Salam hormatly agzalar! Ine-de sonetler çemeniniñ dowamy Rugsat berenden soň haýbatly horaz, Başlar baky urşy “ýok” bilen “baryň”. A men sen barada ýazaryn gazal, Oňarsam gussamy ilden gizlärin. Öterin men ähli deňizden, otdan, Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym. Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan, Seni söýüp, soňra mertlik gazandym. Döredi özümde gomlaryň beýgi, Ýeňdim men olary ýeňşi deý gämiň. Belki, myradyna ýetmedik söýgi Ýeten söýgülerden kämildir kämil. Bu dünýe jemidir (oý ediň, barlaň!), Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň. * * Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä. Duşanlary - bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga - bir ýassyk az görünýä. Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden? Ol saňa şeýle bir gaty meňzeşdi, Seň adyňy tutman saklandym zordan. Sen sesimi eşden bolsaň eger-de, Ýüregňi gyýardy ol misli päki. Men nirde ýansam-da, doňsam-da nirde, Seniň rahatlygyň bozmaryn baky. Seniň rahatlygyň bar bolsa eger, Üstünden lowurdap tylla Gün dogar. * * * Üstünden lowurdap tylla Gün dogar, Oňatlygyň hemem erbet pälleriň. Onuň örän uly aladasy bar - Olam aladasy uly şarlaryň. Ýogsa onuň özem men diýen aşyk, Şol ylgap ýör. Oňa pellehana ýok. Her günde bäş sany materik aşyp, Şindem Aý ýaryna duşup bilenok. Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary , Aýa duşman, edýän ahmyrna derek. Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary Öz nurumyz bilen gizlemek gerek! Oňatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty. Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty. * * * * Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Sekiz elli gussaň manysy ýokdur. Iru-giç päk bolsa ynsanyň bagty, Başda söýýän wagty ýüregi päkdir. Söýgiň bilen maňa beren päkligiň Bu başymy belent göge ýetirdi, Meniň ykbalymda seniň ýoklugyň Maňa juda tämiz gussa getirdi. Seniň gussaň bilen galdym belende, Seniň gussaň bilen ömrüm abatlyk. Gussa söýgi bilen dörän bolanda, Dünýede iň tämiz şatlykdyr şatlyk. Guramaz dünýede söýgiň daragty! - Ine, adamzadyň iň zerur bagty. * * * * * Ine, adamzadyň iň zerur bagty: Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün. Siz şeýle bir söýüň, şeýle söýüliň, Goý, gökde ýyldyzlaň gözleri gitsin. Söýüp - peslik, pislik köküni gyryň! Söýgi bilen söýüň! A söýgi giňdir. Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym, Çünki meň geçmişim - seniň söýgiňdir. Seniň aýdyp ýetişmedik sözleriň, Ýaňakda gijeden yz galan halyň, Seniň meni gözläp ýören gözleriň - Şudur ähli geçen. geljek ykbalym. Gör, eýýäm iňrige gark bolupdyr ýer, Ömrüň agajyndan düşüp dur günler. MAGISTRAL Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly. Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. Söýgi günleriniň adaty, ine: Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Aşyklar duşmasa biri- birine, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Rugsat berenden soň haýbatly horaz, Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň Üstünden lowurdap tylla Gün dogar! Söýülse, Gün - dogsa dogmaly wagty, Ine, adamzadyň iň zerur bagty!
Sonetler çemeni (dowamy)
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- adg.... Tüweleme gaty gowy!
-
Camry
13 years ago
- Sag bola dost!
-
humik
13 years ago
- betje goshgy yenede yazyp durun
-
Maykl
13 years ago
- Salam adgjmptw! Elleriñize saglyk, sag boluñ paýlashanyñyz ucin!
Gurbannazar Ezizow'yñ cuñ manyly goshgylary bar!
-
Abadan
13 years ago
- salam hormatly agzalar.Sag bol adgjmptw dogan,yene yazyp durun.
'belki myradyna yetmedik soygi,
yetilen soygilerden
kamildir kamil.
Su setirlerine men hic wagtam name many anladyany-na dusmeyan,kyn gormeseniz hormatly agzalar kimin nahili pikiri bar bolsa,yazayynda,Hayyst?
-
Abadan
13 years ago
- hormatly agzalar kellanize hic hili pikirem gelmandir oydyan,gynanyan...
-
Camry
13 years ago
- Abadan bu soz yetibilmedik, ayralyk soygun hakda soz açyar. Sebabi bu soygude mysal kan. Sen ol soygini yatdan çykaryp bilenok. Sana nahili dushundirsemkam... Ay hawalay Gurbannazar shahyr iki jumlede dushundirip gidipdira bu sozleri, biz entek olary owrenip yorus.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Köp sagboluñ dostlar, minnetdar! Abadanyñ beren sowalyna meñ-ä ukybym pesräk gelýär öýdýän. Pikirimi jemläp bilmedim. Belki arañyzda kanagatlanarly jogap berip biljegiñiz bardyr.
-
makez
13 years ago
- betje yazypsyn dosssss yazypdur
-
nejepturkmen
13 years ago
- Adadana jogabyrak!
söygi,odundur yanmak
maksady,
Maksada yetse kül bolar!
Maksada yetmän galsady...
...söygi söygi'ligne durar!
He he(oyun etdim.söygä ynanyanlar gaharlanaymañ)
-
makez
13 years ago
- haha betje yazypsynay
-
Abadan
13 years ago
- Sag boluñ üns berep ,jogap ýazanyña.Nejepturkmen oýunam bolsa,birazajyk cynam bardyr,icinde.
-
nejepturkmen
13 years ago
- dogry.men dogrudanam sho pikirde (bolmagymam mümkikn)...
nejepturkmen 13 years ago- sag bol agd... Dost.her gûn paylashsañ shat bolardym.türkmen poeziasyna shöhrat getirenlerin biri gurbannazar eziz.
Adyny eshdemde saralan yapraklar göz öñüme gelyä bu shahyryñ...
...ömrüñ agajyndan düshüp dur günler,
Saralan yapraklan düshüshi yaly...