlar, eýse? Meselem, sen näme dilärdiň, Geldi?” -Menmi? Gök WOLGALY lotereý bildi. -Hany diý, sen näme dilärdiň, Kemal? -Uzyn boý, ak ýüzli bir sahypjemal. -Ýeri, sen nämejik dilärdiň, Pena? -Bir oguljyk bolsa, oňardym menä. -Ýeri seň dilegiň nämedir, Çakmak? -Meňkimi? Jahana aýlanyp çykmak. -Saňa näme gerek aý ýadaw ýigit? -Ölýänçäm iýjegim bolaýsa mugut... -Ýeri sen dilegsiz oňjakmy Çary? -Biroňat goňşynyň zary men zary. -A-how seň dilegiň nämedir, Bäşim? -Elliden ýigrimä geläýse ýaşym... Garasaý ekildi bolsady bary, Biri ömür baky ýaşlyk diledi. Biri palowdan soň çişlik diledi Bir ýigit (student bolara çemli) Ertir fizikadan bäşlik diledi. Käsi agtyk, käsi çowluk diledi, Käsi çowlukdan soň ýuwlyk diledi. Käsi dosty üçin saglyk dilese, Käsi özi üçin saglyk diledi. Biri (meger oglun öýlendirjekdir) Gyňaçlyk on sany ýaglyk diledi. Aý garaz hemme zat dilenip çykdy Gök WOLGAdan başlap GYŇAJA çenli. Ýöne weli akyl dilän bolmady... Akyldan kösenýän ýok bora çemli.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir