1. 100 000 (ýüz müň) dollarlyk kagyz pul 1934 nji ýylda çykarylýar.
2. Dollara reklama ýerleşdirmeklige 2004 nji ýyly rugsat berilýär.
3. Häzir 500 ýewrolyk kagyz pul dünýädäki iň meşhur banknot hasaplanýar.
4. 1 mln dollar diňe ýüzlüklerden ybarat bolsa,10 kg agyrlykda bolýar.(Barlap gördüm şuny☺️)
5. Kagyz pul ilkinji gezek 1788 nji ýylda Oliwer Pollok tarapyndan oýlanyp tapylýar.
6. Amerikada dollaryň ýüzüne diri adamyň suratyny goýmak gadagan.
7. Bir sany kagyz pulda ýüz millionlap mikroplar ýaşaýar.
8. Şwesiýaň mis teňňeleri dünýäde iň agyr teňňeler hasaplanýar.
9. Iň agyr teňňe Ýekaterina l döwründe çykarylýar. Ol 18* 18 sm göwrüme, 5 mm galyňlyga eýedi. Bu teňňe 1725-1726 ýyllarda çykarylýar we onuň agramy 1,6 kg bolýar.
10. Eger 1 sentlik teňňeden ybarat 1mln dollar terezä goýulsa onuň agramy 246 tonna bolýar.
11. Amerikaň kagyz pulunyň 75 göterimi pagtadandyr.
12. Gadymy Gresiýada birinden pul karz alan adam karzyny töleýänçä boýnuna ýörüte tabliçka asmaga borçly eken.
13. Dünýä boýunça hasaplananda, baý adamlar ortaça 60 ýyl ýaşaýarlar.
14. Dünýä ýüzi boýunça plastik kartoçkalar 1949 njy ýyly dolanşyga girýär.
15. Saudiýa Arabystanynda şeýle bank bar. Bu bankda diňe aýallar işleýär.
16. 1748 nji ýyly Lomonosow özüne berilen 2000 rubl pul baýragyny öýüne akitmek üçin tutuş bir araba gerek bolupdyr.
17. Peruda ýasama pul ýasap ele düşenler,türmede-de ýasama pul ýasaýarlar.
18. Alýaskada 19 njy asyryň başynda puly deriden ýasapdyrlar.
19. 16 njy asyrda Wenesiýa puly «gazeta» diýip atlandyrylypdyr.
20. Birwagtlar pulyň ýerine guradylan balyk,kakao dänesi we çaý dolanşykda bolan.
21. Ilkinji bankomat 1937 nji ýylda ýasalýar.
22. Gadym döwür Birma'da pul hökmünde duz ulanylypdyr.
23. 1999 njy ýylda Ruminiýada teňňeler polimerden ýasalypdyr.
****
-
Mr. Wunderkind
2 years ago
- Tasin hemem gyzykly ekeni 👍
-
Jeksparro
2 years ago
- ''Häsini'' beräýmeli maglumatlar eken...
kitap.clan.su 2 years ago- 2015-nji ýylda 2 hepde Parižda bolup görmek nesip etdi. Ana şonda 500 ýewrany böldürjek boldyk baňka bardyk, supermarketler beýle uly puly alanok ekenler. Parižiň içindäki baňklar hem bize aýraportdaky baňka gitmegi maslahat berdiler, görüp otursak 500 ýewrany diňe aýraportda bölüp bolýan eken. Aýrapoyrtdaky baňka 500 ýewrany ertemizde, baňkyň işgärleriniň barsy 500 ýewra bilen surata düşdüler, sbäbi ömründe birinji gezek görýän ekenler 500 ýewrany, soň 500 ýewrany ýörüte kanwerta salyp bir ýerik ugratdylar we bize ownuk ýewra berdiler. 500 ýewrany bize aşgabatda fransuz firma kamondrowka pul diýip berende gaýts gaýta ötünç sorady. Biz bolsa hiç zada düşünmedik, görüp otursak fransiýada 500 ýewrany böldürme problema eken.