göçme manysynda köplenç adamlar arasyndaky gatnaşyklar babatda ulanylýan bu aýtgynyň asylky manysy barada awçy akmämmet aga şeýle gürrüň bererdi: — kä ýylyň gyşy gaty agyr gelýár. dünyáni gar basyp, erär ýerde eränok. şeýle doňaklyk uzaga çekse, keýik gäleleri gaçybatalga edinen çagatlygynyň (çagat diýip, giňiş oýtakda tümmek-tümmek bolup ýatan çöplük ýere aýdylýar) otuny-çópüni iýip gutarýarlar, çygyryny çykarýarlar. howa birneme gowşap, garlar eräp, meýdandaky ot-çöpüň üsti ýukalmasa, keýikler örän agyr ýagdaýa düşýär. dünýesiniň düzüw wagty adam görse gaçýandyr weli, ýaňky ýaly ýagdaýda janawerler adamdan dalda gözleýärler. adamlaryň goýna berýän otundan hantama bolup, guýynyň başynda, süriniň tówereginde, ot daşalýan ýollarda düzüm-düzüm bolşup durandyrlar. özlerem şeýle bir gözgyny bolýarlar. uzak-uzak ýollary söküp, çölüň jümmüşinden garly-buzly ýerlerden batyp-çomup gelensoň aýaklary dagam hamy syprylyp, gyzylinjik bolup durandyr. atmaga-tutmaga dagy dözer ýaly däldir. tutaýaňda-da, ondan «agzyň tagam tapjak gümany yok, gaty hor, çala jany bolýar. şeýdip, eňki agan janawerler gaçyran-galdyran ot-çöpüňi iýjek bolup, aýagyňa çolaşyp ýörendirler. dogry yüzüňe seredip durandyrlar. beýle ýagdaýda adam oňa degmeýär. ana, şolam türkmen dilindäki «dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýilýäni bolýar. bir gezek çölde aw edip ýördüm weli, bir keýik kellesini aşak salyp, ujala girip gitdi-de, soňam bärsine bakyp, dogry ýüzüme seretdi-de duruberdi (ýüzugra aýtsak, sähra ýerde edil ýap ýaly uzalyp gidýän oý ýerler bolýar, ana, şoňa «ujal» diýýärler). şeýle ýagdaýda awçy oňa degmeýär. sebäbi ol janawer öz ykbalyny seniň ynsabyña goýýar... çöl haýwany bolsun, dag ýyrtyjysy bolsun, gyssaga düşende ynsanyň belent häsiýetine, ynsaply kalbyna, dözümsiz ýüregine bil baglaýar... şeýle bolanda awuň yşgyna düşüp, kellesi göçen awçam kürtdürip durýar-da, aklyna aýlanyar...göni gözüne seredip duran haýwany öldürmäge ynsaby çatanok. adamlar arasynda-da, bir adam eden işiniň telekdigini boýun alyp, dogry ótünç sorasa ýa-da: «özüň näme etseň edäý, şu şeýle boldy» diýse, mert türkmen onuň günásini geçýándir. şeýle ýagdaýda: «göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen pähime eýerýärler.
Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok
-
Djdawid
13 years ago
- doss gowja erteki tuweleme
-
betyigit
13 years ago
- djdawid dost bu ertekimi?tuweleme ekeningay sena
-
Djdawid
13 years ago
- bilyana senem tuweleme ekenin
-
ADALATLY
13 years ago
- saq bol dost.shu sozu kop eshidyadim yone manysyna
qaty dushunemokdym.yene
bir qezek saq bol.
-
Bahbit
13 years ago
- Awcy atma jereni. Diýip ýalny$masam Rehnet seýidowyñ go$gusam bolmaly.
Awcy atma jereni
onda uly arzu bar
ýadyma dü$medi yzy
jeyn91 13 years ago- hmm dogry aydylan soz