YSLAMDA KYNÇYLYK DÖRETMEZLIK BARADA. Enes (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Buşlaň! Ýigrendirmäň (ýagny Yslama ýigrenç döretmäň), Ýeňilleşdiriň! Kynlaşdyrmaň (kynçylyk döretmäň). “ (Buhary). ŞERHI: Şübhesiz Allah (jelle jelaluhu) hiç wagt adama götermejek ýüküni ýüklemez we adamyň kynçylyga uçramagyny islemez. Bu hadysda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) hemme mu'minlere ýüzlenýär. Adamlara dini düşündireňizde, dini berjaý etmekliklerini islaniňizde hemişe ýeňilleşdiriň. Yslam dini aňsat we düşnikli dindir, ony her bir adam berjaý edip biler. Bu dinde adamyň hemme ýagdaýlary üçin ýeňillikler göz öňünde tutulan (ýagny kaza, teýemmum, kefaret, toba we ş.m.). Öňki sahypalarda şerhini beren „Dine üstin geljek bolmaň...“ hadysy bu diniň tebigatyny nähili gowy düşündirýär. Alymlygyň bilen öwünip, takwalygyňy (aslynda ryýalygyňy) göz edip, adamlaryň bilmeýän, düşünmeýän (ylymy ýetmeýän dilinde geplemäň, olara zulum etmäň we gürleseňiz düşnikli gürläň. Edil şolar ýaly her kimden diňe göterjek ýükini talap ediň, agyr amal talap etmäň. Agyr we berjaý edip bolmajak işler adama Yslam dinini ýigrendirýär we daşlaşdyrýar. Köplenç musulmanlar Yslamdaky şu inçeliklere düşünmän haýyr ýerine köp zyýan getirerler, öz hikmetsiz we gödek hereketleri bilen adamlary daşlaşdyrarlar. Mysal üçin ýolbaşçy (emir we alymlaryň) etmeli işlerini ýönekeý (ýaňy dine giren, ylmy pes, takwalygy ösmedik we ş.m.) adamlardan talap ederler. Diýýänleriň köp halatda özleri hem diýýän zatlaryna gabat gelmez (ýagny amallary), emma şonda-da diýip galarlar. Her bir aýtmaly zady ýerinde aýtsaň netije bolýar. Şonuň üçin hem Allah (jelle jelaluhu) bize akyl we ylym beripdir. Musulmanlaryň şu hadys üstinde we özleriniň göýberen ýalňyşlyklary üstinde köp pikir etmeklikleri gerekdir. Sebäbi hut şu ýalňyş düşünje köp adamlary Yslamdan daşlaşdyrdy. Şu döwürde Yslama garşy alynyp barylýan propogandany hem göz öňünde tutsak, onda şu ýalňyş hereketler olaryň peýdasyna boljakdygy görülýär. Adama Yslamy ýigrendirmek aňsat, emma Yslama çekmek, dini söýdirmek, gowy musulman edip ýetişdirmek gaty kyndyr. Şonuň üçin, musulman doganlar, gaýrat edip şu hadys bilen amal etjek bolalyň.
HADYS 17 (onýedinji)
-
Bagyr
13 years ago
- Sag bol Yslam aga yazan we yazyan zatlaryn ucin! Koplenc wagt bolman sag bolsyny aydyp bilemok yone yazdygyn koplenc okayandyryn hemem oz yanymdan minnetdardyryn! Yogsada Yslam siz nacinji yyl nireli su wagt nirede siz su saydyn adminimi!? Eger kyn gormeseniz soraglaryma jogap berayseniz! Gizlin bolsa hokmanam dal ! Yene bir gezek omruk uzak bolsun acan we acyan temalaryn ucin!!))))
-
yslam
13 years ago
- sagbolun! Alla razy bolsun dilegleriniz uchin!
-
Diamond
13 years ago
- Yslam sag bol! Yygyrak yazyp dursana yene, onat yazgy!
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- oran manyly sozler
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
mirasymyz 13 years ago- sagjabol, YSLAM. yslam dinini ýigrendirýänlerem bolýada, gynansakda.