türkmenistanyň daşary işler ministrligi orsýetiň mts kompaniýasynyň hatyna jogap hökmünde resmi beýannama bilen çykyş etdi. türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň beýannamasynda mts kompaniýasynyň türkmenistandaky işini togtatmagynyň sebäplerine, kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyň aýratynlyklaryna we ýurduň inwestision şertlerine aşgabadyň garaýyşlary mälim edildi. mts geçen ýylyň dekabr aýynda türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlaryny togtadypdy we türkmen tarapyndan şikaýat edip, halkara suduna ýüz tutupdy. 3-4-nji fewralda türkmenistanyň singapurda geçiren halkara nebit-gaz konferensiýasynyň öň ýanynda mts bu çärä gatnaşyjylara resmi beýannama bilen ýüzlenip, türkmenistanda biznes şertleriniň howpludygyna ünsi çekdi. muňa jogap hökmünde türkmenistanyň daşary işler ministrligi öz ýaýradan beýnnamasynda mts kompaniýasynyň türkmenistanyň biznes abraýyna kölege salmak synanyşygynyň gelşiksizdigini we siwilizlenen dünýäde ykrar edilen kadalara ters gelýänligini belleýär. mts-iň işinden şikaýatlar türkmen tarapy mts-iň türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün eden döwründe esassyz ýokary bahaly tarifleri ulananlygyny belleýär. üstesine, ägirt uly girdejileri alan mts onuň diňe ujypsyz bölegini türkmen tarapyna berdi diýilýär. şeýle ýagdaý kada laýyk bolmansoň, ylalaşygyň möhleti dolan badyna türkmen tarapy mts-e öňünden duýduryş berip, onuň ýurtdaky işini duruzmak meselesini goýupdy diýip, türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar. beýannamada şeýle-de mts-iň türkmenistandaky işiniň 5 ýyllyk ylalaşyk möhletiniň dolanlygy bilen düşündirildi we bu ylalaşygyň kompaniýanyň türkmenistandaky işini dolandyrmak boýunça esasy dokument bolanlygy bellenildi. mts tarapyndan üpjün edilen aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilinden müşderileriň käbir şikaýatlary hem bar. azatlyk raidosynyň internet sahypasyna okyjylardan gowşan teswirleriň birinde mts-de gprs açylyp, internet tarifine geçilen döwri şertnamada 3 gigabaýtlyk diýlip görkezilen hyzmatlaryň 2 aýdan soň 1 gigabaýta düşürilenligi aýdylýar. emma mts kompaniýasy türkmenistanda işlän döwründe türkmen tarapyndan özüne hiç hili şikaýatlaryň, şol sanda tarifleriň nyrhyna degişli şikaýatlaryň edilmänligini aýdýar. kompaniýa öz lisenziýasynyň türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi we beýleki döwlet edaralary tarapyndan 2010-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, sebäbi düşündirilmezden birtaraplaýyn togtadylanlygyny aýdyp, jedeliň kanun esasynda çözülmegini isleýär. emma mts gepleşikler arkaly ylalaşmak mümkinçilgini-de aradan aýyrman gelýär. daşary ýurt maýa goýujylaryna täsiri mts “türkmenistanyň nebit-gazy 2011” atly halkara ylmy konferensiýanyň gatnaşyjylaryna eden ýüzlenmesiniň sebäbini türkmenistandaky öz negatiw tejribelerini halkara biznes jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmek maksady bilen düşündirdi. bu daşary ýurt kompaniýasynyň türkmenistanyň içerki bazaryndan çykarylmagy bilen bagly wakalaryň ýurduň inwestision abraýyna kölege salýanlygyny käbir synçylar belleýärler. emma moskwadaky syýasy informasiýa merkeziniň başlygy alekseý muhiniň pikirine görä, orsýetiň kompaniýalaryny ýurtdan gysyp çykarmak bilen aşgabat günbatar kompaniýalaryny ýurda çekmek isleýär. “orsýet federasiýasy bilen konfliktli ýagdaý türkmenistany gyzyklandyrýar. sebäbi şeýdip, türkmenistan öz daşary syýasatynyň ugruny üýtgedýänligini we günbatar kompaniýalaryna ýol açýanlygyny görkezmäge çalyşýar. mts bilen konflikte gidip, aşgabat özüniň moskwadan özbaşdaklygyny görkezmek isleýär” diýip, a.muhin aýdýar. orsýet mts-i goldamakçy orsýetiň daşary işler ministrligi mts-iň bähbitleriniň goralmagyny prinsipial wajyp mesele hasap edýär. 7-nji martda ýaýradan resmi beýannamasynda orsýetiň daşary işler ministrligi mts kompaniýasyna mundan beýläk-de zerur ýardamy berjekdigini mälim etdi. türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasyna görä, türkmen tarapy mts-e onuň türkmenistandaky emlägini satyn almak boýunça gepleşikleri geçirmegi teklip edýär. 4-nji fewralda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde türkmenistanyň prezidenti gurbanguly berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer nazarguly şagulyýewe ýurtda döwlete degişli bolmadyk özbaşdak işleýän öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň geljekde azyndan üçüsiniň döredilmelidigi barada görkezme beripdi. bu kompaniýalaryň dünýäniň belli aragatnaşyk kompaniýalary bilen bilelikde döredilmelidigi we onda türkmen kompaniýalarynyň paýynyň 50 göterimden köp bolmalydygy barada prezident wise-premýer n.şagulyýewe beren görkezmesinde aýdypdy.
Mts: çekeleşikler dowam edýär
-
ahmetjan18
13 years ago
- sagja bol dost gyzykly maglumat.
-
Servi
13 years ago
Sposibo za informaciyu!
-
Camry
13 years ago
- Shu wagt orsýetde mts-iñ bir minut jañy näçe sent-ka?
-
Piljagaz
13 years ago
- in arzan tarifi 0.19 rubl yagny turkmen manadyna owurende onki pul bilen 380 manat, taze bilen 0,02 taze tm manady
-
Piljagaz
13 years ago
- bagyshlan 0,027taze manatdan
-
Akiyevbegench
13 years ago
- Meň pikirimçe MTC kompaniýasyny ýurtdan çykaryp dogry etdilermikä diýýän. Sebäbi MTC-de halys düzgin-tertip galmady.
NMG 13 years ago- MTC in sony name bolya ony düşünmedim. Türkmenistanda galyamy yogsa başga operatorlar gelyami?...