Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary,/ özi bolsa gidip otyr ummana./ indi seni baky dünýeden bäri/ görüp biläýjegim örän gümana. *** ýöne mahal-mahal iñrik garalyp,/ seni ýatlap,oý edemde uzak,ýar./ aza$an ýolagçyñ geýmine girip,/ meniñ söýgim meniñ gapymy kakýar. *** kämil bolup aklym ýetdi bir zada:/ mydam köñül arzuwyna ýetme ýok./ bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,/ ýa$amagam iki gezek berlenok. *** her günüñ-bir ömür,bir uly sene,/ söýgi günleriniñ adaty,ine!
"ýollar aýra salýar ýar bilen ýary..."
-
trabzonlu
13 years ago
- yar dedik yyllarca soydik barabar yyğladyk güldük kadermiş shu hala duştuk gel hakkyny halal eyle
-
Camry
13 years ago
- Sag bol Friendship! Beýik shahyrlarmyzy aram-aram sheýdip ýatlap duralyñ!
-
Melike86
13 years ago
- Salam! Friendship sag bol minnetdar G. Ezizowyn goshgularny nace okasan shoncada manysy artyar.
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bol friendship. Yenede yazyp durun.
Adgjmptw 13 years ago- Gurbannazar Ezizow diýlende güýz pasly, arassa ahlakly söýgi we şeýle az wagtlyk ömründe ägirt uly poýeziýa sungatyny baky goýup giden bir beýik şahsyýet göz öñümde janlanýar. Bu sungat ägirdini ýatlamaklyk maña örän ýakymly degýär. Friendship, berekella, ömrüñ uzak bolsun dost. $eýle ýakymly setirlere ýene-de ýakymly ýatlamalar üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan!