Göroglydan ugraýa saryja awtobus Aý bizem barden bardyk haşlap ylgaşyp Hol awtobus gidýä diýenni eşdip Ylgadyk zordan gapa ilteşdik Dört depgini iýip ortara düşdük Hyryn dykyn bolan dar awtobusda Awtobusuň içi perç bolup doldy 4 adamlyk mesta 10 adam aldy Aý gitjek diýenňe 3 sagat boldy Öldürdinaý bizi dar awtobusda Benziniň ysyndan gözmüz ýaşardy Meň ýaly uzynlaň boýny gyşardy Pakirşkaň däl agam diskäň gyşardy Ýada kastyň bamy sary awtobusda Dişimiz şakyrdap,aýagmyz doňdy Gysylmakdan ýaňa gapyrga syndy Münmegä aňsat däl düşmegem kyndy Ýogsam gitjek däldim dar awtobusda Şopur süräý diýsek diýýä ugradyk Ugradyk diýibem üç sagat durdyk Ugradyk sözüňden biz bogaz boldyk Dogmaga az galdyk dar awtobusda Barymyz gygyrdyk aý inim şopur Sürjek bolsaň süreý bolmasa düşür Ikinji etajyň bar bolsa mündür Bolmasa sür gyrdyň dar awtobusda Şondada şopur närazy borly Aý bolýala diýip ornuna mündü Hudaýa şükür skorta urdy Ahyry ugradyk dar awtobusda Ýeke aýakda barýas turba asylyp Bokurdakdan dem gelenok gysylyp Birinji gurup inwalid bolup Weteranlar barýar dar awtobusda Göroglyň içinden çykmankak uzak Taýagyny somlady Gaýlybaý gazak Gaýiniň müň gezek enesiň agzap Doganny öwdüler dar awtobusda Şopur durmalyda saklansoň gaýi Bardy görüşdi berdi bermeli paýy Göýbermedi ýa az gördi şo daýy Bizem garap durus dar awtobusda Bir ses çykdy yzky otyrgyç tarapdan Tanyş gerekleý ynha şular ýalakda Ynsaply bor şopur bular ýalakda Gerek bilseň inim dar awtobusda Biri diýdi pul diýip halys öljekbi Pul diýseň o dünyäde reýs urjak bi Bermejek taňrydan gaňryp aljakmy Her kim bir zat diýdi dar awtobusda Bir daýza bar eken ýaman zor eken Suwamak boýunça çempiýon eken Türkmende basylgy talant kän eken Talantlar tapyldy dar awtobusda Dek durmak kyn borly obadaş Garly Bir ärsiz geline lak atan borly Onýançada gelin goltugna girdi Ýakasam açyk dur dar awtobusda Menem dek dek soralmamy dymyp dur Diýdim gelin seret süýdüň damyp dur Damsa meňki damýa ýigit dymyp dur Bardyr şo damýandyr dar awtobusda Galystukly birä bizlere käýdem Hany medeniýetli bolalyň diýdem Oňada birzatlar diýläydi öýdýän Soňa zat diýmedi dar awtobusda Son medeniýet hakda gürrüň bolmady Herkim tapanyny ýelmedi durdy Men diýen bagşyňyz Nuryň konserti Şondan gowy däldir adr awtobusda Çekinmek ýok herkim oýünde ýaly Wah aýagym basdyň eý küntü loly Bujagaz gürrüňler bärkidi häli Soňy patrat boldy dar awtobusda Ýarym sagat durdyk äm sämläp pallap Şopur geldi ahyr ýüzüni sallap Lişni gruz diýip ýazdy ştraf Gynandyk hor bolup dar awtobusda Lişni gruzdygy dogryda walla Senden soraldymaý otyr gömülde Köprüden geçýäkçäň daýy diý doňza Hälem şopur eşitmedi dar awtobusda Ylalaşjak boldyk bary boş boldy Gaýa ýalbarmagam bize iş boldy Awtobusyň içi erbet ys boldy Çydadyk mertlerçe dar awtobusda Prawa gidensoň ölüp atasy Şopuryňa daşa degdi paltasy Bir gelniň dökülip çekize haltasy Barymyzy aklady dar awtobusda Gapdalmyzdan şuwlap geçende gazel Waý aýagym diýip gygyrdy Gözel Bilmediňmi jigim münmezden ozal Çümmüklenjegiňi dar awtobusda
Dar awtobusda
-
ADALATLY
13 years ago
- Ozüň düzdiňmi,gowy gošgy eken.
-
magnit
13 years ago
- hehe gowja go$gy! Yöne indi beydip awtobusa munyan barmy))
-
Diamond
13 years ago
- Bah tasin goshgy
-
hakky
13 years ago
- diyipdirler baga barsan badam bar
sanap gorsem 146 adam bar
şonuň üçin meni diňläň adamlar
siz bir münmäweriň dar awtobusa
ondada Göroglydaky sary awtobusa
-
Diamond
13 years ago
- Hakky shu goshgyn aýdymam bar oydyan, yalnyshmasam gitarada-da dinlapdim
-
hakky
13 years ago
- ta ozu
toylarda aytyalar alypbarjylar
-
bella
13 years ago
- Korochi jigim bu tema öñem acylypdy. Shaka acypdy "dar awtobusda". Yylanlydan bir aydymcymy, diktormy shonun duzen gosgusy...
-
bella
13 years ago
- Korochi jigim bu tema öñem acylypdy. Shaka acypdy "dar awtobusda". Yylanlydan bir aydymcymy, diktormy shonun duzen gosgusy...
-
Ayjagash
13 years ago
- Shu goshgy klibem bolmaly. "sary ishan" grupbasy aytyan bolmaly.
-
bmw525
13 years ago
- bet eken oza welin yone name ys boldyka suzman ysymyka
worldmanforever 13 years ago- bet bet