ömrüň agajyndan düşüp dur günler, günler ömrüň eleginde elener. yza dönmek islär däli göwünler, geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere. her kimiň geçenden bir ahmyry bar, mende-de ahmyr bar. ýöne men hergiz seniň ruhuň bilen ederin mydar, meniň bar ruhumy direlden serwim. ýolumyzyň çatak düşeni üçin, gam çekme. bu derdi götergin merdem, uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, has kyn halas bolmak ýatlamalardan. düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli, saralan ýapraklaň düşüşi ýaly. saralan ýapraklaň düşüşi ýaly, solgun ýatlamalar giripdir köňle. uçurdyň eliňden arzyly ýary, indi bir ýatlamaň söhbetin diňle. köpler kimin duşmasam-da ýara men, duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. päklige düşündim şo duýgy bilen, şoň bilen başlandy iň gözel durmuş. duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny, soradym halyňy her bir geçenden. öňde-soňda iň päk – asyl duýgymy alyp çykdym suwuň, oduň içinden. ýollar kimin uzap barýar bu günler, ýollarda duşuşýar aşyk göwünler. ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, wokzal. front. al gan örtüpdir gary. gysdy penjesine ölümli günler, a men, näme üçindir, ýene-de diri. buguň eteginde ýazyldym ýere. öldüm. soň seretsem, ýene-de diri. berliniň öňünde öldüm men ýene. öldüm. soň seretsem, ýene-de diri. seň bilen ýylyndym çygly zeminde, seň bilen, eý, meniň şatlygym, görgim. ähli ölümleri öldürdim şonda, özüm üçin, hemem seň üçin, serwim. töwerek gümmürdi, töwerek däri. ýollar aýra salýar ýar bilen ýary… gurbannazar ezizow

Köneler, betyigit tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir