Taryhda diplomatiýanyñ ähmiýeti barada öñdebaryjy syýasatçylaryñ ýazgylarynda saklanyp galypdyr. Gollandiỳaly syỳasatçy Hugo Grotus diplomatiỳany şeỳle beỳan edỳär:”Diplomatiỳa ylalaşyksyzlyklaryň parahatçylykly ỳol bilen çözülmesini üpjün edỳär. Bu çözümiň üç ugry bar: 1. Taraplar arasynda duşuşyklar we gepleşikler. 2. Taraplardan her biriniň bähbitlerini hasaba almak. 3. Bire-bir ỳaryşmak we bije atmak arkaly çözmek. Diplomatik gepleşikler döwletler arasynda närazylyklaryň çozüliş ýoludyr. Dünỳämiziň esasy meselesi hem asudalygy, parahatçylygy saklamakdyr. Bu durnuklylygy döretmek üçin diplomatlaryň üstüne köp işler ỳüklenilỳär. Harold Nikolson hem öz eserlerinde diplomatiỳa hakynda şeýle nygtap geçipdir: ” Diplomatiỳa esasan döwletler arasyndaky düzgünli gürrüňdeşlik alyp barmak ulgamydyr. Diplomatiỳa belli bir syỳasy ulgamy keşp ediji ulgam däl-de, adamlar bilen adamlar, milletler bilen milletler arasyndaky makul bilinen gatnaşyklaryň ỳüz döndürilmejek elementidir. Diplomatiỳa bir topar adamlaryň özlerini başga bir adamlar bilen gatnaşyklarynyň düzgün tertipli çäklerde alyp barmaklygydyr. Eger-de halkara düşmanlyklar öňe gidip başlasa, diplomatiỳa öz aỳratynlygyny ỳitirer we onuň garşysyna başga bir at bilen söweşe döner.” Hakykatdanda bu pikirlerde aỳdyň görkezilişi ỳaly diplomatiỳanyň, şol sanda diplomatlaryň ähmiỳeti örän uludyr.
Diplomatiýa näme?
-
nejepturkmen
13 years ago
- ajaýyp tema!
-
Adgjmptw
13 years ago
-
nejepturkmen
13 years ago
- bet surat ekenay...
Maykl 13 years ago
sagja bol noone, gowyja tema