Ene garnynda peýda bolan ekizler başda hiç zatdan habarsyzdylar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň eli aýagy we beýleki agzalary emele gelmip başlapdyr , Olar daş töweregindäki bolup geçýän zatlarada göz ýetirip başlapdyrlar. Bolýan ýerleriniň ýaşaýyş üçin rahat hem howpsuzdygyna göz ýetirip, olar hasam begenipdirler. Öz-aralarynda: „Bu ýer ýaşamaga, gör nähili amatly. Bu ýerde ýaşamak hezil“ – diýip pyşyrdaşypdyrlar. Ulaldygy saýyn olaryň bilesigelijiligi hasam örç alypdyr. Özleriniň ýaşaýan dünýälerini we ýaşaýyşyň çeşmesini agtaryp başlapdyrlar. Şeýdip olar ejeleri bilen özlerini birleşdirýän turbajygyň bardygyna, şol turbajygyň üsti bilen iýmitlenýändigine göz ýetiripdirler. -Ejemiziň mähri çensiz uly eken. Ol bizi şu turbajyk arkaly iýmitlendirýär. Aýlar geçýärdi, ekizler bolsa ulalyp ýoluň ahyryna golaýlap barýardylar. Bolup geçýän üýtgeşiklikleri synlap,olar bu ajap ýeri taşlap gitmeli boljakdyklaryna düşünýärler. 9-njy aýa geçilende „gidişlik“ baradaky duýduryşlar güýjäp ugrady. Bu ýagdaýda howsala düşen ekiziň biri beýlekisine: -„Nämeler bolýar? Bu bolup geçýän zatlaryň manysy näme?“ Ekizleriň beýlekisi giň göwünli hem akylly eken. Üstesine bu ýaşaýan dünýäleri onuň duýgylaryny doly kanagatlandyrmaýan eken. Ol has giň dünýani arzuwlaýan eken. Ol şeýle jogap berýär: -„Bu duýduryşlar biziň bu ýerde mundan artyk ýaşap bilmejekdigimizi görkezýär. Bu dünýädäki ömrümizi paýawlap barýarys“. Jigisi bolsa: -„Meniň gidesim gelenok. Hemişe şu ýerde ýaşasym gelýär”-diýip şumjarypdyr. -“Edip biljek zadymyz ýok. Belkäm, başka bir älemde ýaşaýyşymyzy dowam etdireris.” -“Biziň ýaşaýyşymyzy üpjün edýän turbajyk kesileninden soň biz nädip ýaşarys. Onsoňam, bu ýere bizden öňem gelip giden bar. Daşarky dünýäden welin gaýdyp gelen ýok. Ýok, bu hemme zadyň soňydyr.... Belkem ENE diýen zadam ýokdyr..” -Hökman bolaýmaly. Eger ýok bolsa biz bu ýere nädip düşdük?. Ejemiz ýok bolsa bu ýerde-de ýaşamazdyk. Hökman ejemiz bardyr.
Ýaşaýyş (Uzynrak bolsada gowja hekaýa)
-
myahridjemal
13 years ago
- Mena hayran galdym sozum yok ! Gaty gyzykly ve ovrediji
-
ADALATLY
13 years ago
- Garagozturkmen bu hekaýaň yzam bara onam ýazsana!
-
myahridjemal
13 years ago
- Adalatly a siz nirden bilyaniz yzynyn bardygyny?
-
hajy92
13 years ago
- manyny bet ekeni(diyjek bolyan zady)
-
garagozturkmen
13 years ago
- Hemmäňize minnetdar. Yzyny her kimiň özü pikirlenmeli.
-
yha
13 years ago
- gowy hekaya eken kop sag bol..!!
-
ADALATLY
13 years ago
- Bu hekaýany menem okap gördüm gowy hekaýa.munyň yzy.ol bäbekleriň bir galmak isleýär.beýlekisi dašky dünýa čykmak isleýar.šeýlelikde wagtyň
dolmagy bn olar ýagty jahana gelýärler we bu ýagty jahanýň owadandygyny görüp begenčlerinden aglaýarlar.(čagaň sesini özüňiz bilýäňiz).bu hekaýadan maksat.adamlar o dünýaňi görüp gelmediler šonuň ün ol dünýä garaňky görüp bilerler.aslynda hakyky
musulman adam ün beýle däldir.
-
myahridjemal
13 years ago
- Men manysyna dushundim tanyr yalkasyn :-) men govnumi yykmanjyk jogap bereniniz un!
-
lapocka
13 years ago
- Gaty manyly we tolgundyryjy söz ýok.
-
Toty
13 years ago
- hakykat
Adgjmptw 13 years ago- Berekella, Garagozturkmen!!!
Bu hekaýanyñ şeýlebir täsirlendiriji uly manysy bar eken. Nireden we nähili terjime edenem bolsañ saña ullakan sagbolsun aýdýan. Ýene-de şular ýaly gerekli ýazgylaryñ höwri köp bolsun. Fantaziýa usuly ulanylyp ýazylan bu hekaýanyñ berýän manysy aslynda fantaziýadan örän daşlaşyp hakykat mazmunyny añladýan uly bir manyly meselä öwrülip duruberýär. Umuman örän manyly hekaýa.