ine‚ barýaň umydyňa büdüräp‚ egniň horlugyna utanyp çala. uzakda orkestr joşup-titiräp‚ tans edýär owadan gyzlary bile. hor ellerňi çykaroňok ýeňiňden‚ olar birden ýere ýetäýjek ýaly. geçip barýaň ýigitleriň deňinden‚ gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. undup bilmän görmeksizje doglanyň‚ ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. geçip barýaň bir syratly oglanyň‚ mylakatly söz aýdaryn isleýäň. emma ýigitleriň öz gaýgysy bar: ýörite ýag bilen saçlaryn darap‚ olar wagtdanam ozup barýarlar‚ özlerniň owadan gyzlaryna tarap. gunbannazar ezizow. ah‚ horja gyz‚ horlugyňdan horlanýaň/. saňa hoş söz diýjek ýigit nirede? bu şäherde näçe diýseň ýigit bar‚ seni öýe ugradanok biri-de. gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip‚ owadan gülüşip ýüregňe düşýär. olar görmegini artdyrjak bolup‚ gezegine seniň bilen tirkeşýär. öýe gelýäň. gyýýar ýürgňi ünjiň‚ hasratdan çekilýär iki owurdyň. aglaýarsyň: «ah ‚ eje jan‚ nämüçin meni beýle betgelişik dogurdyň?» emma goňşy gelin—bir görmegeý dul atasyz ogluna günäli bakýar. hem seniň tersiňe‚gussa-gam çekýär: «owadan dogulma‚bagtly dogul!» aglama‚ gyz! uýajygym‚ gam çekme‚ bilip bolmaz ykbalyňy öňünden. bu howlukmaç ýigitlere at dakma‚ kim geçenok öz bagtynyň deňinden. käte şeýle bolýar: görkdür-görmek gidip otyr il içinde at alyp‚ ýöne‚ nämüçindir‚ tylla ýüzük dek‚ ýolda‚ gum içinde galýar sadalyk. tekepbir bol‚ çykyp bolmaz gaýa dek‚ sada bol‚ aýlaryň doguşy ýaly. şeýle ýigitler bar‚ (olar bar entek) sen dek gaýalarda olaň hyýaly!
Görmeksiz gyz
-
angel91
13 years ago
- bah mena dushamok:)
-
nejepturkmen
13 years ago
- tekepbir bol,cykyp bolmaz gaya dek,
Sada bol aylaryñ dogushy yaly...
Soñ dusharsyñ!
-
angel91
13 years ago
- men sheyle gezyanda:)
-
nejepturkmen
13 years ago
- onda sabyr et!
-
nejepturkmen
13 years ago
- onda sabyr et!
-
cutie
13 years ago
- Owadanlyk wagtlyan,esasy zat dal ol yone kopusining pikir edishi sheyleda
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ajaýyp goşgylaryñ biri, sagja bol, yzy kän bolsun!
-
Auditor
13 years ago
- Owadan dal sada bolmaly, esasy zat yuregmz owadan bolsun!
-
nejepturkmen
13 years ago
- dogry.auditora goshulyan.kalp gözelligne hic zat deñ gelmez!
-
DG
13 years ago
- Meniñ iñ gowy görýän go$gym,birem "myhmancylykda aýdylmadyk tost" diýen go$gy.
Ynan nejepturkmen $eyle gyzlaram bar entek,ýöne oglanlar olary görenoklar,"-kim geçenok öz bagtynyñ,deñinden" . Arman "ýolda gum içinde galýar"sadalyk"
-
nejepturkmen
13 years ago
- men ynanyan.$eyle gyzlar bar.olar köpeler.söygi diyle sözem hakyky manysynda ulanylyp ugralar!
-
Auditor
13 years ago
- Sadalykdan entek zyyan ceken yok, sada bolsun oglunz hem gyzynz... ALLAJAN HEMMANIZIN KALBYNYZA YUREGNIZE SADALYK GUYSUN. Adamy owadan gorkezyan mahir we sadalykdyr!
-
DG
13 years ago
- Gözlegim.
Örän syrdam,salyhatly ýörände,
köýnegi gök,ak bolmaly ýüzleri.
Iñrikden $o gije ýere garanda,
öpdûm onuñ gije gaçan gözlerin.
***
Gündüzler sünneläp suratyn çekdim,
gijeler düý$ümde janlandy surat.
sakgal-murtum syryp,$ähere çykdym,
bar gözlegim boldy,$ol syrdam syrat.
***
Sökdüm ýakyn-yrak ençeme ýoly,
ahyry $ol gözele gözlerim dü$di.
Ol bolsa hiç zatda dü$meýän ýaly,
öz pikiri bilen du$umdan geçdi.
***
Men gygyrjak boldum onuñ yzyndan,
"Dü$ün ahyr-dü$ün seni gözleýän.
Oýlan meniñ düý$ime-de giripdiñ",
diýip,dil däl,ýürek bilen sözleýän.
***
Geçip gitdi $owurdadyp köýnegin,
gözi gara,köýnegide-gök eken.
$u gözeldi meniñ ähli gözlegim,
ýöne gözel meni gözlänok eken.
-
magnit
13 years ago
- hmm many setirler! Berekella dg
-
magnit
13 years ago
- hmm many setirler! Berekella dg
-
DG
13 years ago
- G.Ezizowyn gosgysy.turkmenedebiyat saytdan okadym.
-
Bratan
13 years ago
- Dg dost sag bol gaty gowy goshgy eken
-
Bratan
13 years ago
- Dg dost sag bol gaty gowy goshgy eken
-
jumjume
13 years ago
- owadanlyk on dokuzy don.on ucin men gormeksiz diyip bagytsyz bolman.owadanlyk oz elinde.
-
jumjume
13 years ago
- owadanlyk on dokuzy don.on ucin men gormeksiz diyip bagytsyz bolman.owadanlyk oz elinde.
-
DG
13 years ago
- sizede sag bolun magnit,bratan.yene gosgy bilyaniz bolsa yazynda?
-
makez
13 years ago
- barynyz gowy yazypsynyz sagja bolun yazypdurun bizde bashardygymyzdan okayas oza
-
angel91
13 years ago
- kabir gyzlaryn ozem yuregem owadan sada bolyar...
-
nejepturkmen
13 years ago
- dogry.goshulyan angel!
-
Djdawid
13 years ago
- kabir gyzlaryn ozem yuregem owadan sada bolyar...
angel91 | 2011-04-20 20:37:33
mysal u.n senki yalyjak
-
nejepturkmen
13 years ago
- adam chagasy nurana.güler yüzli,mähirli...bolup biler.a ovadan diyen sözi zat barada ya da pishijek barada ulanylsa...
Ynsan kalby arassa.ak yürekli,hosh sözli bolan yagdaýynda ol her adamyñ gözüne "ovadan" görünjegne ynanyan.ve sheyle bolanda angeliñ aydyan gyzy gelip cykyamyka diyyän
Meniñ pikrim...
-
angel91
13 years ago
- djdawid! siz name meni tanayanyzmy?
-
angel91
13 years ago
- nejepturkmen siz dogry aydyanyz!
-
nejepturkmen
13 years ago
- sag bol angel!
nejepturkmen 13 years ago- sag bol dost ajaýyp goshgular! .sheyle goshgulary yatladyp dur.
...Ynanyñ!hakykatdan sheyle yigitler bar entek!