Ebjet harplaryna deň gelen sanlary esas almak şerti bilen haýsydyr bir taryhy wakalaryň ýa-da birden köp sözleriň, mysra ýa-da goşgyda yzarlap tapmak adaty gadym döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Muňa jümleleriň hasaby hem diýilýändigini gadymy arap kitaplary habar berýär.
Harplaryň ebjet hasabyna görä sanlary şeýle okamaly: Elif -1; bi -2; jim -3 ; dal - 4; he - 5 ; waw - 6; ze - 7; ha - 8; ti - 9 iýä 10; käf - 20; lam - 30; mim - 40; nun - 50; Sin 60; aýn - 70; fiý - 80; sat 90; kaf - 100; re - 200; şin - 300; te 400; si - 500; yhy - 600; zi - 700; zat - 800; zoý - 900; gaýn - 1000.
Ebjet hasaby taryhlarynda hemişe hijri kalendary ýyl hasaby ulanylýar.
@Jeksparro
Ebjet hasaby
-
Khanture
2 years ago
- *Gematria
-
Jeksparro
2 years ago
- @Khanture, ol şifreli ýaly bir zat dälmi?
-
Khanture
2 years ago
- Hawwa
-
Barbary
2 years ago
- Şu hasaby öňüräk ýat tutdym welin hem ulanyp ýa gaýtalap ýörmeseň ýene ýatdan çykyp gidýän ekeni.
-
Jeksparro
2 years ago
- @Barbary, hasap bileňokmy, ikilikçimi sen? 🤣🤣🤣🤣
-
Barbary
2 years ago
- Jeksparro,ýokarky goýan mogzugyňy okap görmänsiň öýdýän,şonda aýdylýa arap harplaň hersi aýratyn sany aňladýar diýýä, şol barada aýdýan 🤔
Khanture 2 years ago- Ebjet hasaby vs Gametria