Baýyñ biri ýeñsesi gelşikli adamlaryñ ýeñsesine urmagy gowy görýän eken. Bir gün ol bazarda aýlanyp ýörkä, ýeñsesi owadan bir adama gözi düşüpdir, ýöne ol gören adamy daýaw bolansoñ, baryp urmaga-da çekinipdir. Şonuñ üçin ol geçip barýan bir dilegçä:
- Şu adamyñ ýeñsesine bir şapbat ursañ sana bir altyn berjek - diýýär.
Elbetde, gedaý dilegçi bu teklibi höwes bilen kabul edipdir we baragetdin ol adamyñ ýeñsesine şapbat çalýar. Adam näme bolduka diýip ýalt yzyna öwrülýär. Dilegçi:
- Aýyplaşma, agam. Men seni öz Ahmet agama meñzetdim - diýipdir.
Bu ýagdaý baýyñ göwnüne ýarapdyr. Ol dilegçiñ bir altyn teññesini berip:
- Ýene bir şapbat ursañ iki altyn berjek - diýýär.
Dilegçu baryp ýene urýar. Adam näme bolýandygyny soramanka-da:
- Agam, aýyplaşma. Men seni pylan kişä meñzetdim, ýalñyşlyk bilen bolan zat - diýýär.
Bu ýagdaýa göhi göterilen baý dilegçä üçünji şalbadyny çalmagy üçin bu gezek bäş altyn teññe teklip edýär. Dilegçi alaçsyz kabul edýär. Üçünji şapbady iýen adam yzyna öwrülip:
- Äl-aýt durar ýerde durmadyñ-aý, bu gezek kime meñzetdiñ? - diýipdir.
Dilegçi biraz utanyp, birazam boýnuny burup jogap beripdir:
- Agam, sende bu ýeñse, bul adamda bu altyn teññeler, mende-de bu garyplyk barka, men seniñ ýeñsäñe entek kän-kän şapbatlary gonduraryn!
Çeşme: http://kitapcy.com/news/dilegcinin_sapbady/2022-03-27-20022
Dilegçiniñ şapbady
-
Manikarnika
2 years ago
- men birzat hayyş edipdim jorka
Jeksparro 2 years ago- :-D hahahaaaaaa