Salam hormatly agzalar. Ine-de sonetler çemeni. Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüň eleginde elener. Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl - gaýdyp gelere. Her kimiň geçenden bir ahmyry bar, Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz Seniň ruhuň bilen ederin mydar, Meniň bar ruhumy direlden serwim. Ýolumyzyň çatak düşeni üçin, Gam çekme. Bu derdi merdem, Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, Has kyn halas bolmak ýatlamalardan. Düşüň, ýatlamalar, köňlüme häli, Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly. * * Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly, Solgun ýatlamalar giripdir köňle . Uçurdyň eliňden arzyly ýary, Indi bir ýatlamaň söhbetin diňle. Köpler kimin duşmasam-da ýara men, Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoň bilen başlandy iň gözel durmuş. Duýmadym şoň bilen gussa-gaýgyny, Soradym halyňy her bir geçenden. Öňde -soňda iň päk - asyl duýgymy Alyp çykdym suwuň, oduň içinden. Ýollar kimin uzap barýar bu günler, Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler. * * * Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary. Gysdy penjesine ölümli günler, A men, näme üçindir, ýene-de diri. Buguň eteginde ýazyldym ýere. Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri. Berliniň öňünde öldüm men ýene. Öldüm. Soň seretsem, ýene-de diri. Seň bilen ýylyndym çygly zeminde, Seň bilen, eý, meniň şatlygym, görgim. Ähli ölümleri öldürdim şonda , Özüm üçin, hemem seň üçin, serwim. Töwerek gümmürdi, töwerek däri. Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. * * * * Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary, Özi bolsa gidip otyr ummana. Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana. Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan ýolagçyň geýmine girip, Meniň söýgim meniň gapymy kakýar. Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada: Köňül arzuwyna ýetme ýok. Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok. Her günüň - bir ömür, bir uly sene - Söýgi günleriniň adaty, ine. * * * * * Söýgi günleriniň adaty, ine: Her günüň - açyşdyr, her günüň - şatdyr. Onuň algebrasyn çözersiň. Ýene Birini ýazansyň, ikisem ýatda. Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr, Eger sen dönäýen bolsaňam daşa , Söýgim gursagyňa girip, diýerdi: “ Sen meni ýaratdyň. Indem sen ýaşa!” Bir görsem-ä, saňa elim ýetenok. Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý. Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly, Ikimize welin, ýeterlik olar. Ýatlama-da sary, gussa-da sary. Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy. * * * * * * Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar. Şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine. Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar. Düşüner ol Aýyň gözelligine, Lukman bolup güller bilen sözleşer . Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn: Şol wasp eder ýerdäki aýyn. Demigip gürrüň biýr saňa günuzyn, Ol uzyn gijä-de taýyndyr, taýyn. Köňül öwşün atmaz yşkyň ugruna, Aşyklar duşmasa biri- birine. * * * * * * * Aşyklar duşmasa biri-birine, Bir deňze guýmasa ol goşa derýa, Ähli umyt siňer ýeriň şoruna, Ähli geljek göni geçmişe barýa. Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şamu-säherden. Bu gün bu şäherden otla münýärin Taparyn diýp başga oňat şäherden. Sorag belgisi deý garaňky gökde, Egri aý soragly bakýar gözlerme, ...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda, Uzaklygy çalym edýär gözlerňe. Ýürekler almasa söýgüden paýy, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. * * * * * * * * Dogmajak ýalydyr güni hem aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy? Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan? Söýgi hasrat däldir. Ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak. Men söýgini belent göterdim örän, Misli maňa tabşyrylan al baýdak. Men ölerin. Şeýdip mazaram dörär. (Alaç barmy - tebigatyň emri bu). Söýgim gelip mazaryma büdürär Hem bir ädim uzaldar meň ömrümi. Söýgim gözýaş döker üstümde günde, Her hal säher tüm çetinden jyklanda. * * * * * * * * * Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar. Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda Günüň mis naýzasy zemine ýeter. Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym? Bagtymmy? Gaýýymmy? Ony kim bilýär. Seslen sen, seslen sen, eý meniň söýgim, Saňa oňat sözler aýdasym gelýär. Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman, Örän köp şatlykdan ýadadym - irdim. Seni tapsam, şat şäherde ornuň bar. Gussa şäherimi bagta öwürdim. Şonda bagtym üste uly gün dogar, Rugsat berenden soň haýbatly horaz. dowamy bar
Sonetler çemeni
-
Adgjmptw
13 years ago
- Minnetdar Bähbit dost!
-
Abadan
13 years ago
- Sag bol,$u wagtjyk googledan gözläp ,$ahyryñ go$gularyny okap gelýän.
"RAZY"
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
At gerek,ýol gerek ho$ hyýal bilen,
Her go$gymda kämil bolmana derek,
Onuñ barha kyn dú$ýänne razy men.
---
Razy-çynym bilen sadany söýýän,
Razy-halal saçagymda çöregim.
Razy-çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy-hernä üýtgemändir ýüregim.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Minnetdar Abadan! Özüñe-de sagbolsun aýdýan! şu şahyryñ umumy döredijiligini öwrenýän adamlara meniñ sarpam, hormatym, sylagym aýratyndyr, şu şahyryñ goşgularyndaky manyly setirlerden görelde alan ynsan kalbynyñ tämizlenip, öñki ýagdaýyndan hem has kämilleşip durmuşyñ ajaýyp gowulyklaryna tarap doly we netijeli hereket edýändigine men doly ynanýaryn.
-
DG
13 years ago
- Sag bol adgjmptw ýatladyp duranyñ üçin beyik $ahyry.Menem bir go$gujygny ýazaýyn.
"BIR ULY E$RET BAR DÜNÝÄDE"
Bir uly e$ret bar ýeriñ ýüzünde,
Olam arzuw etmek pikir etmekdir,
$änik bolsa,oñ mañzyna ýetmekdir,
pikir bolsa,oñ mañzyna ýetmekdir.
***
Adamlaryñ,$äherleriñ pikirini et,
Pikiriñ dury bolsun asman mysaly,
Onuñ artyk geýmin sypyryp ta$la,
Güýz baglañ ýapragyn sypyry$y ýaly.
***
Kitaphanalara gatnañ ýadaman,
Agras,kämil bory uçin pikiriñ,
Dünýäde hemme zat bal bilen ýag däl,
Siz goja dünýäniñ boýun ýetiriñ.
***
Owal-ahyr uly öýde kösenip,
Gadymy bir zaman çyzgap go$aryn,
Dünýä adamlary döretdi,indem,
Siz bu dünýä dü$ünmegi ba$aryñ.
***
Dünýä her zadyñ öz ýeri bolýar-
Akylly-paýhasly biziñ dünýäde:
Adam suw teýinde gark bolup ölýär,
Balyklar gark bolýar dury howwada!
-
nejepturkmen
13 years ago
- bu dûnyäde yagshy-yaman,bar zadyñ,
Senden sowlup gechmeyänne moncha bol...
-diyen setirlerni harby gulluga baramda blaknotumyn dashyna,gaby geydirilende görünmejek yerine yazyp goyupdum...
Talant.ajaýyp shahyr Gurbannazar Eziz.adyny eshdemde obamyñ güyz'i göz öñüme gelyä...
-
nejepturkmen
13 years ago
- goshgulary paylashanlara sag bolsun aydyan!
-
nejepturkmen
13 years ago
- goshgulary paylashanlara sag bolsun aydyan!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Men ähli sagbolsun aýdanlara-da, şu mowzuga girip okap, hiç zat ýazman gidenlere-de öz minnetdarlygymy bildirýärin! Goşgy ýazan dostlara bolsa aýratyn minnetdar!
-
batyam
13 years ago
- goshgylaryny paylashanyna sagjabol..
-
Camry
13 years ago
- Sagja bol Adgjmptw! Beýik shahyryñ goshgularyndan ýene ýazyp dur, menem Gurbannazar shahyryñ ýanyndan säginip geçip bilýän däldirin! Sag bol ýene-de!
-
nejepturkmen
13 years ago
- säginmän dälmay?
-
makez
13 years ago
- ay sagja bola goshgulan un yazyp dur
-
Maykl
13 years ago
salam adgjmptw! Nesip bolsa dowamynam okaryn, sag boluñ paýlashanyñyz ücin!
Bahbit 13 years ago- Aý sagja bol dost ömriñ uzak bolsun dost