Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar Men ony ýatlaýan güneş doganda Ýatlaýan bossanda açylsa güller Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda Aý-aýdyň gijeler akar boýunda Häzirem garaşýan wadaly ýerde Ýary taşlap ýarsyz barsam kenara Tolkunlar näzli ýar nirde diýerler Arzuwymda adyň aýdym bolsada Indi saňa ýar diýmäge çakym ýok Syrly bolup galsyn syrly gijeler Ony ile duýdyrmaga hakym ýok Ýaşlykdan joş uryp aýdan aýdymym Häzirem gaýtalaýar säher şemaly Ýary ýatlap baksam aýly asmana Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn Aldanyp özgäniň mekir alyna Sen bolduň söygimden ýalňyz galan ýar Säherler ýaldyrap güneş doganda Meni süýji arzuw bilen oýarýaň
Ilkinji soygim!
-
turkmenkajyk
13 years ago
- gowy goshgy! Yone ilkinji soygi diymek yon bolupdyr shahyrlara, eysen 2nij 3nij soygi hem bolyarmyka????
-
DF4b0018
13 years ago
- nejepdos sagjabol goldawna!
-
anakkondaa
13 years ago
- turkmenkajyk, adyň dagy nähilaý? konkret türkmenligiňi amyňa çaldygyňda şu
-
nejepturkmen
13 years ago
- bolyandyrda elbetde.entägem yatlapdyr shahyr ilkinjisini,"haysy ilkinjimday"-diyip.adyn tapman oturyanam kän...
(surat albom göryän smail)
-
nejepturkmen
13 years ago
- sag bol senem df4...dost.sen adyn nämay.shu üch harpdan añyrsyny yatdan yazyp bilemok veli birhili adyñy doly tutmayanyma utanyan!...
(gödek gürlemedimmi? Diyip.töveregne seredyän smail)
-
DF4b0018
13 years ago
- dos df4-diyip yuzlenay az wagtdan adymy utgetmekci.df4 manada yarayar.
-
jeyn91
13 years ago
- gaty gowy goshgy berekella doss
-
mirasymyz
13 years ago
- Gokdepe etr. Kelejar obasyndan shahyr Magtymguly Myshshyyewing goshgusy. Shahyryng Anewdaki ayal dogany Tyllagozel eje dunyeden gaydypdy. Shu gun 7-si.
Dost goshgyng shonga gabat geldi. Oydakiler yangy sho sadakadan geldiler. Sagja bol df4... .
nejepturkmen 13 years ago- sagja bol.dost!gaty ajaýyp goshgular tapyañov sen!