Bu bolan waka. Haçan nirededigin bilemok, haçan eshidenimem yadymda dal, yone çyndygyna welin shubhe yok. ...Goja hamyla gelnini gudalaryna - atasy oyune akitmeli bolupdyr. Natjek, ogul-a ishde, gun batanson dolanjak oye, enelerem oy-ojak ishine mubtela, yuwurjilerem entek çulperak. "Gyssagly gelsin" habaram herna eygilik bolsun weli, derrew yola çykmaly edya. Herna shukur, baryljak menzili dash dal, gonshy oba. O dowurde hazirki yaly ulag-mashyn yok bolarly. Yone haydalyp oturylsa "ha" diyman yetiler ynha. Onkilerem aydyp gidipdir: "Yetishen gyzymy, yuwruk tay atymy, hamyla gelnimi yaman gozden yalnyz Allanyn ozi gorasyn" diyip. Yene bir gep galandyr konelerden: "Entek babege gozi dushmedik gelnini oyden yetmish adim dasha gitjek bolsa ya ari, ya gayynatasy akitsin". Her zamanan oz gorkusy, apaty bar ahbetin. In barkisi, it-gushdan tisginse-de yaman. Ine, obadan çykyberjek wagtlary sahel onden yorap baryan gayynatasy goni alynlaryndan gelyan adama nazary dushenden gelnine yuzlenyar: -Gyzym, gapdala owrul-de, gozuni yumaweri! Gen galsa-da, hiç zada dushunmese-de, yashmakly gelin derrew aydylany edyar. Gapydan zompa çykan neshekesh eken. Gelin hamyla wagty, in esasanam, ash saylayan - agzy bimaza wagty kime gozi dushse, gowredaki babek shona menzarmish diylen yrym bar. Ana, gayynata shonun uchin hem sheydipdir. Pakize gelnin gozi bigane bir yamana - hapa dushmesin diyipdir. Mahek dashy deyin bu yryma-dushunja hiç hili dushundirish gerek daldir, meger. Dine gezip yoren bala-çagasynyn dal, eysem, indi yagty dunya injek neslinin hem ap-arassa bolmagy uçin ahli goze gorunyan-u-gorunmeyan bela-beterin onune berk bowet goyan ejdatlarymyzyn akylyna aperin! Goryanizmi, terbiye-tertip diylen pikir yokdurylmaz edahet-duzgunler bala heniz ene garnyndaka bashlanyan eken. Sonam shol yasha, dushunja, dowre layykly osduriliberilyar. In esasy talap - çaganyn yamana gozunin dushmezligi. Sebabi ak kagyz yaly bala kalbyna kir yoksa, ony son hiç bir narse bilenem yuwup ayryp bolmayar. Eger eydip-beydip ayyrdym edayende-de, hokman tegmilli galyar. Durmushyn ahli yalnyshlyklary-hatalary hem gara tegmillerden doreyar. Omur bolsa adama bir gezek berilyar, "Bolya-lay, indiki gezek dunya gelemde bu yalnyshlyklarymdan, gunamden dash bolaryn" diyip bolanok. Aydylyshy yaly hennam uzyn, omur az. Alladan pay berlen shojagaz omri adam shekilli yashap bolsa! Ana gurrun shunda. Adam shekilli yashamak name? Ona her kimin oz hasiyetine gora bir hili jogap agtarjagy dushnukli. Bizem gownumizdakini diyip galaly shon uçin. Hezreti Magtymgulyda bardyr: Az iygil, az yatgyl, Sozun az etgil - diyen durdane setirler. Gara garnyn uçin dal-de, gara guzeranyn uçin gydyrdanyp, garynjanynky yaly hysyrdyda yormegin lezzetini ayt sen! Ir turup, giç yatyp, bokurdagyna gelyança dal-de, "Shundan kan iysem ishde yaltalygym tutar" edip, gepe dal-de, ishe berlip gezmegin, keypini shony berjay edyanlerden sorap gorun! Ajy derini dokup, suyji lukma iyyanlerin janam sagdyr, ruham. Bir gezek ka-an gary depelan, hennamlaryn shatysyny, ykbal owrumlerinin ajysyny-suyjusini gerdenden geçiren bir adam sheyle diydi: "Ishiginiz kakylanda tisginman açyn. Name "tisginman" diyenimi gen gordunizmi? "Shu gelen gyzyl papaklymyka, ozem meni idap geldimika, dazyrdadyp soraga-sulça akitjekmikaler ya-da?" diyen galpylda gaplanman, "Ay, myhmandyr-la. Nesip etdiginden bisheninden bileje iyeris. Baryny beren uyalmaz" edip, palaw bolmasa çorba bilen gaytararys. Gowun sygan yere hem gowre sygar. Jygalybeg dar çatmasynda kyrk galandara yer tapyp myhmanlapdyr ahbetin" diyip gapyny gin gowun bilen jaranladyp açmak in uly bagtlylykdyr, bilseniz". Irden turup, ak shaherin sergin howasyndan kukregini dolduryp, ishe ya okuwa ugramagyn ya-da gulmeniz çagajygyn eljagazyndan tutup balalar bagyna akitmegin lezzetem omrun in bagtyyar pursatlarydyr. Yalnysh yola dushup gozenekden gozlap gelen biri sheyle diyipdi: "Gardashlar, ynansanyz, in barkisi, turmanin howasam depanden basyp baryan yaly gownune. Erkinlikde dem almagyn bagtyny hiç zada çalshyp bolmaz, shuny berk bilin!" Yene-de bir owrumde kopugoren bir tanshym sheyle pent etdi: "Eshigin yamaly bolsun, yone ynsabyn yamaly bolmasyn, in yamany sholdur". Ine, "adam shekilli yashamak" diylen dushunja dahylly shu gurrun-u-mysallar azajyk ushugi bolany pikirlendirse gerek. In esasy zat, "Eysem, men adam shekilli yashabilyarmikan beri?!" diylen koki çuna gidyan soragy ozune berip gormeli. Shol bir wagtda-da shol soragyn saginsiz jogabyna tayyn bolmaly. Ras shony onarmayarmyn, diymek, durmushynda bir budur-sudurlik bardyr. Her bir adam oz ykbalyny ozi yazyar. Elbetde, bu dunyade kateler ozune bagly bolmadyk betbagtçylygyn, sawligin, yalnyshlygyn bolup biljeginem inkar edip bolmaz. Yone "omur" atly suyji narsanin yollarynda gowy sahypalaram, tersine, yaman sahypalaram oz palin, oz ynsabyn, oz terbiye-tertibin bilen yazylyandygyny hem hergiz unutmak bolmaz.

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir