Säher turup, syl ýüzüñe çagañy, päkligiñde bolup bilseñ $onça bol. Sen sanama gara saçyñ agyny, sen sag-aman öreniñe monça bol. Biz hemmämiz $atlyk üçin doguldyk, $oñ üçinem geçdik, ine, $unça ýol. $at günleriñ köp bolmanna gynanma, $at günleriñ bolanyna monça bol. Goñ$yñy gozgama, göçmesin goñ$yñ, goý, öçmesin, sen ölçerme oduny. Aýaklaryñ ätjek ädimin äder, göreçleriñ görer görjek zadyny. Säher turup, syl ýüzüñe dünýäni, giñligiñde bolup bilseñ $onça bol. Bu dünýäñe mahsus ähli zatlaryñ- senden sowlup geçmeýänne monça bol. Erbet bor, bu baglar geçse deñiñden, bu ýagy$lar seniñ üçin ýagmasa. Bagy ikiýana bulanda tupan, zerur çygy gül ýüzüñe degmese. Gykuwla$yp geçip gitse deñiñden, durnalaryñ ýyllar kimin hatary. Seni gozgamasa beýik ýa$aý$yñ çözülen hem çözülmeli mataly. $oñ üçinem, syl ýüzüñe dünýäni, özüñ hakda, goñ$yñ hakda pikir et. Bu dünýäñe mahsus ähli zatlaryñ, senden sowlup geçmeýänne $ükür et.
"säher turup, syl ýüzüñe çagañy..."
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, history!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Berekella, edebiýat sungatynyñ aşygy Friendship!
-
Friendship
13 years ago
- :-)
-
Friendship
13 years ago
- :-)
-
enesh91
13 years ago
- gurbannazar ezizow beyik ussat. sagbol friend
History 13 years ago- Molodes friendship! Ellerine guller bitsin!