SEJDEDE DOGA ETMEK BARADA Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir hadysynda şeýle buýurýar: „Guluň (bendäniň) Robbuna iň golaý bolan wagty, onuň sejdä baran wagtydyr. Şonuň üçin sejde halatynda Oňa (Allah j.j.) köpräk dileg ediň“. (Muslim). ŞERHI: Sejde ybadatynyň Yslamda üýtgeşik ruhy täsiri bardyr. Sejde halatyndaky ynsanyň Allahyň (jelle jelaluhu) öňünde boýun egişini, ejizligini, Oňa (jelle jelaluhu) gul bolandygyny, diňe şoňa gulluk edýändigini görkezýär. Sejde adamyň ruhynda şol duýgylaryň döremegine sebäp bolup, imanyň tersi bolan-tekepbirligi kalbynda öldürýär, kalbyny ýumşadýar, ruhyny kämilleşdirýär, päkleýär we adamçylygyny kämilleşdirýär. Hatda bir alymyň düşündirişine görä, sejde sanynyň köplüginiň we sejdäniň uzaklygynyň imana we takwalyga güýçli täsiri bar. Sebäbi hadyslarda aýdylyşy ýaly şol sejde ýagdaýynda Allah (jelle jelaluhu) bilen bendesi arasynda hemme perdeler aýrylýar we eden tobalary, dileg we zikiri Beýik Allaha (jelle jelaluhu) ýetýär. Allahyň (jelle jelaluhu) adamy iň gowy görýän wagty - onuň sejdede wagtydyr. Şonuň üçin birnäçe hadyslarda sejde etmeklik (nefil namaz okamaklyk) buýrulýar. Allaha (jelle jelaluhu) ýakyn bolan bendeler, gijäniň köp wagtyny sejdede geçirip, sejdede aglap we dileg edip geçiripdirler. Şol sejde halatynda adam köpräk dileg etmeli. Biziň aňymyzda diňe „Subhane Robbiýel ag'lä“ diýmeli diýip galypdyr. Sejdede köpräk dileg etmelidir. Mysal üçin nähili eliňi galdyryp dileg edýän bolsaň, sejdede hem şonuň ýaly dileg edibermelidir. Sejde Allahdan (jelle jelaluhu) başga hiç kimiň öňünde edilmeýär, bu düýbinden haramdyr. Sebäbi, bu hereket adamyň doly boýun egişini we gul boluşyny, öz erk we eradasyny sejde edýän zadyna berýändigini görkezýär. Sejde Allah (jelle jelaluhu) bilen guluň aragatnaşyga çykýan halatydyr, gepleşmegidir, oňa golaýlaşmagydyr. Sejdeler adamyň Allaha (jelle jelaluhu) bolan söýgisini güýçlendirýär, tagzym we hormatyňy artdyrýar, kalpdaky hapalyklary aýyrýar we päkleýär. Şonuň üçin sejde hemme ylahy dinlerde bardyr. Ýöne Yslam dininde her musulman diňe parz namazlaryny okasada, günde 34 gezek sejde edýär.
HADYS 22 (yigrimikinji)
-
madagaskar
13 years ago
- Gowy hadys. Allatagalladan sen yaly adamlaryn kopelmegini dileyan. Bashgada bilyan hadyslan bar bolsa yazarsynda yslam dost. Sabyrsyzlyk bilen garashyas.
-
yslam
13 years ago
- amin. Alla hemmamizden razy bolsun!
Sorag yuze cyksa bersem bolarmy?!
Maykl | 2011-04-26 20:07:02
howwa arkayyn sorap bilersin!
-
Camry
13 years ago
- Tañryýalkasyn Yslam! Köp sag bol, menem käwagt shu ýazgylary arhiwden tapyp okaýan, adama nur çaýýar bu ýazgylar!
-
Maykl
13 years ago
- Bu hadysda sejdede koprak dileg etmeli diyilip gecilya, jemagat bolup okalan namazda hem sejdede dileg etsen bolyamy?
-
yslam
13 years ago
- jemagat namazy tamamlandan song sejda gidip dileg edip bilersin!
-
cutie
13 years ago
- Kop sagbol yslam! Kop zatlary owrenyas.
-
Maykl
13 years ago
- Yslam dininde her bir musulman bir gunde nace rekagat parz namazlaryny okayar?
We nace sapar parz namazlarynda sejde edyar?
-
yslam
13 years ago
- 17 rekagat 34 sejde edilyar!
-
Maykl
13 years ago
- Bagyshlañ "yslam" muny soramagymyñ sebäbi temañyzdaky iñ soñky sözlemiñiz mejbur etdi!
-
angel91
13 years ago
- kop, kop sag bol yslam! Allah razy bolsun!
-
Ayjagash
13 years ago
- Kop sag bolun Yslam aga. Alla sizden razy bolsun. Bu hadysynyzy okap kop bilmeyan zatlaryma dushundum. Sejde eden-de dileg edilyandigni bilmeyardim. Indi hadysa garashyas.
-
nejepturkmen
13 years ago
- sag bol Yslam aga!alla razy bolsun!
-
Auditor
13 years ago
- Alla razy bolsun Yslam. Temalarnyz saydymyzyn bezegi!
Maykl 13 years ago- Salamwaleykum Yslam! Kop sag bolun, Alla sizden razy bolsun! Sorag yuze cyksa bersem bolarmy?!